Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahaty

Ýewraziýa syn

1883737
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahaty

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahaty hakynda maglumat bermek isleýäris.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-16-sy aralygynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwlet baştutanlarynyň 22-nji maslahaty Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirildi. Maslahata 14 ýurduň Azerbaýjanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Mangoliýanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň lideri bilen Türk döwletleri guramasy, TÜRKSOÝ, Türk Akademiýasy ýaly halkara derejesinde iş alyp barýan 10 guramanyň baş sekretary gatnaşdy. Myhman hökmünde maslahata çagyrlan Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan soňky pursatda Samarkanda sapar guramakdan ýüz öwürdi.

15-nji sentýabr agşamy liderler maslahatyň hormatyna bag ekme dabarasyna gatnaşdylar.

16-njy sentýabrda Ýüpek Ýoly Samarkand halkara syýahatçylyk zolagynde ýerleşýän Kongres merkezinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahaty geçirildi.

Maslahatyň öňüsyrasynda Eýran Yslam Respublikasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna doly agza bolmagy üçin ylalaşyk teswirnamasyna gol goýdy.

Maslahatyň çäginde Kuweýde, Bahreýne, Maldiwlere, Birleşen Arap Emirliklerine we Mýanma dialog hyzmatdaşy statusy berildi. 14-nji sentýabrda Müsür bilen Katara Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň dialog hyzmatdaşy statusynyň berilmegi üçin şertnama baglaşylypdy. Samarkantda Belarusyň gurama agza bolmagy üçin doly agzalyk etabynyň başladylmagy barada karar kabul edildi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan ilkinji gezek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşdy. Prezident Erdogan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny belledi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bolsa “Erdogany Samarkantda görmekden hoşal. Türkiýe bu sebitde ýerleşýän ýurt we Türkiýäniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi diýseň möhüm” diýdi.

Maslahatyň ahyrynda Samarkand jarnamasy kabul edildi. jarnamada sebitleýin howpsyzlyk, Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar, ýadro ýaragsyzlanmagynyň dowam etdirilmegi we pandemiýa garşy göreş ýaly meselelere ýer berildi. Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde 44 şertnama baglaşyldy.

Maslahatyň çäginde özara hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşyldy. 14-nji sentýabrda Özbegistana resmi sapar guran Eýranyň Prezidenti İbrahim Reisi bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew özara duşuşyk geçirdi. İki lideriň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda 18 şertnama baglaşyldy. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkantda geçirlen maslahatyň çäginde Doly strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew maslahatyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda 15 şertnama baglaşyldy. Hytaý bilen Özbegistanyň arasynda 15 milliard dollarlyk şertnama baglaşylandygy habar berildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen Hytaýyň lideri Si Sizinpyniň arasyndaky duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda 4 şertnama baglaşyldy. Mundan başgada Özbegistan-Gyrgyzstan-Hytaý demir ýol taslamasy şernamasyna ady agzalýan ýurtlaryň Ulaglar ministrleri tarapyndan gol goýuldy.

Jemläp aýdanymyzda Özbegistan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny we Samarkand maslahatyny üstünlikli ýagdaýda geçirdi.



Degişli Habarlar