Türkiýäniň Siriýada Strategik Sabyry Galmady

Hepdäniň syny

1720981
Türkiýäniň Siriýada Strategik Sabyry Galmady

Prezident R.T.Erdoganyň beren soňky beýanaty belen Siriýada PKK/ÝPG-niň gözegçilik edýän zolaklaryndan guralýan hüjümler hakynda “indi sabyrymyz galmady” diýilýän bolsa, ýerli güýçler bilen ýa-da ýekelikde PKK/ÝPG-ä garşy harby operasiýalaryň guraljakdygyny görkezdi. Bu beýanatdan soň ünsler ýaňadandan Siriýa gönügen bolsa, Soçide birnäçe wagt ozal Erdogan bilen Putiniň arasynda geçirilen duşuşygyň kesgitleýiji bolandygyny aýdyp bileris.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Prezident R.T.Erdoganyň “indi sabyrymyz galmady” diýilýän beýanaty bilen birlikde Türkiýäniň Siriýada PKK/ÝPG-niň gözegçiligindäki ýerlere giň gerimli operasiýa guramagyna garaşylýar. Aslyna seredilende Türkiýäniň ençeme wagtdan bäri “strategik sabyrlylyk” bilen hereket edýändigini aýtmak ýerliksiz bolmaz. ABŞ we Russiýa bilen gazanylan ylalaşyklara garamazdan PKK/ÝPG Türkiýe serhedine ýakyn zolaklarda iş alyp barmaga dowam edýär. Terror guramasy PKK/ÝPG Türkiýäniň gözegçiligindäki Afrin, Azaz, Jarablus, Bab, Tel Abýad we Rasul Aýn ýaly etraplara geçip, terror hüjümlerini guraýar. Şol ýerlerde hem Türk ýaraglaryna degişli güýçleri hem-de Siriýanyň milli goşunyna degişli güýçleri nyşana alýar. Hat-da has öte geçip, adybir etraplarda durnuksuzlyk emele getirmek üçin asuda ilata garşy bombaly hüjümler guraýar. Türk ýaragly güýçleri we Milli howpsuzlyk guramasy Türkiýe tarapynda we esasanda Yragyň demirgazygnda PKK garşy üstünlikli operasiýalar gurap, gurama agyr zarba uran bolsa, PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG bosla Amerikan we rus hemaýatynda Türkiýäniň sabyryna zor salyjy iş alyp barýar. Emma Erdoganyň hem gönüden beýan edişi ýaly Türkiýe üçin Siriýada indi serhetler geçildi. Ozal guralan “Ýefrat Galkany”, “Zeýtun Şahajygy” we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýalarynda bolşy ýaly täze gir giň gerimli operasiýanyň bosagasynda durana meňzeýäs.

Bu taýda esasanda geçen hepdelerde Soçide geçirilen Erdogan-Putin duşuşygy ünsden düşürilmeli däl. Liderler ýörite duşuşyp, Siriýa hakynda pikir alyşdylar we taraplar dowam edýän iki taraply ýitgi çekme tapgyryndan çykmak niýetlerini beýan etdiler. Özara görnüşde bar bolan pozisiýalardan egilşik we özgerlişik bilen ylalaşyk gazanylan bolmagy mümkin. Onuň hem ýakyn gelejekde hem İdlib hem-de PKK/ÝPG tarapyndan gözegçilik edilýän etraplar bilen bagly möhüm netijeleri bolar. Emma liderleriň oňyn garaýandygyna seretmezden netije çykmasa, Russiýa we Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň İdlibi nyşana aljakdygyny, Türkiýäniň ol ýer ýüz öwürdiji güýç hökmünde gaýtawul görkezjekdigini, PKK/ÝPG-ä garşy harby operasiýalar başlatjakdygyny, Russiýa bilen Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň garşylyk görkezmäge synanşjakdygyny aýdyp bileris.



Degişli Habarlar