Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary

Ýewraziýa syn

1881852
Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Riýad şäherinde geçirilen Aýlagdaky Arap Ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňşine Agza Döwletler Bilen Merkezi Aziýa Döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Hızmatdaşlyk Maslahaty Hakynda Durup Geçmek Isleýäris.

 

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Riýad şäherinde geçirilen Aýlagdaky Arap Ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňşine Agza Döwletler Bilen Merkezi Aziýa Döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Hyzmatdaşlyk Maslahaty geçirildi. Ilkinjisi guralan maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Saud Arbystanynyň, Kataryň, Kuweýdiň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bahreýniň we Omanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Maslahatda adybir sebitleriň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan şertler seljerildi. Maslahatyň ahyrynda bilelikdäki jarnama we 2023-2027-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin maýa goýum, söwda, ulaglar, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň iş meýilnamasy kabul edildi.

Maslahatyň çäginde köp sanly özara duşuşyklar geçirildi. Käbir hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekişildi. Nobatdaky maslahat geljek ýyl Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Şol sanda Aýlagdaky Arap Ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşi bilen Merkezi Aziýa Döwletleriniň  Ykdysadyýet Forumy 2023-nji ýylyň iýun aýynda Gazagystanda geçiriler.

Mälim bolşy ýaly geçen awgust aýynyň başynda Aýlagda Ýerleşýän Arap Ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Al Hajaraf Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar edip, ýurtlaryň liderleri bilen duşuşypdy we hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekişipdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Aýlagdaky Arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlyklary soňky ýyllarda ýokary depginde ösýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri arap ýurtlaryna ýygy-ýygydan sapar edýärler. Ikitaraply uçar gatnawlary 2-3 esse artdyryldy. Ozallar arap ýurtlary Merkezi Aziýada metjit we okuw jaýlarynyň gurluşygy ýaly haýyr-sahawat işleri bilen ýatlanýan bolsa, soňky döwürde araplar sebitde goýýan uly göwrümli maýa goýumlary bilen seslenme döredýärler. Arap ýurtlary bilen Eýranyň gatnaşyklary kadalaşan halatynda Merkezi Aziýa aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen has ýakyn gatnaşyp eder, gury ýerden ulag gatnawy hasam çaltlanar.

Soňky ýyllarda arap ýurtlary Aziýa materigindäki döwletler bilen gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär. Saud Arabystany, Katar we Birleşen Arap Emirlikleri Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmak isleýär. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde gatnaşyklary ösdürýärler.

Aýlagdaky arap ýurtlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary hem giňelýär. Täzeçil tehnologiýalar, farmokologiýa, maldarçylyk we ekerançylyk ýaly ençeme pudakda adybir sebitiň ýurtlary hyzmatdaşlygy hasam ösdürip bilerler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň beýleki ýurtlar ýa-da halkara guramalary bilen gatnaşyklarynda bilelikde hereket etmek däbe öwrülene meňzeýär. Ol begendiriji waka. Sebitleýin guramalar bilen hyzmatdaşlyklaryň ösmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öz aralarynda bitewileşmegini hem güýçlendirer. Günbatar-Russiýa çekeleşigi Merkezi Aziýa ýurtlaryny beýleki sebitler we döwletler bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge şert döredýär.

 



Degişli Habarlar