Saud-BAE Çekeleşigi

Hepdäniň syny

1679590
Saud-BAE Çekeleşigi

Opek Plus atlandyrylýan, dünýäniň belli nebit öndürijileriniň nebit önümçilik kwotalary boýunça geçiren gepleşiklerinde Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýüze çykan düşnüşmezlik iki ýurduň arasynda bar bolan meseleleri ýüze çykardy. İki ýurduň arasynda dowam edýän strategik hyzmatdaşlyga garamazdan, esasanda soňky döwürde ençeme meselede tapawutly pozisiýa eýelemekleri, hat-da çaknyşyklaryň bolmagy Aýlagdaky içerki deňagramlyklar taýdan möhüm görkezijileri hem ýany bilen alyp geldi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

“Opek Plus” atlandyrylýan OPEK-e agza ýurtlar bilen Russiýadan emele gelýän özüne mahsus blok, uzak möhletden bäri isleg-önümçilik deňagramlygyny kadalaşdyryp, nebitiň nyrhynyň belli bir derejede galmagyny üpjün etmäge synanşýardy. Esasanda ABŞ-nyň gaýa nebitini öndürijileri, önümçiligi ýokarlandyrdygy saýyn “Opek Plusyň” agzalarynyň bazardaky paýy barha azalyp, nyrh durnuklylygynyň arasynda ikirjiňlenme ýüze çykan hem bolsa, agzalar hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň hötdesinden gelipdi. Emma ýüze çykan täze şertlerde Birleşen Arap Emirlikleriniň özüne goýulan önümçilik kwotasyndan ýokary çykmaga synanşmagy, Saud Arabystanyny gazaplandyrana meňzeýär. Saud Arabystanynyň Nebit ministriniň Birleşen Arap Emirliklerini tankyt etmeginden soň iki taraply günäkärlemeler dowam etdi.

Analitikler meseläniň diňe bir “Opek Plusyň” önümçilik kwotasy däldigini, iki ýurduň arasynda düýpli dartgynlygyň ýüze çykandygyny öňe sürýärler. Palestina, Katar we Ýemen meselelerinde taraplaryň tapawutly pozisiýa eýeleýändikleri görülýär.

Aslyna seredilende Trampyň döwründe Ysraýylyň we sionistleriň gönükdirmegi bilen BEA-niň we Suadileriň döreden koalisiýasy bardy. Sebitiň ähli strategik meselelerinde koalisiýanyň agzalary bilen bilelikde hereket edýärdiler. BAE-niň Şasy Muhammet bin Zaýed we onuň ýaranydygy aýdylýan Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy Muhammet bin Selman hem şol syýasaty alyp baryjylar hökmünde öňe saýlanýardylar. Emma bu şertlerde Ysraýyl bilen BAE-nin bähbitleri Saud Arabystanyňkydan öňe geçendigi sebäpli, Şalykda garşylyklar günsaýyn güýçlendi. Esasanda Palestina we Ýemen meselelerinde düpli tapawutlyklar ýüze çykdy. Trampyň häkimiýet başyndan gitmeginden soň Netanýahunyň hem iş başyndan aýrylmagy bilen koalisiýa dargady. Saudiler bolsa öz bähbitlerini seljermäge başladylar. Palestina meselesinde Pro-Ysraýyl pozisiýasyndan el çekilip, Katar bilen gatnaşyklar kadalaşdy. BAE, Ýemende husilere garşy dowam edýän harby operasiýadan çekildi. Saudlar BAE-ni ekstremist günorta fronty goldaýanlykda günäkärleýän bolsa, bu çekelşikler “Opek Plusyň” maslahatyndan soň hasam güýçlendi.

Elbetde iki ýurduň uly çaknyşyga ýa-da göreşe tutluşmagyna garaşmak ýerliksiz bolar. Emma Saud Arabystanynyň indi öz bähbitlerine laýyklykda hereket etjekdigini we ençeme meselede başgaça pozisiýa eýelejekdigini aýdyp bileris. Muhammed bin Selmanyň hem bu göreşden agyr zyýan çekjekdigini we jerimäniň onuň özüne salynjakdygyny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek.

 



Degişli Habarlar