Russiýa- Ukraina Hüjümleri

Hepdäniň syny

1929362
Russiýa- Ukraina Hüjümleri

2022-nji ýyl üçin halkara geosyýasy deňagramlylygyň iň kesgitleýiji wakasy Russiýanyň Ukraina hüjümleri boldy. Bilermenler Russiýanyň ýeňillik bilen ýurdy basyp aljakdygyny beýan eden hem bolsalar, ruslar Ukrainada üstünlikli bolup bilmedi. Söweş iki tarap üçin hem agyr netijeleri ýüze çykardy. 2023-nji ýylda bolsa halkara derejede iň kesgitleýiji mseläniň dowam edýän söweş boljakdygy görülýär we taraplaryň häzirki wagtda syýasy ylalaşyga daşda durýandygy äşgär.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Täze ýylyň ilkinji ilkinji günlerinde-de rus-ukrain söweşi depginini gowşatman dowam edýär. Esasanda ukrain goşunlarynyň Doneskiň Makeýewka etrabynda rus esgerlerini nyşana almagy uly seslenme döretdi. Ukraina degişli çeşmeler azyndan 400 rus esgeriniň HİMARS raketalary bilen guralan hüjümde öldürilendigini beýan edýän bolsa, Russiýanyň Goranmak ministrligi häzirki wagta çenli 83 esgerleriniň aradan çykandygyny boýun almaly boldy.

Ruslar soňky aýlarda söweşiň ilkinji aýlaryna görä has ykjam söweşmäge başladylar. Esasanda “Birleşen harby Güýçleriň Serkerdesiniň” çalyşmagy esasy görkezijilerden biri boldy. Russiýanyň Harby howa güýçleriniň Serkerdesi Sergeý Surowkiniň Ukrainada söweşýän goşunlaryň serkerdeligine bellenmeginden soň göräýmägä oňyn tazelikler bar ýalydy. Emma Makeýewkadaky agyr ýitgi soraglary gaýtadan gün tertibine getirdi. Sebitdäki harby birikmäniň HİMARS raketalarynyň menziline degişli bolmagy we birikmedäki esgerleriň öýjükli telefon sebäpli nyşana alynandyklary çaklanylýar. Şeýlelikde bu wakada ýene-de gözegçilik-gönükdiriş we düzgünsizligiň agyr ýitgä sebäp bolandygy aýdylýar.

Emma soňky aýlarda Surowkiniň liderligindäki rus goşunlary käbir ýitgileri kabul edip, goranyş zolagyny gurmagyň hötdesinden gelipdi we agyr ýitgileri azaldyp, öz pozisiýasyny gyş aýlaryndan we howa şertlerinden peýdalanyp berkitmeği başarypdy. Şeýle hem Surowikiniň Siriýada meňzeş strategiýasy bilen Ukrainanyň infrastrukturasyna guran hüjümlerinden netije alandygy we ukrain goşunlaryny ejizledendigini görülýärdi. Emma rus goşunlarynyň Surowikiniň çözmäge güýji ýetmejek has düýpli konstruktiw meseleleriniň bardygy görülýär.

Bahar aýlarynyň gelmegi bilen front liniýalarynda has agyr çaknyşyklaryň bolmagyna, esasanda ukraina goşunlarynyň basylyp alynan ýerleri halas etmek üçin guryýer operasiýalaryny guramagyna garaşylýar. Günbatar ýurtlary ýarag kömegini dowam etdirýän bolsa, ruslar goranyş senagatynyň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin tagalla edýärler. Demografik taýdan üstün tarapyň ruslardygyny ýatdan çykarmalyn. Söweşiň uzaga çekmegi netijesinde taraplar ejizletme düşünjesi bilen hereket edip, kimin näçe wagt göreşip, üstün çykjakdygy bilen bagly soraglar ýüze çykýar. İki tarapyň hem artykmaç we kem taraplary bar. Elbetde Ukraina goldaw berýän günbatar ýurtlaryň ygrarly pozisiýalary kesgitleýiji bolar. Hytaýyň Russiýanyň bähbidine işe goşulyşmagy hem ähtimallyklaryň arasynda. Türkiýe bolsa 2023-nji ýylda-da 3-nji ýol syýasaty bilen taraplaryň arasynda töwellaçylyk pozisiýasyny dowam etdirer.


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #söweş

Degişli Habarlar