Oraz Aýy Başlady
Şu gün ilkinji agzaçarlar beriler
1620207

Musulman dünýäsi şu gün başlap, bir aý dowam etjek remezana gadam basdy. Allanyň bendeleri bolan musulman dinine uýýan möminler, onuň razylygyna laýyk bolmak üçin bir aýyň dowamynda agyz beklärler. Oraza mahsus agşam şamy bolan agzaçarlar gijeki naharlar bolan selälikler iýiler. Ýassy namazy bilen birlikde Oraz aýyna mahsus tarawa namazy okalar. Bütin musulman dünýäsini mukaddes Oraz aýynyň gelmegi bilen mübärekläp, şu keramatly aýda edilen günäler sebäpli tobalaryň kabul bolmagyny dileýäris.