Idlibde soňky perde

Hepdänin syny

1707355
Idlibde soňky perde

Siriýanyň hökümetine tabynlykdaky güýçler rus howa güýçleriniň goldaw bermeginde soňky günlerde Idlib welaýatyny bombalamaga başlady. Siriýaly oppozisionerleriň gözegçiligindäki 4 million ilatly welaýatyň nyşana alynmaga başlanmagy uly gumanitar pajyga sebäp bolar. Türkiýe howpa göz ýetirip, harby taýdan degişli çäreleri görmäge synanşýan bolsa, halkara jemgyýetçiliginiň dymmalygy Siriýanyň hökümetine we onuň ýaranlaryna güýç berýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýadaky harby wakalar we çaknyşyklar soňky aýlarda göräýmäge asuda dowam eden bolsa, hökümet rus howa güýçleriniň goldaw bermeginde ýaňadandan Idlibi nyşana almaga başlady. Ozal Soçide geçirilen liderler sammitinde Türkiýe bilen Siriýanyň arasynda sebit boýunça gazanylan ylalaşyga laýyklykda çaknyşyklar esasan bes edilipdi. Emma birnäçe hepdeden bäri hüjümleriň artandygy görülýär. Hökümete tabynlykdaky güýçleriň gury ýerden ruslaryň bolsa howadan, esasanda M4 liniýasynyň günortasynda Jabali Zawiýa etrabyny nyşana alýandyklary görülýär. Esasy operasiýa usulyýeti analiz edilende siriýaly oppozision güýçleriň we türk goşunlarynyň demirgazyga tarap çekilmegini üpjün etjek harby basyş emele getirmäge synanşýandyklary görülýär. Jabali Zawiýa etraby topografiki taýdan Idlibiň galan böleginden ýokarda, şeýlelikde strategik özboluşlyga eýe. Hökümete degişli güýçler şol sebite ornaşyp, İdlibiň demirgazygyna tarap uzap gidýän zolaklarda hüjüm güýjüni artydyryp, gözegçiligi ele geçirmäge synanşýar.

M4 logistiki liniýasynda-da doly hâkimiýet gurup, gündogar-günbatar çatrygynda Halapdan Latakiýa-Tunis tarapyna gidýän esasy ýollardan gözegçiligi ele almak isleýärler.

Hökümetiň we ýaranlarynyň bu egilşiksiz meýilnamalarynyň jerimesini bolsa hemişekisi ýaly asuda ilat çekýär. Birnäçe günüň dowamynda onlarça müň adam demirgazyga tarap ýerlerinden mahrum edildi. Giň harby operasiýa guralan halatynda bolsa ýüzlerçe müň adam ýerlerinden mahrum bolmaly bolar. Türkiýe ýüze çykmagy ähtimal gumanitar pajygany göz öňünde tutup, sebitdäki harby güýçleriniň üstüni ýetirýän we hökümeti bilen ýaranlarynyň yza çekilmegini gazanmaga çalyşýar. Halkara jemgyýetçiliginiň ABŞ-nyň başda durmagynda esasanda Rusiýa garşy basyş, edip, täze bir harby operasiýa synanşygynyň netijesiniň agyr boljakdygyny görkezmegi möhüm. Eger şeýle bolman halatynda Siriýada çaknyşyk şertleri ýüze çykar.


Etiketkalar: #halkara , #nyşana almak , #Idlib

Degişli Habarlar