Energiýa Söweşleri

Hepdäniň Syny

1806105
Energiýa Söweşleri

Russiýanyň Ukraina çozuşy bilen başlan tapgyrda energiýa serişdeleriniň ýarag hökmünde ulanylmagyna ýene-de bir gezek şaýatlyk etdik. Gibrid söweş konsepsiýasynda konwensional usullar bilen bilelikde energiýa karty hem serişdeleşdirilip, söweş ulagy hökmünde duşmanlara garşy ulanylýan faktora öwrüldi. Russiýa eýe bolan nebit we tebigy gaz üpjünçiliginden peýdalanýan bolsa, ABŞ tersine pozisiýa eýeläp, Russiýanyň energiýa eksportuny bökdemäge synanşýar. Elbetde bu sebäpli energiýa serişdeleriniň nyrhlary hem artýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ukrainanyň Russiýa hüjümi bilen bilelikde Ýewraziýadaky geosyýasy deňagramlyklar özgerýärkä, tebigy gazyň we nebitiň nyrhy artmaga dowam edýär.

Dünýäni energiýa bazarlary boýunça aladanlandyrýan esasy faktor elbetde Russiýanyň energiýa üpjünçiliginde hem nebit hem-de tebigy gaz taýdan dünýäde birinji üçlükde durmagy.

Energiýa üpjünçiligi Russiýanyň hem güýçli hem-de ynjyk tarapy. Rus ykdysadyýeti ýylda milliardlarça dollar girdeji alýan bolsa, şol bir wagtda-da energiýa esaslanýan ykdysadyýeti bar. ABŞ hem oňa göz ýetirýändigi üçin Ukraina hüjümiň başlamagy bilen bilelikde tapgyrlaýyn hem bolsa rus energiýa üpjünçiligini çäklendirmäge, esasanda Ýewropa ýurtlarynyň alternatiw çeşmelere gönükmegini üpjün edip, Russiýadan energiýa eksportuny azaltmaga synanşýar. Elbetde bu taýda ÝB-ne agza ýurtlaryň Russiýa esasanda tebigy gazdaky garaşylygynyň strategik ejizlik hökmünde ýüze çykmagy, şol ýurtlaryň Russiýa boýunça syýasatyna täsirini ýetirýär.

Germaniýanyň başda durmagynda İtaliýa we Fransiýa ýaly esasy ýurtlaryň 40-50 göterime barabar Russiýa garaşly bolmaklary olary syýasat kesgitlemekde uly kynçylyga sezewar edýar. İndi orta we uzak möhletde Russiýa bolan garaşlylylyklaryny ortadan aýyrmak üçin möhüm kararlary kabul etmäge gönükdirdi.

Netijede Ukrainadaky söweş nähili gutaranda-da orta we uzak möhletde Russiýa taýdan agyr strategik ýitgi bilen netijelener. ÝB-nin birnäçe ýylyň dowamynda Russiýa bolan garaşylylygy ortadan aýrylar we olar Russiýa garşy güýçli syýasat alyp barmaga mümkinçilik taparlar. Russiýadan daşgary energiýa öndürijiler bolsa göräýmäge bu tapgyrdan peýdalanarlar. Eýran we Wenesuela ýaly ýurtlaryň hem global energiýa bazaryna gaýdyp barma ähtimallygy artdy.


Etiketkalar: #energetika , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar