Ukraina Söweşi

Hepdäniň Syny

1816937
Ukraina Söweşi

SETA-nyň Howpsuzlyk ylmy-barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň Russiýanyň Ukraina hüjümleri boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýanyň Ukraina hüjümlerine 58 gün doldy. Biz hem mesele boýunça giňişleýin analiz bermäge çalyşmakçy. Ýetilen sepgitde şu hususlaryň öňe saýlanýandygyny aýtmak mümkin.

Birinji husus, Russiýanyň harby başarnyksyzlygy. Görülşi ýaly Russiýanyň ne özüne mahsus operasiýa maksatnamasy doly iş ýüzüne geçdi ne-de maksadyna ýetmän halatynda beýleki maksatnamalar iş ýüzüne geçirildi. Esasanda harby hüjümleriň birinji gününde Ukrainada harby pozisiýalary üstünlikli urandygyna garamazdan Gostomel howa menziliniň gözegçiliginiň doly ele alynmazlygy, Russiýanyň Ukrainadaky goldaw we logistiki liniýalarynyň kadaly işlemegini bökdedi. Ol hem rus güýçleriniň söweşiň entek ilkinji gününden agyr ýitgiler çekmegine sebäp boldy. Harby hüjümiň başyndan bäri dört strategik sebite gönügendigine garamazdan Kiýew, Harkow ýaly söweşiň netijesini kesgitleme ähtinallygy ýokary bolan ýerlerde Russiýa üstünlik gazanyp bilmedi. Mariupolda söweşiň uzaga çekendigine garamazdan ruslar şäheri doly ýok edenden soň gözegçiligi bölekleýin ele aldylar. Herson we Melitopol sebitlerinde-de söweş Russiýa üçin garaşylýanynyň tersine dowam etdi. Kiýew, Çernihow, Sumy, Irpin, Harkow ýaly şäherlerde bolsa rus güýçleri yza çekilmeli boldy.

Geçem möhlet göz öňünde tutulanda rus goşunlarynyň söweş meýdanyndaky harby netjeliliginiň pesdigi, standart operasiýa proseduralaryny berjaý etmekde kynçylyk çekýändigi görülýär. Beýleki tarapdan bilelikdäki operasiýa kadalaryny berjaý etmekde başarnyksyz bolşy ýaly howa gözegçiligini we üstünligini hem ýola goýup bilmändigi görülýän Russiýanyň propaganda söweşinde-de ejizdigi ýüze çykdy.

Russiýanyň Gara deňiz flotunyň esasy güýji we ýüregi bolan Moskwa atly kruwaýzeriniň söweşiň 51-nji hününde hatardan çykarylmagy bolsa söweşiň dowamynda Russiýanyň harby abraýyna agyr zarba urdy.

Söweş meýdanyndaky kynçylyklar we başarnyksyzlyklar Russiýany Ukraina meýilnamasyny özgertmäge mejbur etdi. Täze meýilnama Donbassyň doly gözegçilik astyna alynyp, ol ýerdäki respublikalaryň Ukrainadan aýrylmagyna esaslanýar.

Russiýa bilen bagly beýleki bir möhüm husus bolsa ykdysady taýdan ejizlemegi. Agyr we giň gerimli ykdysady embargolar çuňňur netijeleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Ol hem ýakyn gelejekde ykdysady çökgünligiň agyrlaşmagyna sebäp bolşy ýaly, uzak möhletde Russiýanyň global güýç deňagramlylygynda ykdysady taýdan ejizlemegine sebäp bolar.

Söweşiň täze bir tapgyra ýeten günlerinde Russiýa belkem, diňe harby bähbit gazanyp biler, emma strategik netijeleri taýdan agyr ýitgilere sezewar bolar.


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar