Erdogan-Baýden Duşuşygy

Hepdäniň syny

1730250
Erdogan-Baýden Duşuşygy

Geçen hepde Rimde geçirilen G20-niň sammitiniň çäginde Prezident R.T.Erdogan bilen Baýdeniň arasynda bolan duşuşyk Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň gelejegi taýdan möhümdi. Özara duşuşykdan bir hepde ozal başdan geçirilen Ilçiler meselesinden soň guralan duşuşygyň ähmiýeti hasam artdy. Ilçiler meselesi çözülen hem bolsa, Türk-Amerikan gatnaşyklaryndaky beýleki düşnüşmezlikler gepleşikleriň çäginde seljerildi, emma çözgüt tapylmady. Duşuşygyň oňyn geçmegi kanagatlanma döreden hem bolsa, meseleleriň çözülmegi üçin ygtyýar beýan edilmegi Türk-Amerikan gatnaşyklaryndaky düşnüşmezligiň çuňlaşmagynyň öňüni aldy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniş bölüminiň Direktory Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýär.

Gatnaşyklarda täze sahypa açmak üçin garaşylan möhüm waka Türkiýäniň Amerikadan F-16 uçarlaryny almak islemegi we olaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň Amerikan Kongresine bökdelmezden amala aşmagy. Emma Amerikan hökümetiniň bu meselede kepilnama berendigini aýtmak mümkin däl. Eýsem şeýle satuwlar ABŞ-da Kongressiň tassyklamagyna garaşly. Baýdeniň Kongresi razy etmegi üçin elinden geleni etjekdigini aýdandygyna garamazdan bilermenler Kongressiň bu meselede beýle islegli däldigini beýan edýärler. F-16 uçarlarynyň alynmagy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy meselesinde iki ýurt ylalaşyk gazanmasa, Türk-Amerikan gatnaşyklarynda goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk hasam çylşyrymlaşar.

Beýleki bir mesele bolsa Siriýanyň ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG-ä berýän kömeginin dowam etmegi. Prezident Erdoganyň “indi sabrymyz galmady” diýmegi, Türkiýäniň golaýda Siriýada harby operasiýa geçirjekdiginiň alamaty hökmünde kabul edilen hem bosla, heniz haýsydyr bir operasiýa başladylmady. Erdogan duşuşykdan soň Amerikan hökümetini ýene-de bir gezek ÝPG-ä kömek berýändigi sebäpli tankyt etdi we onuň dowam etmeginiň mümkin bolmandygyny aýtdy. Şeýle tankytlar golaýda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Siriýa meselesinde ylalaşyk gazanmagyň kyndygyny görkezýär.

Duşuşygyň elbetde oňyn taraplary hem bardy. Baýden esasanda Owganystan meselesinde Türkiýäniň iş ýüzüne geçirýän syýasatyny nygtap, Türkiýäniň Owganystanda möhüm pozisiýa eýeläp biljekdigini nygtady. Aýratynam Gündogar Ortaýer deňizi we Liwiýa meselelerinde iki ýurduň bilelikde işleşjekdigini nygtamagy möhümdi.

ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda iki möhüm mesele bar: Şolaryň birinjisi ynam meselesi. Iki ýurt hem birek-birege bolan ynam duýgusyny ýitirdi. İkinjisi bolsa howpsuzlyk meselesinden ybarat. ABŞ-nyň esasanda Siriýa meselesinde alyp barýan syýasaty Türkiýe üçin howpsuzlyk meselesini ýüze çykarýar. Şu iki mesele çözülmän, iki ýurduň gatnaşyklarda täze sahypa açmagy ýeňil bolmasa gerek.



Degişli Habarlar