ÝB-niň Liderleriniň Sammiti we Türkiýe

Hepdäniň syny

1669268
ÝB-niň Liderleriniň Sammiti we Türkiýe

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri iýun aýynyň ahyrynda ýokary derejeli maslahat geçirdiler. Maslahat aýyň dowamynda geçirilen ýokary depginli diplomatik duşuşyklardan soň guraldy.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň direktory Prof.Dr.Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2021-nji ýylyň iýun aýynda G7-niň, NATO-nyň we ABŞ-ÝB sammitleri bilen birlikde Trans-Atlantik gatnaşyklaryň depgini Jo Baýdeniň iş başyna geçmeginden soň güýçlendi. ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň mirasynyň zyýanly täsirleri heniz ortadan aýrylmady, emma resmi Waşington Ýewropa materigindäki ýaranlary bilen işleşmek üçin höwesekdigini görkezdi.

Ýewropada esasanda howpsuzlyk we daşary syýasat ugurlarynda Waşington bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin ikitaraply isleg bardy. Baýdeniň häzirki wagta çenli eden tagallalarynyň Trampyň prezidentlik möhletinden galan ýaramaz mirasy we Kovid-19-dan soň ABŞ bilen ÝB-niň arasyndaky ynamy hem-de arkalaşygy ýaňadandan dikeltmek üçin ýeterlik bolmandygy görülýär. Hytaý bilen nähili gatnaşyk etjekdigi, Russiýa meselesinde nähili pozisiýa eýelejekdigi, koronawirusdan soň güýçlenmek üçin ykdysady hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk ýaly jedelli käbir ugurlar Trans Atlantik gatnaşyklarynda oňyn atmosferanyň goralmagy üçin yza süýşürilene meňzeýär.

Türkiýe üçin soňky liderler sammiti haýsydyr bir oňyn başlangyç üçin wada bermedi. Hakykatdan hem sammit Brýussel bilen gatnaşyklary gaýtadan ösdürmek isleýän Ankara üçin garaşylýan netijäni bermedi. Türkiýe bilen oňyn gün tertibi diskursy anyk netijileri ýüze çykarmady. Dilden beýan edilen “oňyn gün tertibiniň” aslyna seredilende içgin däldigi we diňe resmi Ankaranyň özbaşdak tagallalaryny beýan etmek üçin ulanylandygy Türkiýedäki ençeme adam üçin mälim.

Jemleýji jarnamada Türkiýe bilen bagly 9 madda bardy. Emma şol maddalaryň hiç haýsysynda Türkiýäniň dalaşgär ýurtdygy beýan edilmedi. Türkiýe bilen gatnaşyklary has ýokary götermek üçin anyk başlangyçlar edilmedi, hat-da Türkiýe bilen dialog belli şertlere esaslandyryldy.

Jeýleýji jarnamada siriýaly bosgunlara kömek bermek hakynda aýdyldy, emma bosgunlar boýunça hyzmatdaşlyk Türkiýä mahsus başlangyç däl. 9 aýdan bäri dowam edýän “oňyn gün tertibine” garamazdan Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin başlangyçlar edilmedi. Ýewropanyň wadalarynyň arasynda şulara orun berildi: Wiza erkinligi, gümrük bileleşigine özgertmeleriň girizilmegi, agzalyk tapgyrynyň dikeldilmegi, goranyş we daşary syýasatda utgaşyklygy hem-de hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak.

Oňyn gün tertibiniň ara alynyp maslahatlaşylmagy resmi ýolbaşçylaryň ýany bilen raýat jemgyýetlerinde ÝB-niň gün tertibini goldaýanlary tolgundyrdy. Bu gysga hoşniýetlilik tapgyry ÝB-niň yzgiderli yza süýşürmegi sebäpli hyýallary puja çykarýar. ÝB-niň käbir agzalary ÝB-niň Türkiýe bilen gatnaşyklarynyň üznükmeginden hoşal bolup biler, emma ýaramaz şertleriň dowam etmegi Türkiýe bilen bagly ýerliksiz kararlardan soň Türkiýedäki Ýewropa boýunça şübheli we tankydy garaýyşlary hasam güýçlendirer.

Türkiýedäki resmi pozisiýa ÝB-niň Türkiýe bilen bagly “oňyn gün tertibiniň” “içgin däldigi” dogursynda. Ol, Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda Türkiýedäki hyzmatdaşlyga esaslanýan garaýyşy umyt döreden alty aýa görä azaltsa gerek.

Şol durnuksyz çemeleşmeden peýdalanýanlar Ýewropadaky türkofobik töwerekler we Türkiýede ýaýbaňlanýan Ýeropa şübbeçilligidir. ÝB-niň liderleri Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny yza süýşürmek üçin baha hökmünde grekleriň we kiprli rumlaryň tezisleriniň arkasyna bukulmakdan el çekmeli. Şol sebäpli “oňyn gün tertiniň” ynamdarlygyna howp abanýar. Bu durnuksyz pozisiýa dowam eden halatynda Ankara we türk halk köpçüligi ÝB bilen dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge dowam höwesini ýitirse gerek.



Degişli Habarlar