ABŞ-nyň Hytaý Syýasaty

Hepdäniň syny

1614147
ABŞ-nyň Hytaý Syýasaty

Hytaýy esasy strategik bäsdeş hökmünde kabul edýän ABŞ, Amerikanyň artykmaçlygynyň Hytaýa öz içine alýan gapma-garşylyga sezewardygyna göz ýetirýär. Emma düýbi Obama döwründe tutulan Hytaýy deňagramlaşdyrmak üçin iş ýüzüne geçirilmäge başlanan “Aziýa piwoty” strategiýasynyň nähili amal ediljekdigi babatynda käbir soraglar bar. Amerikan hökümetiniň Hytaýy çäklendirmegi we deňagrammlaşdyrmagy strategik maksat hökmünde dowam etdirýändigi, emma şol strategiýanyň usullarynyň tapawutly boljakdygy düşnükli. Blinken bilen Auistiniň Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna guran saparlary bilen Auistiniň Ýaponiýa sapary Hytaý boýunça ediljek başlangyçlaryň iň göze ilýän ugurlaryny emele getirýär. Ilkinji maksat adaty ýaranlyk gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin kuwwatly syýasy gatnaşyklar ýola goýulmaly. Soň bolsa Hytaýyň geosyýasy taýdan giňelmegine garşy şol demokratik we syýasy halka ykdysady hem-de harby taýdan güýçlendirilmeli.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary boýunça Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Blinkeniň Ýaponiýada eden çykyşy, Amerikan hökümetiniň Hytaýyň diňe bir ykdysady we harby howp däl, şol bir wagtda-da norma-merkezli liberal ulgama hem howp salýandygyny pikir edýändigini görkezýär. Demokratiýa, adam hukuklary we hukugyň hökmürowanlygy ýaly ugurlarda Hytaýa has çynlakaý çemeleşýän täze hökümet, bu meseläniň halkara ulgamyň geljegi bilen bagly çekeleşik emele getirjekdigine göz ýetirýär.

Hytaýa garşy global blok döretmäge synanşýan resmi Waşingtonyň halkara ulgamyň özgerdilmegi bilen beýleki bir maksady bolsa, adaty ýaranlyk ulgamyny abatlamak üçin günbatar böleginde geosyýasy üýtgetme etmek. Şol jähtden Transatlantik gatnaşyklarda Trampyň döwründe ýüze çykan düşnüşmezlikleri ortadan aýyrmak we ýüze çykan dartgynlyklaryň geosyýasy taýdan çuňlaşmanka gysga möhletde çözülmegi Baýdeniň ileri tutýan ugurlaryndan biri.

Blinkeniň NATO-nyň ministrler derjesindäki maslahatyna gatnaşmak üçin Brýussele guran saparynda şol çemeleşme çürt-kesik ýüze çykdy. Resmi Waşingtonyň bu taýda iki maksady bar. Birinjisi Transatlantik geosyýasy blogyň esasy sütünini emele getirýän NATO-nyn strategik missiýasynyň täzeden kesgitlenmegi. Trampyň döwründe dartgynlaşan NATO, resmi Waşington üçin kadalaşmaly ýaranlyk ulgamy hökmünde kabul edilýär.

Alýansyň diňe bir goranyş we howpsyzlyk guramasy däldigini nygtan Blinken Brýusselde NATO-nyň syýasy tarapyny hasam öňe çykardy. İň esasysy bolsa NATO-nyň Hytaý boýunça pozisiýasynyň nähili boljakdygy Transatlantik geosyýasy bloguň esasy ugurlarynyň başynda durýar. Guramanyň “Hytaýa düşünme” tapgyryna başlandyklaryny aýdan Baş sekretar Stoltenberg, indi Hytaýa garşy “howp” adalgasyny has ýygydan ulanmaga başlady. ÝB-niň Ýokary wekili Borrelliň hem Blinken bilen geçiren duşuşygynda şol pozisiýanyň gaýtalanýan diskursa öwrülendigi görülýär.

Resmi Waşingtonyň maksatlarynyň ikinjisi bolsa Transatlantik bloga degişli günbatar geosyýasy bölegini ýaňadandan birleşdirmek. NATO-nyň maslahatyna gatnaşan Blinkeniň ýany bilen Baýdeniň ÝB-niň liderler sammitine wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşyp, Hytaýa we Russiýa ünsleri çekmegi Ýewropany gönükdirme häsýetine eýedir.

Blinken Ýewropa ABŞ-nyň Hytaýa garşy göreşinde “ýa biziň bilen boluň, ýa-da olar bilen” diýlen alternatiw hödürlemeýändiklerini beýan eden hem bolsa, Ýewropa Hytaý meselesinde tarapyny kesgitlemegi üçin gysyş etjekdikleri görülýär. ÝB-niň iş ýüzüne geçirmäge synanşýan täze strategik awtanomiýa syýasatyny ugrukdyrýan aladalardan biri hem Hytaý. Şol sebäpli Hytaýa garşy strategik jebislik döretmek üçin ABŞ-nyň liderligini kabul etjek Ýewropa hem bar ýaly.


Etiketkalar: #Ýewropa , #syýasat , #Hytaý , #ABŞ

Degişli Habarlar