Ysraýylyň Palestina Hüjümleri

Hepdäniň syny

1643867
Ysraýylyň Palestina Hüjümleri

 Ysraýylyň Palestina guraýan soňky hüjümleri Gazada, Iýerusalimde we Günbatar Şeriýada dowam edýär.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Prof.Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýyl, esasanda Gaza guralan we asuda ilatdan ýüzlerçe adamyň pida bolan, müňlerçesiniň ýaralanan hüjümleri bilen täze öwrülşik etmek isleýär. Şol öwrülşik, Palestinanyň basylyp alynmagynyň we onuň ýüze çykaran ähli netijeleriniň üstüniň ýapylmagy hem-de meseläniň Gaza bilen çäklendirilmegini ýola goýýan strategiýa esaslanýar. Ysraýyl döwletiniň gurlan gününden bäri Palestinany ädimme-ädim basyp almagynda we alyp barýan agressiw syýasatlarynda esaslanýan amaly “kanunylygyň” sebäplerine ençeme faktory goşmak bolar. Emma şolaryň arasynda esasanda üç faktor öňe saýlanýar.

Birinji faktor, 2-nji Jahan urşunda edilen ýehudi genosidinden ýerlikli peýdalanylmagy. Şeýlelikde Germaniýa tarapyndan edilen ýehudi genosidinden soň anti-semitizm tabu özbolyşlygyna getirilip, şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin esasanda Ýewropa ýurtlarynda giňden wagyz edişleri geçirildi. Emma Ysraýyl gurlan gününden bäri anti-semitizmiň çägini giňeldip, özüne we alyp barýan syýasatlaryna bir görnüşli “kanunylyk” esasyny dörtdi. Eýsem Ysraýyl Palestinada alyp barýan syýasatlary bilen kiçijik tankydy hem şol kategoriýa goşmaga başlady we tas Ysraýyla edilýän her tankydy bellik resmi Tel-Awiw tarapyndan anti-semitik hökmünde häsýetlendirildi.

Meseläniň geň tarapy, Ysraýylyň içeri syýasatynda ulanylmagy düşnükli boljak şol anti-semitizm ýarlyklamasy, gysga möhletde ABŞ we Ýewropa ýurtlary tarapyndan hem özleşdirildi hem-de şol ýarlyklama ýa-da “hüşgärlik” ysraýylly resmilerden ozal adybir ýurtlaryň ýolbaşçylaryna degişli bolmaga başlady. Şonuň netijesinde Ysraýylyň basyp alyjylykly syýasaty we beýleki ähli çemeleşmeleri tas jedelsiz häsýete eýe boldy.

Ysraýylyň Palestinadaky basyp alyjy syýasatynda şeýle ikirjiňsiz çemeleşmegindäki ikinji faktor bolsa, ABŞ-nyň berýän şertsiz goldawy we Ysraýylyň lobbisiniň güýji. Ysraýyl döwlet hökmünde yglan edilmeginden 11 minut soň ABŞ tarapyndan ykrar edilip,  başyndan bäri ABŞ-nyň syýasy goldawyna eýe boldy. Amerikanyň harby goldawy bolsa ilki tapgyrlaýyn başlady; sebit ýurtlaryndan haýsydyr bir uly garşylygyň görkezilmejekdigine göz ýetirilmeginden soň 1967-nji ýyldan soň sebitde “Ysraýylyň harby rüstemligi” ýörelgesine laýyklykda berilmäge başlandy.

Jo Baýdeniň saýlawda üstün çykmagyndan soň Ysraýyla berilýän şertsiz goldawyň depgininiň gowşamagyna garaşyldy. Eýsem Baýden saýlaw kampaniýasynda Ysraýylyň howpsuzlygyna goldaw berjekdigini beýan eden hem bolsa, halkara guramalaryna we adam hukuklaryna hem sarpa goýjakdygyny beýan edipdi. Emma resmi ABŞ-nyň Ysraýylyň soňky döwürdäki agressiw syýasatlaryna bildirýän reaksiýasyna seredilende Trampdan soň Palestina meselesindäki tamalary puja çykarandygy görülýär.

Ysraýylyň edýänlerine şert döredýän we Palestinadaky basyp alyjy syýasatynda şeýle ikirjiňsiz çemeleşmegindäki üçünji faktor bolsa sebitleýin deňagramlyklaryň we güýçleriň tapawutly bähbit hasaplary bilen bagly. Şol faktor Palestina meselesiniň başlamagyndan we başdan geçirilen Arap-Ysraýyl söweşlerinden bäri täsirini görkezip gelýär. Eýsem Ysraýyl sebitde ýerleşýän ýurtlaryň tapawutly bähbitleri we utgaşykly hereket etmeýändigi sebäpli Palestinany doly basyp aldy. Sebitleýin deňagramlyklar esasnda soňky 10 ýylda Ysraýylyň bähbidine özgerdi. Üssesine Ysraýyl şol özgerlişik üçin agyr çykdajy hem çekmeli bolmady. Şol çäkde Müsürde Hüsni Mübäregiň häkimiýetden agdarylmagyndan soň Kemp Dewid ulgamynyň dargama ähtimallygy sebäpli aladalanan Ysraýyl, 2013-nji ýylda guralan soňky agdarlyşykdan soň we Siriýadaky içerki urşuň depginini ýokarlandyryp, dowam etmegi netijesinde rahatlandy. Bu faktorlaryň ählisinde ýa-da azyndan birinde boljak özgerlişik, Ysraýylyň Palestinada mundan soňky adimlerine täsir ýetirjek özbolyşlyga eýedir.


Etiketkalar: #hüjüm , #Palestina , #Ysraýyl

Degişli Habarlar