Ysraýyl-Hizbullah çaknyşygy Ýakyn Gündogary ýene-de bir gezek urşuň bosagasyna getirdi

Hepdänin syny

2159808
Ysraýyl-Hizbullah çaknyşygy Ýakyn Gündogary ýene-de bir gezek urşuň bosagasyna getirdi

Ysraýyl-Hizbullah çaknyşygy Ýakyn Gündogary ýene-de bir gezek doly göwrümli urşuň bosagasyna getirdi. Palestina-Ysraýyl çaknyşygynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda gaýtadan başlamagyndan bäri Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky serhet, harby çaknyşyklaryň merkezine öwrüldi. Hizbullah, Ysraýylyň Gazadaky urşuna, Ysraýylyň harby pozisiýalaryna guraýan hüjümlerini güýçlendirmek arkaly garşylyk görkezdi. Ysraýyl bolsa Günorta Liwandaky Hizbullaha degişli infrastruktura artilleriýa we howa hüjümlerini gurady. Netijede hem Ysraýyl hem-de Liwan tarapyndan ýüzlerçe müň adam öýlerini terk etmage mejbur boldy.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Eýran faktory

Ýüze çykmagy ähtimal çaknyşykda ilkinji we esasy strategik faktor Eýranyň Hizbullaha garşy urşa bolan çemeleşmesidir. Eýranyň Hizbullaha bolan çemeleşmesi Hamasyňkydan tapawutly. Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasyndaky haýsydyr bir dartgynlyk, Eýran-Ysraýyl harby dartgynlygy üçin has uly täsire eýe bolar. Eýran soňky ýyllarda Hizbullaha maliýe kömegini, döwrebap ýaraglary hem-de tälim goldawyny berip, harby ukybyny artdyrdy. Eýran Hizbullahy Ýakyn Gündogardaky “Göreş toparynyň” esasy agazasy hökmünde kabul edýär.

Hizbullahyň harby ukyby

Hizbullahyň harby ukyby Ysraýylyň üns bermeli faktorlaryndan biri. Hizbullah siriýadaky içerki urşa goşulmagyndan soň harby ukybyny güýçlendirdi. Ol, Hizbullaha hem uruş meýdany tejribesini hem-de döwrebap ýaraglary gazandyryp, sebitde esasy güýçlerden birine öwürdi.

Hizbullah, Siriýa çaknyşygynda we ondan soň ok-däri ätiýajyny hem artdyrdy. Toparyň, esasan Eýran tarapyndan berilen döwrebap ýaraglara elýeterliligi hüjüm hem-de goranyş ukybyny ýokarlandyrdy. Hizbullahyň gysga aralyk, orta aralyk we uzak aralyk üçin niýetlenen ýarag ulgamlary bilen onlarça raketa eýedigi çaklanylýar.

Hizbullahyň ammarynda döwrebap zenit ulgamlary we gönükdirilýan zenit raketalary hem bar. Topar, göçme howa goranyş ulgamlary we Kornet ýaly ýokary antitank ulgamlaryny alyp, Ysraýylyň sowutly ulaglaryna we uçarlaryna garşy durma ukybyny kämilleşdirdi. Mundan başgada Hizbullah barlag we hüjüm üçin peýdalanylýan dürli uçarmansyz howa ulaglary bilen güýçli dron ukybyny ösdürdi.

Hizbullahyň harby ukyby 7-nji oktýabrdan bäri Eýranyň Hizbullaha beren harby goldawynyň artmagyna laýyklykda-da seljerilmeli. Mediada çykan habarlara görä Eýranyň “Fateh-110” gysga aralykly ballistiki raketalary, M-660, “Falak” raketalary, rus önümi “Kornet” we täze öndürilen “Burkan” raketa ulgamlary bilen bilelikde Hizbullaha ugradyldy.

Sebitleýin, halkara dinamikalar

Ysraýylyň Hizbullaha garşy söweşi sebitleýin çaknyşygy ardyryp, Ysraýylyň we ýaranlarynyň ýitgilerini agyrlaşdyrar. Şol sebäpli Ysraýyl-Hizbullah çaknyşygynyň dowamy dürli görnüşlerde bolup, olaryň her biri möhüm geosyýasy netijeleri ýüze çykarar we sebitde haotik döwrüň başlamagyna sebäp bolup biler.

Çaknyşyk doly göwrümli urşa öwrülen halatynda Liwanda agyr ýagdaýyň, ykdysady we syýasy durnuksyzlygyň ýüze çykmagy ähtimaldyr. Eýranyň goşulmagy, esasanda Raisiden soňky döwürde Eýranyň syýasatyndaky näbellilikler göz öňünde tutulanda has uly sebitleýin çaknyşyklara sebäp bolar. Siriýa we Yrak ýaly onsuz hem ynjyk bolan ýurtlar hasam durnuksyzlaşar.

Ortaýer deňizi sebitindäki durnuklylyga hem howp abanýar. Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah “Duşman, Ortaýer deňizinde özüne garaşýan zadyň  iňňän möhümdigini bilýär” diýdi. Nasrallah Kipriň grek böleginiň hökümetine duşmanyň Liwany nyşana almagy üçin howa menzillerini hem-de harby bazalaryny açmagynyň urşa goşulmagy manysyny aňladýandygy duýdurylmalydyr” diýdi. Kipr adasynyň ähmiýeti Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ysraýylyň adadaky harby we howpsuzlyk bilen bagly işlerini tankyt etmegi sebäpli Türkiýe üçin hem uly howpsuzlyk aladasy. Şol sebäpli Ysraýylyň Hizbullaha garşy urşy sebitdäki ýurtlar üçin alada döreder we ÝB hem çaknyşyklaryň tarapy bolar.

Ikinjiden; Hizbullaha garşy uruş, Hizbullahyň harby ukyby  sebäpli sebitdäki deňiz howpsuzlygyny  ejizleder. Husileriň 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri deňiz howpsuzlygyny nähili durnuksyzlaşdyrandygy göz önünde tutulanda, Hizbullahyň Ortaýer deňizini durnuksyzlaşdyrmak üçin has uly potensialy bar. Gündogar Ortaýer deňizindäki energetika geosyýasatynyň dinamikalary göz öňünde tutulanda Hizbullaha doly göwrümli Ysraýyl hüjümi täze dartgynlyklary ýany bilen alyp geler we energiýa üpjünçiligine hem-de energiýa bazarlaryna ýaramaz täsir ýetirer.

Ysraýyl Gazada edýän genosidi we içinden çykyp bilmeýän çökgünligi sebäpli bütin sebitiň durnuklylygyna howp salýan ýurda öwrüldi. Günbatar ýurtlarynyň esasanda Baýdeniň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň şol howpy görmediksiremegi, öňü alynmasy kyn çaknyşyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolar. Ysraýyly togtatmagyň ýeke-täk ýoly, ony rasional döwlet jogapkärçiligine gaýtaryp getirmek we Gazadaky aksiýalaryndan jogapkär saýmakdyr.


Etiketkalar: #söweş , #Ysraýyl , #Hizbullah

Degişli Habarlar