Ukraina Söweşi

Hepdäniň syny

1881856
Ukraina Söweşi

Putiniň fewral aýynda Ukraina garşy başladan söweşi indi sözüň doly manysynda fiasko öwrüldi. Rus harby düşünjesi “ýyldyrym operasiýasy” bilen Kiýewi birnäçe günüň dowamynda alyp, Zelenskiýni häkimiýetden agdaryp, Ukrainany özüne bakna etjekdigini çak edýärdi. Emma 8 aýdyr dowam edýän söweşde rus goşuny sözüň doly manysynda batgalyga batan bolsa, ilki Kiýewden, Çernihiwden we Sumiden, indi bolsa Harkow liniýasyndan doly çekilmeli boldy. Ýetilen sepgitde harby şertler ukrain goşunlarynyň bähbidine bolsa, Russiýanyň diňe iki alternatiwi bar. Ýa Ukrainadan çekilmek ýa-da doly mobilizlenip, ähli harby güýjünden peýdalanyp, Ukrainany basyp almaga synanşmak.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýa Harkow liniýasynda soňky birnäçe günüň dowamynda 4 aýda alan ähli ýerlerini elden giderdi. Ukrain goşunlary garaşylmadyk hüjüme geçip, gysga möhletde rus goşunlarynyň alynky goranyş zolaklaryny ýardy we strategik etrapçalary almagyň hötdesinden geldi. Zelenskiýniň beren beýanatyna görä Ukraina 6 müň inedördül kilometrlik meýdany ruslardan almagyň hötdesinden geldi. Russiýanyň agyr ulag, enjam we harby ýitgisi ünsleri çekýär. Ol Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatlarynyň tersine meýilleşdirilen çekilme däl, eýsem Harkowda agyr ýitgi çekmegiň agyr netijesi hökmünde analiz edilmeli. Russiýa üçin Ukraina söweşi entek ilkinji gününden başlap netijesiz bolan bolsa, soňky ýitgiler söweşiň şertleriniň hem özgerendigini, indi goranyşyň Ukrainada däl, eýsem rus goşunyndadygyny görkezýär.

Netijede Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukraina hüjüm gurap, ýurdunyň adyndan uly göwrümli humar oýnady we utdurdy. Putin rus goşuna “Ýyldyrym operasiýasy” üçin buýruk berende, Kiýewiň gysga möhletde alynjakdygyny, Zelenskiýniň häkimiýetden çetleşdiriljekdigi, serkerdelik-gönükdiriş gurluşynyň çökjekdigi we ukrain goşunlarynyň garşylygynyň ortadan aýryljakdygy düşünjesi bilen hereket etdi. Emma entek söweşiň başynda rus goşunlarynyň “Ýyldyrym operasiýasy” üstünliksiz boldy. Kiýewi almak üçin ýörite güýçleriň operasiýasy hökmünde dizaýn edilen harby başlangyç Ukrainanyň goşunlarynyň garşy göçümleri bilen netijesiz galdy. Soň basybalyjylyga öwrülen rus hüjümleri nädogry meýilleşdirme, serkerdelik-gönükdiriş we ýeterlik logistika sebäpli bönçliklere sezewar boldy. Esasanda Kiýewde, Çernihewde we Sumide çekilen ýitgiler bilen adybir şäherlerden çekilmäge mejbur boldy. Bu taýda esasanda Türkiýeden alan “TB-2” ÝUHU-lar we günbatar önümli antitanklar we Manpadlar iňňän täsirli boldy. Ruslar soň günorta we gündogar frontlaryna gönügip, birnäçe aý dowam eden çaknyşyklardan hem-de çekilen agyr ýitgilerden soň doly bolmasa hem üstünlik gazandy. Hersonda we Donbassda käbir ýerleri aldy, emma birnaçe aý soň ol ýerlerde hem şertler ukrain goşunlarynyň bähbidine özgerdi. Beýleki tarapdan Russiýanyň awia üstünligi gazanyp bilmezligi, günbatardan HİMARAS ýaly agyr ýaraglaryň gelmegi we elbetde rus esgerlerindäki buýsanjyň pes bolmagy söweş şertlerini kesgitleýiji faktorlar boldy. Hamala diýersiňiz ejizletme söweşine öwrülen Ukraina urşunda günbatar ýurtlary ABŞ-nyň başda durmagynda Ukrainanyň goşunlaryna yzgiderli häsýetde täze ýarag we ok-däri goldawyny beren bolsa, ruslaryň ýitgileriniň öwezini dolup bilmändikleri görülýär. Rus goranyş senagatynyň depginli we ýeterlik önüm öndürmeýändigi, esasanda agyr ýarag ulgamlarynda günbatar ýurtlaryna bolan garaşlylygyň uludygy we rus goşunyna agram salýandygy hakyky waka.

Şeýlelikde Ukraina urşy bar bolan şertlerde ruslar üçin gowy baranok we Harkow ýeňilişi şertleri hasam agyrlaşdyrdy. Şertler ukrain goşunlarynyň bähbidine özgerýärkä Putiniň öňünde iki ýol bar; Ýa Ukrainadan çekilmek ýa-da doly mobilizlenip, ähli harby güýjünden peýdalanyp, Ukrainany basyp almaga synanşmak.


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar