Penje-Ýyldyrym Operasiýalary

Hepdäniň syny

1632101
Penje-Ýyldyrym Operasiýalary

Türkiýäniň terror guramasy PKK garşy göreşi egilşiksiz dowam edýärkä Milli goranmak ministrligi Yragyň demirgazygynda Penje-Ýyldyrym operasiýalarynyň başladylandygyny habar berdi. Ozalky çaklamalar hem bahar we tomus aýlarynda Türkiýäniň esasan-da Yrakda uly operasiýalar gurajakdygy dogursynda-dy.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe PKK terroryna garşy ýurduň içinde we daşynda Yrak, Siriýa ýaly guramanyň ornaşan ýerlerinde egilşiksiz göreşýär. Terror guramasyna garşy doly basyşa esaslanýan, agressiw göreş usulyýeti saýlanyp alyndy. Bu strategiýanyň soňky ýyllarda oňyn netijeler berendigini hem görýäris. Guramanyň Türkiýäniň içinde aksiýa gurama ukyby esli azaldylan bolsa, daglardaky terrorçylaryň sany 300-den az.

Emma Türkiýäniň terror guramasy PKK bilen esasy göreşi Yrak-Siriýa tarapynda dowam edýär. Türkiýäniň şol sebitlerde ornaşan terrorçylara garşy esasy strategiýasy, ilkinji nobatda terror guramasynyň Türkiýäniň serhet zolagyndan çetleşdirilmegi, gözegçilik edýän zolagynyň alynmagy we Yrak-Siriýa liniýasyndaky arabaglanşygynyň doly aýrylyp, çäklendirilmegine esaslanýar. Şol çäkde Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda Metina, Awaşin-Basýan etraplaryna täze bir harby operasiýa başlatdy. Penje Ýyldyrym atlandyrylan operasiýalaryň çäginde Türkiýe terror guramasy PKK-ny Yragyň demirgazygyndaky daglyk ýerlerden doly saplamagyň ugrunda. Harby Howa we guryýer goşunlarynyň gatnaşmagynda guralýan operasiýalarda şol bir wagtda-da strategik depelere ýörite desant güýçleri ornaşdyryldy. Türk ýaragly güýçleriniň sebitdäki strategik depeleri gözegçilik astyna almagyndan soň harby bazalar döretjekdigini aýtmak ýerliksiz bolmasa gerek. Şeýlelikde hem Türkiýe serhet zolagynyň howpsuzlygyny üpjün eder, hem-de guramanyň sebitde ýerleşýän tälim ýerleri we gönükdiriş merkezleri ýok ediler. Häzirki wagta çenli sebitde PKK güýçleri uly garşylyk görkezip bilmedi. Guramanyň sebitdäki goranyş zolaklary esasan ýok edilen bolsa, 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçlerinin sebitdäki berkitmelerinden soň 2021-nji ýylyň dowamynda günortadaky Gara etrabyna we netijede Kandila tarap uly harby operasiýa geçirjekdigini aýdyp bileris. Yragyň Sinjar etrabyndaky wakalar Türkiýäniň üns merkezinden düşmeýär. Eger sebitde ozal Bagdat bilen Erbiliň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda terror guramasy PKK doly saplanmasa, Türk ýaragly güýçlerinin Sinjary nyşana almagy ähtimal.



Degişli Habarlar