Gazagystandaky Wakalaryň Görkezýän Netijeleri

Aktual Analiz

1763152
Gazagystandaky Wakalaryň Görkezýän Netijeleri

2022-nji ýyl halkara syýasat taýdan depginli başlady. Günbatar bilen Russiýanyň arasynda birnäçe wagtdan bäri dowam edýän Ukraina düşnüşmezliginiň onsuz hem 2022-nji ýylyň iň esasy meselesi boljakdygy mälimdi. Şeýlelikde ABŞ bilen Russiýanyň wekiliýetleriniň arasynda Jenewada geçirilen Ukraina meselesindäki maslahatdan netije çykmady. Tersine iki taraply beýanatlar Ukraina meselesini çykgynsyzlaşjakdygyny görkezýän häsýetde. NATO-dan berilen beýannamada bolsa, ylalaşygyň häzirlikçe mümkin bolmandygy, emma Russiýa bilen Ukraina meselesinde gepleşikleriň dowam etmelidigi nygtaldy. Moskwa hem Ukrainanyň özi üçin möhüm ähmiýetlidigini beýan edýär. Putiniň “howpsuzlyk kepilnamasy” hökmünde ABŞ-na hödürlän şertleriniň kabul edilmegi mümkin görünmeýär. Ünsler Ukraina meselesine jemlenen mahalynda Gazagystanda möhüm wakalar başdan geçirildi. Ýangyjyň nyrhy sebäpli başlan protestler gysga möhletde Gazagystan üçin çykgynsyzlyga öwrüldi we Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndan harby kömek sorady. Gurama gysga möhletde Gazagystanyň çagyryşyny kanagatlandyryp, bilelikdäki harby güýji Gazagystana ugratdy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniş bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gazagystan Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýyldyzy parlaýan esasy ýurtlardan biri boldy. Ykdysadyýetini güýçlendirdi, daşary ýurt maýasyny özüne çekmäge başlady we daşary syýasatynda deňagramly syýasat alyp baryp, sebitleýin pozisiýasyny güýçlendirdi. Nazarbaýewiň liderliginde depginli ösen ýurt, soňky döwürde esasanda energiýa bäsdeşliginde öňe saýlandy. Baý tebigy çeşmeleri bilen sebitde güýç bäsdeşligi taýdan güýçli ýurda öwrüldi. Emma başdan geçirilen protestler Gazagystanyň syýasy taýdan ynjykdygyny görkezdi. Aslyna garalanda başdan geçirilen wakalaryň birnäçe düşündirişi bar.

Birinji düşündirişlerden biri güýçlenýän we çuňlaşýan ykdysadyýetine garamazdan Gazagystanyň girdejiniň deň derejede halka ýetirilmegini ýola goýup bilmändigi görülýär. Baý tebigy känlerden alynýan girdejileriň halka deň derejede ýetirilmezligi birnäçe wagtdan bäri halkda biynjalyklygyň ýüze çykmagyna sebäp bolýardy. Bu meseleleriň global pandemiýa bilen birlikde hasam öňe saýlanandygy mälim. Şeýlelikde protest aksiýalarynyň aňyrsynda durýan esasy sebäp, halkyň ykdysadyýetden alýan paýyny artdyrmak islemegidi.

Emma ykdysadyýetde we girdejiniň deň derejeli bölünmeginde ýüze çykan meseleler, protest aksiýalaryny düşündirmek üçin ýeterlik däl. Gazagystan strategik ähmiýeti sebäpli Russiýanyň täsirinde durýan ýurt. Beýleki tarapdan Hytaýyň Gazagystanda bilen energetika pudagynda edýän gatnaşyklary Russiýany biynjalyk edýän ugurlardan biri bolmaga başlapdy. Beýleki tarapdan Gazagystanyň günbatar ýurtlary bilen edýän ýakyn gatnaşygy we Türki döwletleriň guramasynyň döredilmeginde eýelän işjeň pozisiýasy resmi Moskwanyň ünsüni çekipdi. Şol sebäpli Gazagystanyň ynjyk güýç bäsleşiginin merkezinde durýan ýurtlardan biri bolmagy, aksiýalaryň gözegçilik çykmagyna sebäp bolan dinamika öwrüldi. Russiýanyň strategik harby bölümlerini gysga möhletde ýurda getirmegi şol güýç balansyna laýyklykda seljerilmeli.

Gazagystanda başdan geçirilenler 2021-nji ýylda döredilen Türki döwletleriň guramasynyň ilkinji esasy synagy boldy. Gurama gysga möhletde maslahat geçirip, Gazagystany goldaýandygyny beýan etdi we ähli goldawy berjekdini ngytady. Gurama heniz şeýle çökgümliklerde has güýçli pozisiýa eýelejek mehanizme eýe däl. Şol sebäpli Türki döwletleriň guramasynyň şeýle çykgynsyzlyklarda pozisiýa eýelemegi üçin wagt gerek bolar.

Gazagystanda şertler kadalaşdy, emma sebitde güýç bäsleşigi mundan soň hem dowam eder. Şol sebäpli Türki döwletleriň guramasyna has uly jogapkärçilik düşýär.



Degişli Habarlar