Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi maslahaty we ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişeliň Özbegistana guran sapary

Ýewraziýa Syn

1902092
Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi maslahaty we ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişeliň Özbegistana guran sapary
Avrupa Birliği Konseyi Orta Asya liderleri konfransı.jpg

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Gazagystanda geçirlen Merkezi Aziýa- Ýewropa Bileleşigi maslahaty we ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň Özbegistana guran sapary hakynda maglumat bermek isleýäris.

2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa we ÝB-niň 1-nji liderler maslahaty geçirildi. Maslahata Merkezi Aziýada ýerleşýän 5 ýurduň lideri bilen resmi sapar bilen Gazagystana baran ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel gatnaşdy. Maslahatda Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.  Maslahatda şeýle hem ulaglar, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum we Russiýa goýlan sanksiýalaryň ýetirýän täsirleri we sebitara howpsyzlyk meselesi seljerildi.

Maslahatyň çäginde özara duşuşyklar hem geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Şarl Mişel duşuşykdan soň Gyrygyzstanyň ÝB bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşjakdygyny mälim etdi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow we ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel Gyrgyzstanyň Gazagystandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel şol gün 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrda resmi sapar bilen Özbegistana bardy. Şarl Mişel 28-nji oktýabrda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara howpsyzlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistan bilen ÝB-niň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel saparynyň çäginde ÝB-niň Özbegistandaky ofisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şarl Mişel Özbegistana guran saparynyň çäginde şeýle hem Samarkand şäherine hem bardy.

Beýleki tarapdan Samarkand şäherinde 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-18-i aralygynda Merkezi Aziýa-ÝB-gi ýurtlarynyň ministrler maslahaty bilen Merkezi Aziýa-ÝB Ýaşlag forumy geçirler.

Ozal daşary işler ministrleri derejesinde geçirlen Merkezi Aziýa-ÝB maslahalatynyň liderler derejesinde geçirilmegi diýseň möhüm. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystan ÝB-ne agza ýurtlar bilen ýakyndan gatnaşyk edýär. Liderler maslahaty beýleki ýurtlaryň hem ÝB-ne agza ýurtlar bilen ýakyndan gatnaşyk etmegine itergi berer. Soňky ýyllarda Özbegisttan ÝB bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly tagalla edýär. Türk Döwletleri guramasynyň Budapeştdäki ofisi, umuman alnanda Wengriýanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa açylýan gapysy özboluşlylygyna eýe.

ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar diýseň möhüm. Russiýa-Günbatar söweşinden soň bu gatnaşyklar has-da möhüm ýagdaýa geldi. Astanada geçirlen maslahatda Gündogar-Günbatar liniýasynda Hazar deňiziniň giňden ulanylmagy meselesi gün tertibine getirildi. Özara söwda mukdarynyň artdyrylmagyna garaşylýar.

Jemläp aýdanymyzda ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň Gazagystana we Özbegistana guran sapary netijeli geçdi.



Degişli Habarlar