Türkiýäniň NATO Syýasaty

Hepdäniň Syny

1829782
Türkiýäniň NATO Syýasaty

Russiýanyň Ukraina hüjümi garaşylşy ýaly ilkinji täsirini NATO-da görkezdi. Sowuk söweşden soňky giňelme syýasatynyň çaginde Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň garaşsyzlyklaryny alan ýurtlary özüne birikdiren NATO, Ukraina söweşi bilen bilelikde şol syýasatyny dowam etdirmek üçin täze bir göçüm etdi. Ukraina hüjümini, onuň NATO agzalyk tapgyryna esaslandyryp, kanunylaşdyrmaga synanşýan resmi Moskwa, indi Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň agzalyk ýüz tutmasy sebäpli täze bir howpa sezewar boldy. Emma bu gezek NATO-nyň giňelmegi hemişekisinden has möhüm ähmiýete eýe boldy.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Onuň iki sebäbiniň bardygyny aýdyp bileris. Birinjisi; Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygyna Russiýanyň görkezjek reaksiýasy. Eger Russiýa iki ýurduň NATO agzalygyny howp hökmünde kabul edip, täze bir harby operasiýa girişäýse, onda söweş Ukraina bilen çäkli bolmaz. Russiýa reaksiýa bildirmän, Şwesiýa we Finlýandiýa bökdençsiz ýagdaýda NATO agzalyga kabul edilse, onda Russiýa NATO tarapyndan sözüň doly manysynda öz serhetlerinde gurşaw astyna alynar. İki ýagdaýda-da Russiýa adybir iki ýurduň NATO agza bolmagyndan soň Baltika sebitindäki harby güýçlerini artdyrmaly bolar.

Ikinji sebäp bolsa; güýçli agzalardan biri bolan Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlandiýanyň agzalyklaryna garşy durmagy. Bu syýasat bir tarapdan Ukraina söweşi bilen täze bir arkalaşyk tapgyryna başlan alýansyň utgaşyklygyny bozma howpuna eýe hem bolsa, Türkiýe bilen NATO-nyň arasynda täze bir düşnüşmezligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Ankaranyň iki ýruduň agzalyk tapgyryna garşy durmagynyň bolsa ýerlikli sebäpleri bar.

Şuny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek; Türkýe NATO-nyň täze giňelme başlangyjyna oňyn garaýar. Şol sebäpli Finlandiýanyň agzalygyna gyzgyn garaýar. Şol sebäpli Finlandiýanyň agzalygyna artykmaç garşy durmaýar. Emma Esasanda Şwesiýanyň PKK bilen bolan gatnaşygy Ankaranyň oňa seresaply syýasat alyp barmagyna sebäp bolýar. Sebäbi Şwesiýa PKK-nyň öz ýurdunda rahat hereket etmegine rugsat berýär we Siriýadaky PÝD-ä ýarag, ykdysady kömek berýär. Şwesiýa PKK-nyň Ýewropada iň güýçli bolan ýerlerinden biri. PKK-nyň Şwesiýadaky işleriniň hatarynda; jemgyýetçilik çäreleri, gara pul aklama, ýaran ýygnamak, we Türkiýä garşy lobbi işleri ýaly ençeme bikanun iş bar. Şwesiýanyň Türkiýä garşy syýasatlary PKK bilen hem çäkli däl. Şol bir wagtda Türkiýede 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň aňyrsynda durýan FETÖ-nyň adamlaryny hem howandarlyk edýär.

Ankara Şwesiýanyň şol syýasaty sebäp NATO agzalygyna seresaply çemeleşmeýär we Türkiýäniň howpsuzlyk aladalaryna goşulmaýan ýurduň agzalygyny goldamajakdygyny öňe sürýär. Ukraina söweşi bilen geosyýasy ähmiýeti artan Türkiýäniň, NATO-daky pozisiýasyndan peýedalanyp bu meselede Şwesiýanyň pozisiýasyny üýtgetmegini islemegi elbetde tebigy ýagdaý. Emma Türkiýäniň bu çemeleşmesi NATO-da täze bir jaýrygyň ýüze çykmagyna sebäp bolarmy? Ony hem wagt görkezer.


Etiketkalar: #agzalyk , #NATO , #Ukraina

Degişli Habarlar