Söweşiň Bosagasynda

Aktual Analiz

1766776
Söweşiň Bosagasynda

Russiýanyň Ukraina garşy uzak wagtdan bäri dowam etdirýän gysyş syýasaty soňky aýlarda indi harby operasiýa tarap gönügen bolsa, ABŞ we Ýewropa ýurtlarynyň degişli bolmagyndaky tapgyrda düýpli eskalasiýa başdan geçirilýär. Harby mobilizlenme we taraplaryň beren soňky beýanatlary seljerilende çaknyşygyň her pursatda başlap biljekdigi görülýär.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ençeme geosyýasy meselede ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlaryny ýerinde synagdan geçiren Putin, hem ejiz liderlikden hem-de iş ýüzündäki syaýsatsyzlykdan peýdalanyp pozisiýasyny güýçlendirmäge dowam etdi. ABŞ-nyň döwlet Sekretary Blinken hem nygtaýşy ýaly hamala diýersiňiz Sowet Soýuzy gaýtadan dikeldilýän ýaly. Ukrainadan Gruziýa, Siriýadan Liwiýa çenli esasy çaknyşyk sebitlerinde Russiýanyň öňünde blok görnüşinde günbatar ýurtlary düýpli syýasat alyp barmagyň hötdesinden gelmeýän bolsa, esasanda Baýdeniň iş başyna gelmeginden soň ABŞ-nyň hem syýasat kesgitlemändigi, ejizlik edýändigi we emele gelen boşlugy Russiýanyň soňuna çenli doldurma tagallasyna girişendigi görülýär.

Aslyna seredilende Ukrainada häzirki wagtda dowam edýän tapgyr hem sözüň doly manysynda global şertleriň beýanyndan ybarat. Kiýewde özüne garşy howp emele getirýän hökümet bilen işleşmek islemeýän Putin ähli taraplaýyn Ukrainany nyşana alýan bolsa, şol ýurt Türkiýe, Britaniýa, Polşa ýaly birnäçe ýurtdan daşgary Günbatar bloğundan düýpli goldaw tapmady. ABŞ-nyň bolsa Baýden döwründe wadalaryny berjaý etmändigi we Russiýanyň garşysynda Ukraina gerek bolan howpsuzlyk kepilliklerini berip bilmeýändigi görülýär. Bu şertler  bolsa NATO we ABŞ bilen stoluň başynda oturan Russiýany artykmajy bilen batyrgaýlaşdyrana meňzeýär. Germaniýa bolsa taryhy ýalňyşlyk edip, orta derejeli syýasat alyp barmagyň kül-külünde. Russiýanyň öňünde energiýa taýdan garaşly bolmagy şertlerini çäklendirýän hem bolsa, Germaniýa rus hüjüminiň ýüze çykarjak geosyýasy howpdan artykmajy bilen nesibesini aljak ýurtlarynda başynda durýar.

Hawa, belki doly basyp almak pes ähtinallyk hökmünde görünýän ýaly, emma Russiýanyň Kiýewdäki hökümeti ejizletjek, Doneskiň we Krymyň territorial bitewiligini üpjün etjek harby operasiýa guramagy geň galdyryjy bolmasa gerek. Russiýanyň ýüzlerçe müň esgerini serhede getirmegine, strategik harby güýçlerini Belarusa ornaşdyrmagyna garamazdan ABŞ-nyň henizem işe girişmändigi we diňe bir ykdysady sanksiýalardan söz açmaga dowam etmegi ýatdan çykarylmaly däl. Russiýanyň guramagy ähtimal harby operasiýasynyň günbatar blogunyň Russiýa garşy has egilşiksiz syýasat alyp barjakdygy we düýpli ykdysady sanksiýalara sebäp boljakdygy äşgär hem bolsa, Putiniň Ukraina arkaly gazanjak geosyýasy we strategik üstünlilleri ýüze çykmagy ähtimal ýitgilere garamazdan henizem işdä açyjy ýaly görünýär.


Etiketkalar: #krizis , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar