NATO-nyň Täze Strategik Konsepsiýasy

Hepdäniň Syny

1855885
NATO-nyň Täze Strategik Konsepsiýasy

NATO Sowuk söweşden soň, jemi 4 aýry strategik konsepsiýa çap etdi. Birinjisi: 1991-nji ýylda SSSR-yň mirasyna laýyklykda täze sebitleýin we halkara geosyýasy hakykaty esas alýardy.

Ikinjisi:  1999-njy ýylda yglan edilen strategik konsepsiýa. Şol konsepsiýanyň salgylanma çeşmesi bolsa Ýewropanyň düýbünde başdan geçirilen Balkan krizisi we onuň sebäp bolan howpsuzlyk dinamikalarydy. Üçünji strategik konsepsiýasy bolsa 2010-njy ýylda yglan edildi. Ol konsepsiýa adaty harby howplaryň çäklendirmelerinden azat bolmak maksady bilen, has zyýada assimetrik we adaty bolmadyk howplara gönükdirilendi. Şol çäkde terrorizme garşy göreş we kiber älemine degişli ugurlar täze howpsuzlyk çemeleşmesiniň özenini emele getirýärdi.  Beýleki tarapdan şol konsepsiýa 11-nji sentýabrdaky hadysalardan soň, ABŞ-nyň terrorizme garşy göreş ady bilen zyýan ýetiren halkara ulgamyň düzümindäki kynçylyklara garşy NATO-ny ýaňadandan işjeňleşdirmek we uýgunlaşdyrmak bilen baglydy. Şol nukdaýnazardan NATO sebitleýin goranyş häsýetinden halkara krizislere garşy göreş alyp baryp bilýän şahsyýete we häsýete öwrülmäge başlady. 

Eziz ildeşler indi bolsa, SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2022-nji ýyldaky strategik konsepsiýa çenli uzap gidýän tapgyrda bolsa sebitleýin we global derejedäki göz öňünde tutulmadyk we näbelliligi çuňlaşdyran, örän çalt we üýtgeýän hadysalara şaýatlyk edildi.  Şolaryň iň täsir galdyryjysy we uzak möhletleýin strategik täsirler döreden 2011-nji ýylda başdan geçirilen Arap Bahary boldy. Arap Bahary NATO-nyň günorta sebitinde döwletleri gowşatmak bilen çäklenmedi, ol şol bir wagtda gozgalaň, immigrasiýa, terrorizm, azyk howpsuzlygy, ykdysadyýet ýaly köptaraplaýyn meseleler sebäpli täze we könelerden has gowşak ýaryklary ýüze çykardy. Mysal üçin Demirgazyk Afrikadan Sahara çölüniň günortasyna, Balkanlardan Ýemene çenli uzap gidýän geografiýada şol täze aýratynlyklar hasaba alynmak bilen birlikde, şol bir wagtda Russiýadan daşary Hytaý ýaly tapawutly aktýorlaryň pozisiýalaryny güýçlenmegine şaýat bolundy.

Ýene-de bir möhüm ugur bolsa NATO-nyň adaty konfrontasiýa meýdançasyna wekilçilik edýän ugurlarda Russiýanyň güýjüni ýaňadandan gazanmak gözlegi we tagallalalary bilen baglanşyklydy, we şol ýagdaý Gruziýadan soň Krymyň anneksiýasy ýaly has strategik bir çagyryş hökmünde öňe çykdy. Şeýlelik bilen soňky gezek 24-nji fewraldaky Russiýanyň Ukrainany basyp almak synanyşygy, Sowuk söweşinden soň edensiz rus howpy hökmünde halkara jemgyýetda alada döredişi ýaly, NATO-nyň has eýmendiriji bir görnüşde hereket etmäge ugrukdyrdy. Beýleki tarapdan ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky bäsdeşligiň sebäp bolan täze halkara dislokasiýa, NATO garşy hem täze görnüşli basyş emele getirdi. Olara goşmaça ýagdaýda bolsa pandemiýa, howanyň çalşygy, ýadro ýaraglanma, ballistik raketa tehnologiýasy, kiber hüjümler, döwletden daşary aktýorlaryň mümkinçilikleri, ýumuryjy tehnologiýalaryň özgerdilmegi we ulanylyş meýdanlaryň ýaýbaňlandyrylmagy ýaly ugurlar, NATO-nyň bellige alyş depderinde has köp ýer tutmagy, strategik konsepsiýasyny täzelemegi zerur ýagdaýda getirdi. 

Şol nukdaýnazardan garalanda 4-nji we soňkusy bolan 2022-nji ýylyň strategik konsepsiýasy, ozalky konsepsiýalardan tapawutlylykda, hem adaty howp düşünjesini we assimetrik howplary bir ýere jemlän gibrid çemeleşmä wekilçilik edýän bir düşünjä esaslanýar. Emma ol üýtgeşme, NATO-nyň üç esasy ýörelgesine esaslanýan ugurlarda reformasiýa däl, eýsem güýçlendirmek gözlegine hyzmat edýär. Şol çäkde NATO-nyň esasy 3 missiýasy hökmünde goranmak we eýmendirmek, krizisiň öňüni almak we onuň dolandyrylyşy we bilelikdäki howpsuzlyk çemeleşmesiniň ozalkylardan has täsirli, çeýe, uýgunlaşdyrylan we işjeň bir mehanizme gowuşmagy göz öňünde tutulan. Şonuň bilen baglylykda 2022-nji ýyldaky strategik konsepsiýasynyň täze bir geosyýasy göreşiň hem başlangyjyna wekilçilik edýändigini aýtmagymyz hökmany.


Etiketkalar: #konsepsiýa , #NATO

Degişli Habarlar