Günorta Kawkazyň Günortasynda Wakalar

Günorta Kawkazyň Günortasynda Wakalar

1958186
Günorta Kawkazyň Günortasynda Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Günorta Kawkazyň günortasynda başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.

Geçen hepde Günorta Kawkazda ýerleşýän respublikalarda möhüm sammit we ýokary derejeli saparlar guraldy. Geliň şolara syýasy taýdan ser salalyň.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kawbul etdi. Duşuşykda özara gatnaşyklaryň degişli ugurlary, sebitleýin hyzmatdaşlyk we meseleler seljerildi. Sergeý Lawrow iki gün dowam eden Bakuwa guran saparynyň çäginde azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen giňişleýin pikir alyşdy.

Russiýanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri üstümizdäki aýyň 3-de Hindistanda duşuşdylar. Ararat Mirzoýan bilen Sergeý Lawrowuň arasynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjan-Ermenistan ýaraşyk tapgyry hakynda pikir alyşyldy. Ermenistanyň soňky döwürde Hindistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmegi ünsleri çekýär.

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Germaniýa iş saparyny gurady. Paşinýan Berlinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Kärdeşler duşuşykdan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi. Premýer-ministri Nikol Paşinýan 3-nji martda Germaniýanyň Prezidenti Frank –Uolter Şteýmaýer bilen duşuşdy. Ermenistanyň Premýer ministri Germaniýanyň Mejlisinde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş etdi. Paşinýan Germaniýada beren beýannamasynda Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýändiklerini ýene-de bir gezek beýan etdi.

Russiýanyň raýatlygyndan çykyp, Garabaga gelen we ýerli dolanşygyň premýer-ministri bolan Ruben Wardanýan Azerbaýjanyň gysyşlary netijesinde wezipeden çekilmeli boldy. Umuman Garabagdaky ýagdaý Russiýa bilen günbataryň arasynda çekeleşiklere sebäp bolýar. Russiýa ÝB-niň Garabaga ugradan synçylaryndan biynjalyk. Dekabr aýynda üçtaraply (Russiýa-Azerbaýjan-Ermenistan) maslahatyň Ermenistan tarapyndan bes edilmegi, Premýer-ministr Paşinýanyň Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň sammitiniň jemleýji jarnamasyna gol goýmazlygy, guramanyň 2023-nji ýylda Ermenistanda geçirjek harby türgenleşigini bes etmegi ýaly wakalar Russiýa-Ermenistan gatnaşyklarynyň soňky döwürde islenýän derejede däldigini görkezýär.

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Bakuda Goşulyşmazlyk hereketiniň Kowid-19-a garşy göreş boýunça aragatnaşyk toparynyň sammiti geçirildi. Sammite Bosniýa-Gersegowinanyň, Yragyň, Liwiýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri, Kubanyň, Gabonuň, Tanzaniýanyň prezidentleriniň orunbasarlary, Alžiriň we Keniýanyň permýer-ministrleri, BMG, Türki döwletleriň guramasy ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, jemi 70 ýurtdan wekiller gatnaşdylar. Sammitiň ahyrynda Baku Jarnamasy kabul edildi. Sammitde Prezident İlham Aliýew liderler bilen özara duşuşyklar geçirdi.

Azerbaýjan Goşulyşmazlyk gereketiniň döwürleýin başlyklygyny üstünlikli bilen ýerine ýetirdi. Kowid-19 döwründe Azerbaýjan 80-den gowrak ýurda kömek berdi. Goşulyşmazlyk hereketiniň sammiti we döwürleýin ýolbaşçy Azerbaýjanyň halkara arenadaki pozisiýasyny güýçlendirdi.

Ermenistanyň Azerbaýjan bilen bolan düşnüşmezliklerini başgalaryna şikaýat etmegi, resmi Tähranyň käbir meçew beriji başlangyçlary Azerbaýjanyň beýgelişiniň öňüni alyp bilmese gerek. Russiýa bilen ýola goýulan strategik hyzmatdaşlyk hem Gündogar-Günbatar hem-de Günorta-Demirgazyk geçelgelerinde Azerbaýjanyň esasy pozisiýa eýe bolmagy onuň açyk görkezijisidir.



Degişli Habarlar