Russiýa-Ukraina Söweşinde Ýetilen Sepgit

Hepdäniň Syny

1813068
Russiýa-Ukraina Söweşinde Ýetilen Sepgit
ukrayna asker
ukrayna cocuk olumleri.jpg
Ukrayna4.jpg
ukrayna.jpg
ukrayna.jpg
ukrayna siviller tahliye.jpg

Russiýanyň Ukraina hüjümleri ikinji aýyny dolduryp barýan hem bolsa, söweş meýdanynda üstünliksizlik ýokary derejede. Putiniň beýik we ynamly maksatlar bilen başladan söweşinde Russiýa Kiýew frontundan doly yza çekilmeli boldy. Söweş esasanda Donbassda we Mariupolda dowam edýär. Emma Russiýa agyr harby ýitgiler çekýär. Russiýa agyr halkara sanksiýalar we çetleşdirmeler dowam edýär. Esasanda Buça ýaly ýerlerde başdan geçirilen wakalar halkara derejede gahar-gazabyň emele gelmegine sebäp boldy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin beýik we ynamly maksatlar bilen Ukrainany basyp alyp, gysga möhletde özüne ýakyn hökümeti iş başyna getirmegi pikir edýärdi. Emma rus goşunlary Ukrainada sözüň doly manysynda batgalyga batana meňzeýär. Goşun Kiýew frontundan hamala diýersiňiz gaçýan ýaly çekilmeli boldy. Indi goşmaça güýçler bilen bilelikde Donbassyň etraplarynda ukrain goşunlary bilen çaknyşýarlar. Mariupoldaky ilatly ýerlerdäki çaknyşyklar hem dowam edýär.

Ilki başlardaky ýaly bolmasa hem rus goşuny agyr ýitgi çekmäge dowam edýär. Kiýew frontundaky ýeňiş bilen ruhy üstünlik gazanan ukrain goşuny Donbassy goramaga çalyşýar.

Günbatar ýurtlarynyň Ukraina harby we ykdysady goldawy hem günsaýyn artýar. Asimmetrik güýç faktorlary bolan MANPAD we anti-tank ýaraglary getirilmäge dowam edilýän bolsa, Slowakiýanyň ýokary belentliklerde howa goranyş ulgamlary S-300 hem Ukraina getirildi. Has güýçli ýarag ulgamlarynyň getiriljekdigi beýan edilýär.

Söweş meýdanynda şu wakalar başdan geçirilýän bolsa, Buçadan gelip gowuşan wideo we foto sýujetler dünýäni çaýkandyrdy. 34 güne barabar ruslar tarapyndan basylyp alynan şäherde gyrgynçylyk edilipdir. Köpçülikleýin öldürmeler we gubyrlar tapylýarka, zorlanandygyny aýdýan zenanlaryň beýanatlary şeýle elhenç. Buçadaky ýazgylar halakra jemgyýetçiligini nähak rus hüjümleri sebäpli hasam gazaplandyrdy.

Russiýa garşy halkara sanksiýalar we çetleşdirmeler günsaýyn artýan bolsa, Putiniň hüjümlerden el çekmezligi hem öz häkimiýetini hem-de ýurduny çykgynsyzlyga alyp barýar.

 


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar