Türkiýäniň 2022-nji ýylda Ýewraziýa ýurtlary bilen eden gatnaşyklary hakynda maglumat bermek isleýär

Ýewraziýa Syn

1932506
Türkiýäniň 2022-nji ýylda Ýewraziýa ýurtlary bilen eden gatnaşyklary hakynda maglumat bermek isleýär
Erdoğan Serdar Berdimuhamedov İlham Aliyev.jpg
erdoğan aliyev.jpg
Erdoğan Tokayev Kazakistan.jpg

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti 2022-nji ýylda Ýewraziýada ýerleşýän birnäçe ýurda resmi sapar gurady. Geliň ilki şol saparlara ser salalyň.

2022-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 10-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Kiýewe gitdi. Maslahatyň çäginde iki ýurduň arasynda 8 şertnama baglaşyldy. Prezident Erdogan Ukraina 2022-nji ýyldaky ikinji saparyny bolsa 18-nji awgustda gurady.

Prezident R. T. Erdogan, 2022-nji ýylyň mart aýynyň 29-30-y aralygynda Özbegistanda saparda boldy. Erdoganyň resmi saparynyň çäginde geçirlen gepleşiklerden soň Türkiýe bilen Özbistanyň arasynda 9 şertnama baglaşyldy.

2022-nji ýylyň 28-nji maýynda Prezident R. T. Erdogan Azerbaýjana resmi sapar gurady. Erdogan Zengilan halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 20-njy oktýabrda Azerbaýjana gitdi. Prezident Erdogan saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident R. T. Erdogan, 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Russiýada saparda boldy. Saparyň çäginde özara we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident R. T. Erdogan, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-16-sy aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň 22-nji maslahatyna gatnaşdy.

Prezident R. T. Erdogan, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Gazagystana döwlet saparyny gurady. İki ýurduň resmi wekiliýetleriniň arasynda geçirlen gepleşiklerden soň 6 şertnama baglaşyldy. Prezident Erdogan saparynyň çäginde 6-njy Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy artdyjyry çäreler konferensiýasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-11-i aralygynda Samarkand şäherinde geçirlen Türki döwletleriň guramasynyň 9-njy liderler maslahatyna gatnaşdy.

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahat geçirildi. Liderler maslahatynyň çäginde 5 şertnama baglaşyldy. 25 maddalyk jemleýji jarnama kabul edildi.

Türkiýäniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri 18-nji dekabrda Bütindünýä futbol çempionadynyň final bäsleşigine gatnaşmak üçin Katara gitdi. İki lider Kataryň paýtagty Dohada özara duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022-nji ýylda Ýewraziýa ýurtlaryndan Türkiýä guralan ýokary derejeli saparlar hem diýseň möhümdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 2022-nji ýylyň maý aýynyň 10-11-i aralygynda Türkiýä ilkinji döwlet saparyny gurady. Saparyň çäginde 15 şertnama baglaşyldy.

2022-nji ýylyň mart aýynyň 11-13-i aralygynda Antalýada geçirlen 2-nji Diplomatiýa forumyna Ýewraziýada ýerleşýän ýurtlardan Owganystanyň, Gazagystanyň we Ukrainanyň ozalky prezidentleri, Gagauz Awtonomiýasynyň we Azerbaýjanyň Wise-prezidenti, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdy.

Ermenistanyň Daşary işler ministri foruma gatnaşmak üçin Antalýa geldi we Ermenistandan Türkiýä 2008-nji ýyldan soň ilkinji gezek ýokary derejeli sapar guraldy.

4-nji Çarwa oýunlary 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 29-y bilen oktýabr aýynyň 2-i aralygynda Türkiýäniň İznik şäherinde geçirildi. Çarwa oýunlaryna Türkiýäniň, Gyrygyz Respublikasynyň we DKTR-nyň Prezidenti, Tatarystanyň we Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy gatnaşdy.

Jemläp aýdanymyzda 2022-nji ýyl guralan ýokary derejeli saparlar, ykdysady gatnaşyklar, goranyş senagaty pudagyna boýunça sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen edilýän gatnaşyklar taýdan Türkiýe üçin düşümli ýyl boldy.

 



Degişli Habarlar