Galla Ylalaşygy

Hepdäniň Syny

1861363
Galla Ylalaşygy

Türkiýe, Stambulda gol çekişilen “Galla Ylalaşygy” bilen Russiýa-Ukraina söweşinde ýene-de bir gezek gün tertibine geldi. 2022-nji ýylyň fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli azyk önümlerini doly eksport edip bilmeýän Ukrainanyň ammarlarynda 20 million tonnadan gowrak galla bar. Täze hasyl möwsüminiň başlandygyna garamazdan ammarlarda önümlere ýeriň bolmazlygy, azyk önümçiligini hem kynlaşdyrýar. Deňiz ýoly arkaly eksportuň mina we harby gämiler sebäpli amala aşyrylmazlygy bolsa, Ukrainany alternatiw söwda ýollaryny gözlemegä gönükdirýär. Emma degişli infrastrukturanyň bolmazlygy we söweşiň dowam etmegi tapawutly üpjünçilik ýollarynyň ulanylmagyny kynlaşdyrýar.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Soňky iki ýylda global azyk inflýasiýasynyň 60 göterime ýetmegine Russiýa-Ukraina söweşiniň sebäp bolandygyny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek. Galla önümlerini esasan Ukrainadan alýan ýurtlar Eritre, Somali, Liwiýa, Müsür, Saud Arabystany, Oman, Ysraýyl, Tunis, Efiopiýa, Ýemen we Keniýa iň agyr şertleri başdan geçiren ýurtlar boldy. Global azyk önümçiliginde Ukrainanyň eýeleýän orny göz öňünde tutulanda ýurtdan galla önümlerini alýanlaryň gysga möhletde başga ýurtlardan galla almagy kyn. Sebäbi koronawirus pandemiýasy, energiýa we azyk ýetmezçilikleri sebäpli nyrhlary ýokarlan oba hojalyk önümlerinde gysga möhletde üpjünçilik mümkin bolmaýar. Şol sebäpli Ukraina galla geçelgesiniň açylmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Geçelgäniň funksional ýagdaýa getirilmegi global azyk nyrhlaryny aşakladyp biler. Ol hem oba hojalyk önümleri bilen bagly ýetmezçiligiň ortadan aýrylmagyny üpjün eder. Günbatar Aziýa we Afrika ýurtlary bolsa häzirki şertlerde iň bähbitlileriň hatarynda durýar.

Söweş sebäpli ýüze çykan azyk üpjünçiligindäki durnuksyzlygyň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýäniň-Russiýanyň-Ukraianyň hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýan azyk geçelgesi ammarlardaky gallanyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini maksat edinýär. Global azyk üpjünçiliginde esasy üpjün edijilerden biri bolan Ukrainanyň galla önümleriniň dünýä bazaryna ýetirilmegi azyk önümlerindäki nyrhlaryň durnuksyzlygyny kadalaşdyryp biler.

Russiýa we Ukraina ýaly söweşýän iki ýurt bilen dialogy dowam etdiren Türkiýe bolsa diplomatik taýdan çaknyşygyň başyndan bäri parahatçylyk şertleriniň dikeldilmegi üçin tagalla edýär. Russiýa goýulan sanksiýalar we çäklendiriji sýasatlar sebäpli söweşiň ýüze çykaran meselelerini çözmek üçin diplomatik gepleşikleri guramaga ukyply ýurtlaryň sany iňňän az. Türkiýäniň söweşiň başyndan bäri deňagramly daşary syýasat alyp barmagy we taraplaryň arasynda töwellaçylyk missiýasyny ýerine ýetirip biljekdigini beýan etmegi, galla geçelgesi meselesindäki üstünligi ýany bilen alyp geldi. Türk deňiz flotunyň goramagynda galla gämileriniň Türkiýäniň üstaşyr dünýä bazarlaryna ýetirilmegine garaşylýar. Ol, hem dünýädäki hem-de Türkiýedäki azyk önümleriniň nyrhlaryna oňyn täsir ýetirer. Global azyk ýetmezçiliginiň çözgüt ýollaryndan biri bolan üpjünçiligiň artdyrylma ähtimallygy Türkiýäniň diplomatik üstünçiligi saýasynda iş ýüzüne geçdi.

Ylalaşygyň garaşylýan netijäni bermegini üpjün etjek esasy başlangyç Ukraina we Russiýa tarapyndan düzgünleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bolar. Emma hem ylalaşyk hem-de azyk ýetmezçiligini azaltma tagallalary üçin käbir howplar bar. Bu taýda ylalaşygyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň ýany bilen Russiýanyň oba hojalyk desgalaryna we infrastruktura guraýan hüjümlerini bes etmegi iňňän möhüm. Russiýanyň hüjümlerini dowam etdirmegi ýa-da ukrain daýhanlarynyň önümlerini elinden almagy, ähli zatdan ozal geljek hasyl möwsüminde Ukrainada önümçiligiň azalmagyna sebäp bolup, ylalaşygyň netijeliligni çäklendirip biler.


Etiketkalar: #ylalaşyk , #galla , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar