Birleşen Milletler Guramasynyň Çökgünligi

Hepdäniň syny

1717197
Birleşen Milletler Guramasynyň Çökgünligi

BMG, sowuk söweşiň gutarmagyndan soň global dolanşyk ulgamynda özüne has merkezi pozisiýa edinen hem bosla, halkara ulgamyň özgermegine parallel özgerlişigi başdan geçirmedi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniş bölüminiň Direktory Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýeke bloklylyk sebäpli emele gelen Amerikan merkezli global ulgamda BMG strategik gurama bolman, eýsem günsaýyn taktiki “enjama” öwrüldi. Gumanitar operasiýalar meselelerinde öňe saýlanýan hem bolsa, Balkanlarda serp geosoýasy agressiýanyň hüjümparazlygyna we Afrikada etniki saplaýyş syýasatlaryna garşy durup bilmedi. 8 müň bosniýaly musulmanyň Gollandiýanyň gözegçiliginde bolan BMG-niň zolagynda etniki gyrgynçylyga sezewar bolmagy, BMG ulgamynyň nähili çökgünlige sezewardygyny görkezipdi. Kosowada BMG-niň ýerine NATO-nyň çäre görüp, gyrgynçylyklaryň öňüni almagy BMG-däki weto ulgamynyň näme derde ýaraýandygyny hem görkezipdi.

Sowuk söweşden soň başdan geçirilen global derejedäki geosyýasy, syýasy, howpsuzlyk, ykdysady we jemgyýetçilik durnuksyzlyklar sebäpli emele gelen global dolandyryş çökgünligi bolsa BMG-niň “näsazlyklarynyň” hasam özüni görkezmegine sebäp boldy. Şu günki günde bolsa BMG-niň taryhynda görülip eşidilmedik çözgünlik başdan geçirilýär. BMG-niň esaslandyryjy pelsepesine garşy gönüden äsgermezçiligi ýüze çykaran çökgünlik, guramanyň legallygynyň giňişleýin seljerilmegini hem ýany bilen alyp getirýär.

Legallyk çökgünliginiň özeninde BMG-nin şunça geosyýasy özgerlişige garamazdan bäştaraplaýyn gurluşa boýun egmeginin dowam etmegidir. Global ulgam Sowuk söweşden soň çuňňur özgerlişige sezewar boldy we şol özgerlişik, bäş ýurduň söz hakyny dowam etdirmeginiň mümkin bolmandygyny görkezýär. Köp blokly we köp merkezli halkara ulgam öz ykballaryny bäş ýurduň kararlaryna tabşyrmak islemeýän beýgelýän güýçler tarapyndan ugrukdyrylýar. Ol hem BMG-niň bar bolan geosyýasy güýç balanslaryny beýan etmekden daşda durýandygyny görkezýär. Beýleki tarapdan BMG çuňňur wekilçilik çökgünligini başdan geçirýär. Medeni taýdan köpmedeniýetlilikden daşda we günbatar-merkezçi häsýete eýedir. Netijelilik meselesi, BMG-niň bar bolan ulgamynda dowam etmegini hem kynlaşdyrýar. Halkara çökgünliklerde wagtynda çäre görüp bilmeýän, çökgünlikleriň agyrlaşmagyna sebäp bolýan we çökgünlikleriň çözgüdini çäkli bähbit hasaplaryna terk edýän gurama gün tertibinde. Aç-açanlyk BMG-nin öňünde durýan legallyk meselesini hasam çuňlaşdyrýar. Kararlaryn kabul ediliş usuly, alynan kararlaryň çökgünligiň tebigaty bilen utgaşyksyzlygy BMG-niň aç-açan gurama bolmakdan günsaýyn daşlaşýandygyny görkezýär.

Global ulgamyň esasanda Kowid-19 pandemiýasyndan soň başdan geçiren çuňňur çökgünligi Sowuk uruşdan bäri halkara syýasatyň özboluşlygynda giň gerimli özgerlişigiň bosagasynda durandygymyzy görkezýär. Şol özgerlişik diňe bir güýçleriň bölüşilmeginiň ýaňadandan kadalaşdyrylmagy taýdan däl, güýjüň agyrlyk merkeziniň hem günbatardan gündogara tarap süýşýändigini görkezýär. Günbataryň geosyýasy üstünliginde geçen 200 ýyllyk geoýasy döwür, gündogaryň geosyýasy deňagralaşmasy bilen täze bir geosyýasy zamananyň döremegine sebäp bolup biler. Güýjüň bölüşilişiniň we geosyýasy ulgamyň düýpli özgerlişige sebäp boljakdygy, emma geçen döwürlerden tapawutlylykda iňňän metis global ulgamyň ýüze çykmagyna sebäp boljak täze döwürde BMG-niň özgerdilmegi ähli zatdan möhüm we gyssagly meseledir.

Global güýç bölünişine üns bermeýän we global meselelere wagtynda netijeli hem-de adalatly çözgüt tapmasa, BMG-niň legallyk meselesi hasam çuňlaşar. Bu çökgünlik bar bolan halkara hukuk ulgamynda alternatiw normalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolar we parallel hukuk dünýäsiniň emele gelmegine sebäp bolar. Häzirki wagtda alternatiw sebitleýin guramalaryň syýasy, ykdysady we howpsuzlyk taýdan kabul eden kararlary BMG-de tarapyndan kabul edilen normalaryn ýerini sebitleýin merkezli normalaryň almaga başlandygyny görkezýär. Beýleki tarapdan ýokary halkara gurama hökmünde BMG-niň ýerine alternatiw sebitleýin guramalaryň döredilmegi BMG-nin dolulygyna ýok bolmagyna ýa-da ejizlemegine sebäp bolar.


Etiketkalar: #halkara , #sowuk söweş , #BMG

Degişli Habarlar