Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar

Ýewraziýa syn

2159800
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar

2024-nji ýylyň 23-26-njy iýunynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuh Özbegistana ilkinji döwlet saparyny gurady. Daşkent şäherinde iki ýurduň prezidentleri özara we toparara duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklaryň netijesinde Özbegistan bilen Mongoliýanyň arasynda 14 ylalaşyga gol çekildi. Saparyň çäginde Mongoliýanyň Daşkentdäki Ilçihanasy dabara bilen açyldy. Prezidentler iki ýurduň öňdebaryjy işewürleri bilen maslahat geçirdi we Daşkentde ýerleşýän Tehnoparka baryp gördüler.

24-25-nji iýunda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Belgiýa Şalygyna iş saparyny gurady. Prezident Sadyr Japarow Brýusselde Belgiýanyň Şasy Filipp we ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklardan soň Gyrgyzstan bilen ÝB-niň arasynda Giňeldilen ýaranlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 25-nji iýunda Maltanyň Daşary işler, söwda we ÝB ministri Ian Borgy kabul etdi. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy bolan Borg, Prezident Tokaýew bilen geçiren duşuşygynda Gazagystan-ÝB, Gazagystan-Malta hyzmatdaşlyk ugurlary hakynda pikir alyşdy.

Maltanyň Daşary işler, söwda we ÝB ministri Ian Borg 27-nji iýunda Bişkekde Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda serhet meseleleri, halkara jenaýatçylyga garşy göreş, elektron söwda ýaly meselelere garaldy.

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow 28-nji iýunda Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Duşuşykda Türki döwletleriň guramasynyň işleri, Azderbaýjanda geçiriljek resmi däl sammit hakynda pikir alyşyldy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 30-njy iýun bilen 7-nji iýulyň aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar eder. Baş sekretar ilki Özbegistana bardy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Guterrişi kabul etdi. Baş sekreter Guterriş 4-nji iýulda Gazagystanda geçiriljek Şanhan hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine hem gatnaşdy

2024-nji ýylyň 26-27-nji iýuny aralygynda Türkiýäniň Goranmak ministri Ýaşar Güler Türkmenistana we Özbegistana sapar etdi. Ministr Ýaşar Güler türkmen kärdeşi Begenç Gündogdyýew we özbek kärdeşi Bahadyr Kurbanow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ministr Güleri kabul etdi. Duşuşyklarda sebitleýin howpsuzlyk, harby-tehniki hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 26-njy iýunda Italiýanyň Goranmak ministri Guido Krosettony kabul etdi. Duşuşykda goranyş senagaty pudagynda iki ýurduň arasynda ösýän hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşyldy. Prezident Aliýew Italiýada öndürilip, Azerbaýjana gowşurylan “J-27J Spartan” kysymly harby uçar bilen tanyş boldy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 28-nji iýunda Milli Mejlisi bes edip, möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi hakynda karar kabul etdi. Parlament saýlawlary 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiriler.

 



Degişli Habarlar