Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi

Hepdäniň syny

1648113
Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi

Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-nyn ornaşan etraplaryna garşy başladan “Penje-Ýyldyrym” operasiýalary dowam edýärkä, häzirki wagta çenli 150-ä golaý terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Türk ýaragly güýçleriniň bahar aýlarynyň gelmegi bilen operasiýalary giňeldip, dowam etdirmegine garaşylýar. Türkiýe bir tarapdan-da ýurduň ähli künjeklerinde terrorizme garşy göreşini dowam etdirýärkä, Milli howpsuzlyk guramasy üstünlikli operasiýalary bilen guramanyň ýokary derejeli diýilýän adamlaryny täsirsiz ýagdaýa getirýär.

SETA-nyn Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe goranyş doktrinasyna laýyklykda terrorizme garşy göreşýärkä, ençeme wagtlap goranyşda galandan soň gönüden serhetaşa operasiýalara başlap, terror guramasy PKK-ny Yrakda we Siriýada nyşana alýar. Ýurduň daglyk etraplarynda gurama berk gysyş edip, ornaşan ýerleriniň ählisine şolbir wagtda operasiýalar guraýar. Şol çäkde terror guramasy Türkiýäniň içinde aksiýa gurama ukybyny ýitiren bolsa, dagdaky terrorçylaryň sany 250-ä çenli düşdi. Ol, terrorizme garşy göreşde taryhy üstünligiň gazanylandygyny aňladýar. Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň beýan etmegine görä gurama Türkiýäniň içinde tas doly ýok edildi. Ol, täsirsiz ýagdaýa getirilen her bir PKK ýaranynyň ýeriniň boşandygyny we täze terrorçylaryň guramanyň düzümine goşulmandygyny görkezýär.

Türkiýe bir tarapdan bolsa konwensional usullar bilen Yrakda we Siriýada terror guramasy PKK garşy göreşýän bolsa, Milli howpsuzlyk guramasy ýerlerde ähli şertlerden peýdalanyp, PKK-nyň ýolbaşçy diýilýän adamlarynyň yzyna düşdi. Häzirki wagta çenli düzülen täze konsepsiýa bilen onlarça ýokary derejeli terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Dohokda, Gara etrabynyň golaýynda 4 PKK terrorçysy alynan maglumata laýyklykda ÝUHU-lar bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Guramanyň dolandyryş ulgamy tas derbi dagyn edildi.

Türkiýe PKK terroryna garşy göreşde taryhynda iň ýokary üstünlikleri gazanýar. Hem syýasy ygtyýar we egilşiksiz pozisiýa hem-de Türk ýaragly güýçleri bilen Milli howpsuzlyk guramasynyň şertleri we ukyby taýdan Türkiýe iň ýokary derejä eýe. Türkiýäniň şol üstünligi goranyş senagatyna we onuň eksport mümkinçiliginde hem görülýär. Soňky geze NATO we ÝB-ne agza ýurtlardan biri bolan Polşa 400 million dollarlyk “TB2” eksport edildi. Bu üstünlikleriň ählisiniň aňyrsynda Türkiýäniň oýlap tapan ulgamlarynyň işjeň söweş meýdanynda yzgiderli synagdan geçirilmeginiň uly paýy bar.



Degişli Habarlar