Global syýasatda 2021-nji ýylyň dowamynda düýpli özgerlişik başdan geçirilmedi

Hepdäniň syny

1755719
Global syýasatda 2021-nji ýylyň dowamynda düýpli özgerlişik başdan geçirilmedi

Döwletler Kowid-19 pandemiýasynyň agyr täsirlerinden halas bolmaga synanşýan bolsa, global syýasatda 2021-nji ýylyň dowamynda düýpli özgerlişik başdan geçirilmedi. Baýdeniň iş başyna gelmegi bilen birlikde ABŞ-nyň global ulgamda has güýçli pozisia eýeläp, Amerikan merkezli liberal ulgamy abatlamak ugrundaky tagallalary hem garaşylýan netijäni bermedi. Tersine 2021-nji ýyla täsirini ýetiren global wakalar, global liderlikdäki ýetmezçiligiň barha agyr netijelere sebäp bolýandygyny, howanyň çalşylmagy bilen birlikde global dolanşyk meseleleriniň hötdesinden gelinip bilinmändigini we Hytaý, Russiýa hem-de beýleki güýçlenýän ýurtlaryň özlerine giňişlik döretmek ugrunda aldym-berdimli göreşe girişen täze bir bäsleşik döwrüniň ýüze çykandygyny görkezýär. Şol çäkde halkara ulgamda dowam edip gelýän özgerlişigiň we uly güýç bäsleşigiň gaýtadan başlamagy global näbelliligi günsaýyn artdyrýar we Türkiýe bilen birlikde ençeme döwleti daşary syýasatyny seljermäge hem-de halkara arenadaky pozisiýalaryny gaýtadan guramaga gönükdirýär.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2021-nji ýylyň dowamynda ýüze çykan esasy global geosyýasy ýönelişleri göz öňünde tutanymyzda, ähli zatdan ozal uly güýç basleşigiň ýa-da ençeme adam tarapyndan “Täze sowuk söweş” atlandyrylan şertleriň global syýasata höküm edýändigi we täsiriniň gelejek döwürde has güýçli duýuljakdygyny görýäris. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda ABŞ-Hytaý bäsleşiginiň iň bir ýatdan çykmajak mysallaryndan biri bolup durýan AUKUS, Ýuwaş umman sebitinde Hytaýa garşy harby, syýasy we ykdysady geosyýasat ugrunyň döredilmegi üçin duýdansyz ýüze çykan başlangyç hökmünde häsýetlendirildi.

Beýeki tarapdan ABŞ-Hytaý bäsleşigi dowam edýän uly güýç bäsleşiginiň diňe bir tarapyny emele getirýär. Russiýanyň soňky döwürde alyp barýan imperial syýasaty we ýakyn sebit doktrinasyna laýyklykda alyp barýan harby işleri günbatar bilen resmi Moskwanyň arasynda täze bir sowuk söweş dartgynlygynyň üýtgewsizligine sebäp bolýar. Esasanda Ukraina arkaly ýüze çykan şol dartgynlyk global güýç bäsleşiginiň ikinji tarapyny emele getirýär.

Şonuň bilen birlikde bu wakalara garamazdan ABŞ we NATO-nyn degişli bolmagynda günbatar Russiýa görkeziljek gaýtawul boýunça strategiýa kesgitlemäge synanşýar. Emma henize çenli şol strategiýany kesgitläp bilmedi. NATO bir tarapdan Russiýanyň hereketlerine alada bildirip, Russiýa bilen dialoga taýardygyny beýan edýän bolsa, ABŞ Ukraina goşun ugratmajakdygyny, emma Rýssiýa agyr ykdysady sanksiýalar goýjakdyklaryny, ukrainlere goşmaça goranyş enjamyny berjekdiklerini we NATO-nyň ýaranlaryny güýçlendirjekdiklerini beýan etdi. Emma Russiýanyň şol duýduryşlara üns berendigini aýtmak ýerlikli däl.

Global syýasatyň esasy ugurlaryny kesgitleýän esasy dinamika ABŞ-Hytaý bäsleşigi hem bolsa, şol bäsleşigiň kölegesinde esasanda Ýakyn Gündogarda täze bir tapgyr başlady. Sebitde täze sebitleýin özgerleşişik ähtimallygy boýunça diskussiýalary güýçlendiren möhüm özgerlişikler başdan geçirilýär. Hususanda 2021-nji ýylyň başyndan bäri sebitde ýerleşýän ýurtlar öz aralarynda dartgynlygy azaldyp, hyzmatdaşlyk bilen netijelenýän kadalaşma tapgyryny başlatdy. Sebitleýin kadalaşma bilen parallel dowam edýän 2021-nji ýylda bolmasa hem geljekki ýyllarda ýüze çykjak dartgynlyk giňişligi bolsa Eýranyň ýadro maksatnamasy. Eýran-ABŞ-Yraýyl üçburçlygynda dartgynlygyň artma ähtimallygynyň sebite uly täsiriniň bojakdygy üçin Eýran meselessi hem aýratyn ünsleri çekýär.

Türkiýäniň 2022-nji ýylda artan global we sebitleýin bäsleşik şertlerinde taýarlykly bolmagy üçin taze strategiýa taýarlaýandygy bilinýär. Şol çäkde Türkiýe strategiýasyny güýçlendirmek we ýakyn gelejekde ýüze çykmagy ähtimal howplardan çeýde durmak üçin serişdelerinden nähili peýdalanjakdygyny meýilleşdirmäge başlady. Aýratynam sebitleýin we halkara syýasatda üýtgän geosyýasy dinamikalara laýyklykda Türkiýäniň belli bir howpsuzlyk zolagyny ileri tutup, strategik durnuklylygyny hem-de çydamlylygyny gorap bilmejekdigini nygtap geçmek möhüm. Hökümet muňa doly göz ýetirýär. Türkiýäniň geosyýasy portfeli makro derejede global we sebitleýin meseleleriň täsirinde galýandygy we belli döwletler hem-de döwlete degişli däl guramalar tarapyndan “çäklendirilendigi” üçin, Türkiýäniň ýakyn sebitlerinde howpsuzlyk wehimleriniň bir-birleri bilen arabaglanşyklydygy äşgär boldy. Türkiýänin şu günki günde öňünde durýan howplaryň Gara deňiz, Ýakyn Gündogar deňizi we Ýakyn Gündogar bilen birlikde köpugurly görünýär. 2022-nji ýylda şol ugurlarda uly hereketlenmäniň bolmagyna garaşylmaýar. Ýakyn Gündogardaky kadalaşma ýylyň dowamynda ýokarlap biler we Türkiýe bilen Müsüriň, Ysraýylyň we Saud Arabystanynyň arasynda oňyn öňegidişlikler ýüze çykyp biler. Gresiýa bilen täze dartgynlyk tapgyrynyň başlama ähtimallygy ýokary görünýär. ABŞ bilen gatnaşyklarda üns çekiji waka häzirlikçe ýok. Emma F16 harby uçarlarynyň berilmegi meselesi özara gatnaşyklar taýdan möhüm synaglardan biri. Moskwa-Ankara gatnaşyklary bolsa 2022-nji ýylda uly synagdan geçer. Ukraina we Siriýa ilki bada ýada düşýän meselelerden ikisi.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #Hytaý , #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar