Liwiýa-Türkiýe Gatnaşyklary

Hepdäniň syny

1623244
Liwiýa-Türkiýe Gatnaşyklary

Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe wezipä girişmeginden soňky hem özüniň hem-de hökümet we döwlet resmileriniň şu güne çenli bolan iň ýokary profilli saparyny 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Ankara gurady. Dibeýbe ministrler kabinetiniň 12 agzasy bilen Ankara sapar gurady. Türkiýe-Liwiýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ilkinji maslahaty şol çäkde geçrildi. Maslahatyň netijesinde bäş sany hökümetara ylalaşyga gol çekişildi.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Saparyň ilkinji nobatda simwoliki ähmiýeti bar. Dibeýbäniň 2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda Premýer-ministrlige saýlanmagyndan soň hem Dibeýbe hem-de Prezidiumyň Başlygy Muhammed Ýunus al-Menefi ençeme ýurduň hökümet we döwlet ýolbaşçylary bilen halkara guramalaryndan gutlag hem-de goldaw ýüzlenmelerini alandyrlar. Gutlag we goldaw ýüzlenmelerinden soň saparlar guralandyr. Geçen möhletde hem Dibeýbe we Menefi daşary ýurtlara sapar guradylar hem-de Tripolide ençeme daşary ýurt wekiliýetini kabul edendirler.

Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümeti uzak dowam eden taýarlyklardan soň Liwiýadaky bölünşigi ortadan aýyrýan, kanuny dolanşyk hökmünde ýüze çykandygy üçin häzirki wagtda Liwiýada bar bolan taraplaryn ählisi Milli ylalaşyk hökümeti bilen gatnaşyk açmagyň ýollaryny gözleýärler. Oňa Haftara goldaw berip, Milli ylalaşyk hökümetini häkimiýet başyndan agdarmaga synanşan Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Russiýa we Fransiýa hem degişli.

Diňe bir häzirki taraplar däl, gelejekde-de Liwiýadan bähbide garaşýan ähli taraplar haýsam bolsa bir görnüşde Milli ylalaşyk hökümeti bilen aragatnaşyk saklamak, gowy gatnaşyk açmak we gelejekde Liwiýada ygtyýar eýelemek üçin başlangyçlar edýärler. Ine şeýle şertlerde Dibeýbäniň we Milli ylalaşyk hökümetiniň häzirki wagta çenli bolan iň ýokary profilli saparyny Anakara guramagy Türkiýäni Liwiýada taraplaryň arasynda hamala diýersiňiz “deňleriň arasynda birinji” pozisiýasyna göterdi.

Saparyň iň özboluşly taraplaryndan biri köp sanly ministriň gatnaşmagynda guralmagy boldy. Milli ylalaşyk hökümetiniň düzümi Premýer-ministr Dubeýbäniň ýurduň dürli şäherdir sebitlerinde deňagramlyklara laýyklykda gazanan ylalaşygyna we egilşiklerine laýyklykda emele getirildi. Tehnokrat tarapy öňe saýlanýan hökümetiň esasy wezipesi 2021-nji ýylyň 24-nji dekabrynda ýurdy saýlawa taýarlamak, bölünen we bäsdeş guramalar bilen organlary birleşdirmek we şol möhletde halka hyzmat bermek. Liwiýa 2011-nji ýyldan bäri üpjün edilip bilinmeýän güýçli awtoritar, 2014-nji ýyldan son Haftaryň başladan içerki urşy, 2019-njy ýylda ýene-de Haftaryň Tripola hüjüm guramagy bilen ýaramaz dolanşyk sebäpli häzirki wagtda saglygy goraýyşdan bilim pudagyna, infrastrukturadan howpsuzlyga tas ähli ugurlarda agyr kynçylyklary başdan geçirýär. Liwiýanyň halky üçin syýasy liderleriň ideologik meýilleri däl, esasy zat gündelik durmuş şertleriniň kadalaşmagyndan ybarat.

Şol sebäpli Dubeýbänin liderlik edýän Milli ylalaşyk hökümetiniň iňňän praktiki derejede halkyň gündelik durmuşyny kadalaşdyryjy çözgütler tapmagy möhüm. Bu saparyň dowamynda diňe bir Dubeýbä ýakyn toparyň däl, 14 ministriň oňa ýoldaşlyk etmegi, her ministriň türk kärdeşi bilen duşuşmagy, tanyşmagy we mundan beýläk ýola goýuljak hyzmatdaşlyklar üçin şet döretmegi taýdan iňňän möhüm. Şol çäkde daşary işler, senagat, bilim, içeri işler, daşky gurşaw, ýerli dolanşyklar, gurluşyk, söwda, gazna we meliýe hem-de energetika ministrleri duşuşyklar geçirdiler. Liwiýanyň Goranmak ministrligine hem wekilçilik edýän Premýer-ministri Dubeýbe Milli goranmak ministri Hulusi Akar bilen duşuşdy.

Saparyň netijesinde Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda gol çekişilen ylalaşyklaryň iň esasylaryndan biri, Liwiýada türk firmalaryndan biri tarapyndan guruljak üç sany elektrik bekedidir. Libiýada hem agdarlyşyk mahalynda hem-de içerki uruşda ençeme infrastruktura desgasy hatardan çykdy. Şol sanda elektrik beketleri hem wagtynda seredilmändigi we abatlanmandygy üçin kadaly işlemeýärdi.

Syýasy-strategik taýdan Liwiýadaky täze hökümet Türkiýäniň esasy taraplardan biridigini we onuň beýleki halkara güýçler tarapyndan hem ykrar edilýändigine göz ýetirýär. Ýewropa ýurtlary we ABŞ Türkiýe bolmasa gazanylan parahatçylyk şertleriniň we syýasy tapgyryň dowam etdirilmeginiň kyndygyna göz ýetirýar. Liwiýanyň hökümeti Türkiýäni şol strategik pozisiýa ornaşdyrdy. Sapar hem şonuň delilnamasy hökmünde kabul edilmeli.



Degişli Habarlar