Bütindünýä Radio Günleri

1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda BMG-niň Radiosynyň açylan güni Bütindünýä Radio güni hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy

1945455
Bütindünýä Radio Günleri

1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda açylan BMG-niň Radiosynyň açylan güni soňky ýyllarda ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä Radio güni hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy. 

Taryh boýy iň netijeli, iň bir elýeterli bolan radio ýaýlymynyň ähmiýeti biziň günlerimizde-de günsaýyn artýar. BMG-ni gyzyklandyrýan dünýä derejesindäki çaknyşyklar, içerki uruşlar we söweşler, bosgunlar üçin iň bir çalt maglumat beriş serişdesi bolan radio, ýönekeýje batareýa bilen hem işleýär.

ÝUNESKO dünýäniň köp sanly ýerinden diňleýjilerine sagdyn, ynamdar we ýokary hili maglumat ýetirmek üçin bu güni gutlaýar we höweslendirýär. Radionyň adamlara kömek maksatly ulanylmagy üçin BMG-niň “radio-in-a-box” aplikasiýasy giňden peýdalanylýar.


Etiketkalar: #ÝUNESKO , #radio

Degişli Habarlar