Erdogan-Putin Duşuşygy

Hepdäniň syny

1713558
Erdogan-Putin Duşuşygy

Türk-rus gatnaşyklarynyň Siriýa we Liwiýa ýaly geosyýasy ähmiýetli ençeme mesele bilen synagdan geçýän döwründe Soçide Prezident R.T.Erdogan bilen Wladimir Putin özara duşuşyk geçirdiler. Duşuşyk, wagty taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan bolsa, liderleriň ähli meselelere garamazdan pozitiw gün tertibini emele getirmegiň hötdesinden gelendikleri görülýär. Esasanda Prezident Erdoganyň ABŞ-na we Baýdena garşy berk ýüzlenmelerinden soň Soçi duşuşygynyň möhüm netijeleri hem bolup biler.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türk-rus gatnaşyklary möhüm geosyýasy meseleler arkaly synagdan geçýär. Liwiýada Russiýa tarapyndan goldanýan Akila Salihiň liderlik etmegindäki Wekiller Mejlisi hökümetden ynam sesini yzyna çekendigini beýan eden bolsa, Türkiýäniň Krym meselesindäki pozisiýasy we Russiýanyň Türkiýäniň Polşa hem-de Ukraina ýaly ýurtlara “TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny satmagy bilen bagly aladalary iki ýurduň arasynda wagtal-wagtal dartgynlyga sebäp boldy. Emma hemişekisi ýaly iki ýurduň arasynda iň esasy mesele Siriýa bolmagynda galýar. Esasanda soňky hepdelerde Russiýanyň ulgamlaýyn görnüşde İdlibi bombalamaga başlamagy, hat-da Türkiýe tarapyndan tälim berilip, enjamlaşdyrylan Milli goşuna degişli güýçleri gönüden Afrinde nyşana almagy uly dartgynlygyň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Türkiýe bu harby operasiýasyny Idlibe garşy harby operasiýa guramaga taýarlyk hökmünde kabul edip, ýerlerdäki harby güýjüniň üstüni ýetirdi. Soňky gezek Milli goranmak ministri Hulusi Akar käbir beýanatlar berip, aladalaryny gün tertibine getirdi. Russiýanyň Soçi ylalaşygyna laýyklykda PKK-nyň Siriýadaky böleginiň Türkiýe serhedinden 32 kilometr içeri çekilmegi iş ýüzüne geçmezligi hem esasy mesele bolmagynda galýar.

Ine şeýle konýenkturada iki lideriň duşuşyk geçirmegi Türk-rus gatnaşyklary taýdan möhüm ähmiýete eýe. Prezident Erdoganyň BMG-niň Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na guran saparynyň çäginde Baýdeni tankyt edip, Putin we türk-rus gatnaşyklary hakynda oňyn diskurslar bermegi Soçidäki sammitiň ähmiýetini hasam artdyrdy. Sammitde liderler Siriýa, Liwiýa, Owganystan ýaly möhüm ugurlaryň ýany bilen energetika geosyýasaty we özara ykdysady gatnaşyklary hem seljerdi. Elbetde halk köpçüligine beýan edilmedik möhüm meseleleriň hem ara alynyp maslahatlaşlandygy aýdyp bileris. Bularyň netijeleri bilen bagly ýakyn gelejek iki ýurduň eýelejek pozisiýalary möhüm görkeziji bolar. Emma Erdogan bilen Putiniň Idlib bilen birlikde düşnüşmezlikleriň özara gatnaşyklara zyýan ýetirmegine ýol bermejekdikleri we pozitiw gün tertibini dowam etdirjekdigi görülýär.



Degişli Habarlar