Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasyndaky çaknyşyklar

Hepdänin syn

2157200
Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasyndaky çaknyşyklar

7-nji oktýabrda Gazada başlan çaknyşyklardan şu günki güne çenli Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasynda-da çaknyşyklarda başdan geçirilýän hem bolsa, Gazanyň tersine çaknyşyklar has gözegçilikli dowam etdi. Emma soňky hepdelerde demirgazyk liniýasynyň günsaýyn dartgynlaşmaga başlangyny we doly göwrümli uruş howpunyň günsaýyn duýulmaga başlandygy görülýär. Hem ysraýylly resmiler hem-de Hizbullahyň liderleriniň egilşiksiz beýanatlary we çemeleşmeleri bu şertleri ýüze çykardy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

7-nji oktýabrda Hamasyň Ysraýyla garşy başladan garaşylmadyk harby operasiýasy we soň Ysraýylyň genoside baryp ýeten hüjümlerinde ünsler Hizbullaha gönügipdi. Liwanyň günortasyna de-fakto görnüşde gözegçilik edýän şaýy syýasy we harby güýç bolan Hizbullah, Eýranyň söweşjeň böleginde ýerleşýän gurama. Ozalam ençeme gezek Ysraýyl bilen çaknyşan Hizbullah, soňky gezek 2006-njy ýylda Ysraýyl bilen uly göwrümli çaknyşdy we Ysraýyla agyr zarba urupdy. Hizbullah birnäçe wagt ozal Ysraýylyň Haýfa şäherinde strategik ýerleri görkezýän wideo ýazgy ýaýradypdy. Barlag dronlaryndan peýdalanyp, howa giňişliginde radarlara düşmän alynan bu ýazgylar, aslyna garalanda Hizbullahyň Ysraýylyň esasy pozisiýalaryny ýok edip biljekdigini aňladýan abaý-syýasatdy.

Hizbullahyň Ysraýyla garşy berk pozisiýasy we Gazada guralmagy ähtimal guryýer operasiýasyna garşy Ysraýyla uruş yglan etjekdigini beýan etmegi ozalam dürli garaýyşlaryň beýan edilmegine sebäp bolupdy. Emma Hizbullah Ysraýyla has gözegçilikli hüjüm etmegi saýlap alypdy. Şeýle hem bolsa Ysraýyla ýitgi çekdiren, sebitden ýüz müňden gowrak ysraýyllynyň düşelgelere göçmegine sebäp bolan çakynyşyklar başdan geçirilýärdi. Ol soňky birnäçe hepdä çenli şeýledi… Soňky döwürde Hizbullahyň hüjümleriniň has güýçli we çylşyrymly ýarag ulgamlary bilen üpjündigini gördük. Belkem “Söweşjeň ugur” we Hizbullah üçin herekete geçmegiň wagty gelendir!

Netanýaha hem demirgazyk frontunda bir zatlar etmegi üçin uly gysyş edilýär. Netanýahunyň Hizbullahy el çekdirjek, güýçli bombardymanlaryň ýany bilen Hizbullahy Ysraýylyň demirgazyk tarapyndan saplajak, Litani derýasynyň demirgazygyna çenli serpikdirtjek guryýer operasiýasyny meýilleşdirýändigi çaklanylýar. Ysraýylyň demirgazyk frontundaky maksady Hizbullahyň Litani derýasynyň demirgazygyna tarap çekilmegini ýola goýmakdan ybarat. Ysraýylyň goşuny ol ýerde ara zolak döretmek isleýär. Emma Hizbullahyň asimmetrik güýç hökmünde uzak ýyllardan bäri urşa taýýarlyk görendigi, elinde onlarça müň dürli görnüşli raketanyň hem-de kamikaze ulgamyň bardygy ýatdan çykarylmaly däl. Ysraýylyň Gazada henize çenli Hamasyň garşylygyny ortadan aýyryp bilmändigi göz öňünde tutulanda, demirgazykda üstünlik gazanjakdygyny pikir etmek aşa hoşniýetlilik bolsa gerek.

Elbetde ABŞ-nyň durnuksyz çemeleşmesiniň dowam edýändigi ýatdan çykarylmaly däl. Bir tarapdan Ysraýyla harby goldaw bermäge dowam edýän bolsa, beýleki tarapdan gerimi giňemegi ähtimal görünýän Ysraýyl-Hizbullah söweşini islemeýär we taraplary ondan el çekdirmäge çalyşýar. Emma ABŞ-daky sionist güýçleriň Ak Tamyň Netanýaha çynlakaý gysyş etmeginiň öňüni alýandygyny aýtmak ýalňyş bolmaz. Şeýlelikde doly göwrümli uruş boljak bolsa, ABŞ-nyň onuň öňüni almaga ýetjek ygtyýarynyň bardygyny aýtmak mümkin däl.


Etiketkalar: #çaknyşyk , #Ysraýyl , #Hamas

Degişli Habarlar