Hytaý-Amerikan Dartgynlygynda Täze Sepgit

Hepdäniň syny

1710461
Hytaý-Amerikan Dartgynlygynda Täze Sepgit

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Awstraliýanyň arasynda gol çekişilen täze howpsuzlyk pakty Hytaý-Amerikan dartgynlygynda täze bir tapgyr hökmünde häsiýetlendirlip bilner.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniş bölüminiň Direktory Prof.Dr.Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Täze howpsuzlyk pakty AUKUS ähli zatdan ozal global güýç bäsleşiginiň harby tarapynyň nähili ugrukjakdygy taýdan möhüm görkezijileri özünde jemleýär. Harby topar elbetde göreşiň diňe bir bölümini emele getirýär. Ykdysady topar ylalaşyk tagallasy bolsa-da, harby toparda hiç kim işini töwekgelçilige goýmak islemeýär. Şol sebäpli birinji tapgyrda Hytaýyň nähili jogap berjekdigi iňňän möhüm. Resmi Pekiniň nähili pozisiýa eýelejekdigini öňünden kesgitlemek kyn hem bolsa, köşeşdirme we garşy deňagramlylyk syýasatyny alyp barjakdygyny aýdyp bileris. Eýsem şol düşünje Hytaýyň beýgeliş strategiýasynyň hem özenini emele getirýär. Gorkuzmazdan, abaý-syýasatsyz we çaknyşyksyz beýgelmek. Hytaýyň AUKUS-a görkezen reaksiýasy garaşylşy ýaly boldy we ony “jogapkärçiliksiz” hökmünde häsýetlendirdi.

Awstraliýanyň ýadro deňizasty ukybyna eýe bolmagy Hytaý üçin birnäçe jähtden möhüm hem-de howply. Birinjisi ABŞ-nyň we Britaniýanyň razwedka we harby güýjüni Hindi-Ýuwaş umman sebitine getirip, resmi Pekiniň hereket ukybyny çäklendirmegi. İkinjisi Awstraliýanyň agressiz goranyş ukybyny güýçlendirip, Hytaýa garşy harby deňagramlaşdyrmany berkidip, Hytaýyň okean derejesindäki harby güýç pozisiýasyny berkitmeginiň depginini gowşatmak. Üçünjisi, strategik häsýetli ýüzöwürdijiligiň AUKUS bilen bilelikde Hytaýa garşy taýarlanyp, agressiw Hytaý strategiýasynyň emele gelmeginiň öňüni almak. Dördünjisi bolsa Awstraliýanyň ýadro güýje öwrülme ähtimallygy. Ol, açan-açan Hytaýyň hem çäklendirilmegi-gurşaw astyna alynmagy hem-de Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa ýaly sebitleýin güýçler hem göz öňünde tutulanda giň gerimli deňagramlaşdyryş strategiýasyna tabyn etmek manysyny aňladýar. Şeýle dartgynly şertlerde Taýwan meselesi hem indi möhüm sepgide ýetdi. Ol hem Hytaý bilen AUKUS-y harby taýdan-da bäsdeşe öwrüp biler.

Şeýle strategiýa garşy Hytaýyň elbetde ençeme alternatiwi bar. Şolardan iň esasylaryndan biri garşy ýaraglanma taýdan agressiw syýasat alyp barmagy Demirgazyk Koreýa ýaly ulgamdan daşgary güýçleriň üsti bilen garşy ýaraglanma göçümlerini ileri sürmegi we alys sebitlerde ABŞ-nyň emele getiren boşluklaryny doldurmak üçin daşarky ýaran gözlegleriniň depgini güýçlendirmek bar. AUKUS-yň yzy süre Eýranyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna doly agzalyga kabul edilmegi tötänlikmi bilemizok, ýöne resmi Waşington üçin esasy meselelerden biri bolan Tährany rahatlandyrandygy anyk.

Has möhüm alternatiw bolsa hyzmatdaşlygyň düzümindäki iň ejiz halkany nyşana öwürmek; ýagny Awstraliýa. Şeýlelikde Hytaý gijä galmazdan resmi däl görnüşde Awstraliýa “ünsli bol” ýüzlenmesini berdi. Hytaýyň hökümetiniň halkara meselelerdäki garaýyşlaryny beýan edýän “Global Taýms” jurnalynda çykan analiz makalada Awstraliýa Hytaýa garşy döredilen ABŞ-nyň öňbaşçylgyyndaky trategiýada esasanda harby taýdan agressiw pozisiýa eýelän halatynda onuň jogapsyz galmajakdygy nygtalýar.


Etiketkalar: #dartgynlyk , #ABŞ , #Hytaý

Degişli Habarlar