Ysraýylyň ýiten kanunylygy

Hepdäniň Syny

2150210
Ysraýylyň ýiten kanunylygy

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri arakesmesiz ýagdaýda dowam etmek bilen birlikde, Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet taryhynda görülip eşidilmedik derejede täze bir izolýasiýa tapgyryna girýär. Baýdeniň ýolbaşçylyk etmegindäki dolanşyk we Ýewropanyň birnäçe ýurdy diýmeseň Ysraýylyň genosid syýasatlaryna açyk ýagdaýda goldaw berýän ýurt galmady. Ysraýyl global we sebitleýin derejede sözüň doly manysynda ýalňyzlaşýar we bu ýagdaý Ysraýyly howpsuz ýagdaýa eltmeýär. 7-nji oktýabrdan soň howpsuzlygy üçin 70 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat 40 müňden gowrak adamy gyran Ysraýyl, özüniň sebäp bolan netijeler bilen ýüzbe ýüz galmaga mejbur galjak täze bir tapgyra girýär. Bu tapgyr diňe Ysraýyl döwleti taýdan däl, eýsem jöhit jemgyýeti üçin hem çuňňur howpsuzlyk krizisini alamatlandyrýar. Eger Netanýahunyň ýolbaşçylyk etemgindäki hökümet Gazada wagşyçylygyny dowam etdirse, Ysraýylyň howpsyzlyk krizisiniň bejerilmegi mümkin däl ýagdaýa geler we Ysraýyl döwletiniň barlygy bilen bagly wajyp bir mesele ýüze çykar.

Indi bolsa SETA-nyň Howpsuzlyk boýunça ylmy-barlag guramasynyň müdüri Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň şu günki tema bilen bagly synyny dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

7-nji oktýabrdan soň Ysraýylyň kanuny esaslary düýbünden ýok boldy. Ysraýyl diňe bir basyp alyjy güýç bolman, eýsem Halkara Kazyýetinde genosid şübhelisi hökmünde garalýan, ýolbaşçylaryna Halkara Jenaýat Kazyýeti tarapyndan tussag edilmegi buýruk berilen we halkara guramalarynda we halkara diplomatiýa derejesinde izolirlenen döwlet ýagdaýyndadyr. Bu ýalňyzlyk we izolýasiýa ýagdaýy iki möhüm netijäni berýär. Kanunylygyny ýitirmek we howpsuzlyk krizisini çuňlaşdyrmak.

Ysraýylyň howpsuzlyk krizisini çuňlaşdyrýan we ony barlyk meselesine öwürýän ilkinji mesele, Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň Gazada ýaşaýan palestinalylara garşy genosid, uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlardan ybarat wagşyçylykly amallarydyr. Bu ýagdaýda Ysraýyl Gazada adaty söweş alyp barmaýar. Hatda 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň Gazada edenlerini uruş diýip kesgitlemek hem mümkin däl. Ysraýylyň goşunynyň nyşanasy astynda aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat asuda ilat bar. Hökümet hökmünde ulanýan ähli usullary özüni goramak hukugynyň çäginiň gyzyl çyzygyny ozaldan geçdi, bilkastlaýyn ýagdaýda kesgitli bir etniki we dini jemgyýeti meýilli ýagdaýda ýok etmek maksadyna ýetdi. Soňky gezek bolsa Ysraýylyň howpsuz zolak hökmünde aýdan Rafah şäherinde asuda ilatyň wagtlaýyn häsýetde galýan ýaşaýyş ýerlerini nyşana alyp hüjüm guramagy, sözüň doly manysynda halkara hukuk taýdan bilkasatlaýyn we meýletin edilen bir hereketdir. Ysraýyl 7-nji oktýabrdan bäri amala aşyrýan harby operasiýa kontekstinde Ysraýylyň hökümedi uruş jenaýatlary, genosid we adamzada garşy jenaýatlary emele getirýän köp hereket etdi.

Şol hereketleri sebäpli Ysraýylyň halkara hukuk frontundaky kanunylygy çuňňur krizise sezewar boldy. Günorta Afrika tarapyndan Halkara Kazyýetde gozgalan genosid delosy bilen baglanyşykly aýyplamalar Ysraýyly genosid döwleti ýagdaýyna ýerleşdirdi. Kazyýetiň kabul etjek kararynyň netijesinde garaşsyz ýagdaýda Ysraýylyň Gazadaky genosidi öz taryhy fantastikalary bilen guran döwlet şahsyýetiniň hem global gürrüňlerini bozdy. Halkara Kazyýetiň genosid bilen bagly delosyna goşmaça ýagdaýda bolsa Halkara jenaýat kazyýetiniň ysraýylly resmiler bilen baglanşykly tussag edilmek we kazyýetiň öňüne çykmaklary baradaky kararyndaky jedelleşikler hem, şoňa meňzeş ýagdaýda Ysraýylyň halkara hukuk frontynda sezewar galan başga bir uly meseledir. Şol karar bilen bilelikde Ysraýyl hem BMG-da hem-de BMG-nyň daşynda iki kazyýet tapgyryna sezewar bolmagy, halkara hukuk esasyndaky kanunylyk krizisi çuňlaşdy.

Ysraýylyň kanunylyk krizisi diňe amala aşyrylan aksiýalary sebäpli halkara hukuk esasynda bikanun genosid edýän bir režim bolmak günäkärlemesine sezewar galmagy bilen çäkli däldir. Global we sebitleýin derejede Ysraýyyl diplomatik ýagdaýda izolirlenen bir döwlete öwrüldi. 7-nji oktýabrdan ozal sebitleýin ýalňyzlygyny Ybraýym ylalaşyklarynyň kömegi bilen hötdesinden gelmek islesede, 7-nji oktýabrdan soň, sebitleýin kadalaşma bes edildi, Ysraýyl ýaňadandan diplomatik ýagdaýda izolirlendi. Bu döwürde köp döwlet Ysraýyl bilen gatnaşyklaryna täzeden garady we Palestina we iki döwletli çözgüdi goldap başlady. Soňky gezek bolsa Ispaniýa, Irlandiýa we Norwegiýa döwletleri tarapyndan Palestina döwletiniň resmi taýdan ykrar edilmegi Ysraýylyň diplomatik frontda ýeňilendigini görkezýän açyk aýdyň görkezijileriniň biri boldy. Şeýlelikde, Palestinany ykrar edýän ýurtlaryň sany 142-e ýetdi.

 Ysraýylyň diplomatik frontda ýalňyzlygynyň ýene bir ugry hem halkara guramalarynyň ölçegi. BMG başda bolmak bilen Ysraýyl ençeme halkara gurama tarapyndan amallary tankyt edilen bir döwlete öwrüldi. BMG-nyň baş geňeşinde Palestinanyň synçy statusyny üýtgedýän täze bir karar kabul edilmegi, şol nukdaýnazardan Ysraýylyň syýasatlaryna garşy edilen ynkylapçy bir ädimdir. Howpsuzlyk geňeşinde karar entek kabul edilmesede, simwoliki taýdan Ysraýylyň Gazada alyp barýan bikanun eden-etdilikleriniň bir netijesi hökmünde ýüze çykdy. Ençeme sebitleýin gurama hem Ysraýylyň Gazada edýän harby jenaýatlaryny we genosid amallaryny gün tertibine getirdi we Ysraýyla garşy berk reaksiýalar eýelediler.  

Halkara hukuk frontynda kanunylygy, halkara syýasat frontynda diplomatik ýagdaýda kanunylygy ýiten Ysraýyl, global adamzadyň wyždanynda kanunylygy dolulygyna ortadan aýryldy. ABŞ başda bolmak bilen Ýewropa ýurtlarynyň paýtagt şäherlerinde we dünýäniň ençeme ýurdunda Ysraýyl Gazada alyp barýan genosid sebäpli protest edilýär, Ysraýyla goldaw berýän ençeme kärhana hem boýkot edilýär. ABŞ-nyň uniwersitetlerinde başdan geçirilen goşa standart azatlykçy gurşawy, Ysraýylyň peýdasyna çäklendirmäge synanyşsada, Ýewropanyň we ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goldawy ýazgaryldy. Bu demonstrasiýa tolkuny, soňky 20 ýylda başdan geçirilen iň giňişleýin protestleriň biri bolany üçin diýseň möhümdir.

Netijede Ysraýylyň çuňňur kanuny krizisiň içindedigi görülýär. Bu krizis hem kanuny derejede hem halkara diplomatiýa derejesinde hem-de global adamzat wyždany derejesinde başdan geçirilýär. Ysraýylyň bu kanunylygyny yzyna alyp bilmegi örän kyndyr, sebäbi Gazada alyp barýan genosid syýasatlaryny adamzadyň aňyndan hiç wagt aýyryp bolmaz. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar