Siriýadaky soňky ýagdaý

Hepdäniň syny

1752559
Siriýadaky soňky ýagdaý

Astana gepleşikleriniň 17-nji tapgyry uzak dowam eden arakesmeden soň Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirildi. Üstümizdäki aýyň 21-22-si aralygynda Nur-Soltan şäherinde Siriýa meselesi boýunça Ýokary derejeli maslagatda Siriýadaky umumy şertler, terrorizm we ekstremizme garşy göreş hem-de bosgunlaryň yzyna dolanyp barmagy hakynda pikir alyşyldy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýada birnäçe wagtdan bäri uly harby operasiýa başdan geçirilmeýän hem bolsa, syýasy çözgüt tapgyry çykgynsyzlaşypdy. Ine şeýle konýenkturada türk, rus we eýranly resmiler uzak dowam eden arakesmeden soň 17-nji tapgyr gepleşikler üçin Nur-Soltanda ýaňadandan duşuşdylar. Siriýada bar bolan şertler seljerilen hem bolsa, taraplaryň pozisiýalarynda haýsydyr bir özgerlişigiň ýokdugy görülýär. Maslahatdan soň berilen beýannamada; “syýasy çözgüt tapgyryndaky soňky wakalar, Idlipdäki şertler, ynsanperwer kömekler we terrorizme garşy göreş ýaly meselelere garaldy” diýilýär. Esasanda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada “Taraplar terrorizme garşy göreş bahanasy bilen iş ýüzüne geçirilmäge synanşylýan bikanun awtonom dolanşyk synanşyklarynyň kabul edilmesizdigini nygtadylar. Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky aktremist düzümler tarapyndan asuda ilata edilýän hüjümleriň we basyşyň aladalandyryjydygy beýan edilip, şol çäkde Türkiýe tarapyndan terror guramalary PKK/PÝD-ä garşy göreşiň ygrarlylyk bilen dowam etjekdigi nygtaldy” diýilýär.

Türkiýe, Eýranyň we Russiýanyň terror guramasy PKK/ÝPG-ä garşy ikirjiňli syýasatyndan düýpli biynjalyk bolmaga dowam edýär. russiýanyň Siriýanyň hökümeti bilen PKK/ÝPG-niň arasynda alyp barýan gepleşikleri, Türkiýäniň guramagy ähtimal harby operasiýalaryna garşy durma tagallasy Ankaranyň şübhesini artdyrýar.

Terror guramasy PKK/ÝPG häzirki wagtda Ýefradyň gündogarynda 40-50 müň inedördül kilometrlik giňişlige gözegçilik edýän bolsa, şol zolakda esasanda Türkiýäniň serhet zolagynda rus we Siriýanyň hökümetine degişli güýçler PKK/ÝPG terrorçylary bilen bilelikde iş alyp barmaga dowam edýär. Has günortada bolsa Amerikan esgerleri ýerleşýär. Ýefrat derýasynyň günbatarynda Tel Rifatda we Manbijde hem şeýle ýagdaý dowam edýär. PKK/ÝPG terrorçylary adybir etraplardan Türkiýäniň gözegçilik edýän zolaklaryna garşy terror aksiýalary üçin peýdalanýan bolsa, wagtal-wagtal gönüden türk esgerlerine hem terorr hüjümlerini guraýar. Türkiýäniň bar bolan şertleri kabul etmegi hiç bir şertde mümkin bolmaz. Mundan ozal Prezident Erdoganyň hem beýan edişi ýaly, ýa şol etraplardaky terror toparlary doly Russiýa we Siriýanyň hökümeti tarapyndan saplanar, ýa-da Türkiýe gönüden harby operasiýa gurar.

Russiýa Türkiýäniň syýasatlaryna we terror guramasy PKK/ÝPG meselesinde milli howpsuzlygy bilen bagly howplara ünsleri çemeleşmeli. Eger şeýle bolman halatynda Siriýada çözgüt tapmak we utdur-utdur çykgynsyzlygyndan halas bolmak mümkin däl.



Degişli Habarlar