Ermenistanda Dartgynlyk Dowam Edýär

Hepdäniň syny

1596364
Ermenistanda Dartgynlyk Dowam Edýär

 

Ermenistanyň Baş ştabynyň Başlygy geçen hepde Premýer-ministr Nikol Paşinýany wezipeden çekilmäge çagyrdy. Paşinýan bolsa ony “agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsýetlendirip, baş ştabyň başlygyny wezipesinden boşatmaga synanşdy we halky köçä çagyryp, reaksiýa bildirdi. Hökümetiň tarapdarlary we oppozision topar şol bir wagtda Ýerewanda jemlenişmäge başlady. Ermenistanyň Prezidenti, baş ştabyň başlygynyň wezipeden boşadylmagy hakyndaky karary tassyklamady we Paşinýan eger şeýle bolan halatynda prezidentiň hem “agdarlyşyk synanşygyna” goşulandygyny aýtdy.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglar bölüminiň Müdiri Prof.Dr.Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ermenistandaky wakalaryň aňyrsynda biri-biri bilen baglanşykly üç sebäp bar. Şolaryň birinjisi, Ermenistanda dowam edip gelýän ýoksullyk we galplyk. Dolanşygyň başarnyksyzlygy sebäpli ýüze çykan bu şertler aslyna seredilende Paşinýanyň sebäp bolmadyk, emma çözgüt tapmakdan hem daşda duran meselesi. Paşiýanyň 2018-ni ýylda häkimiýet başyna gelmeginde günbatar ýurtlarynyň goldawy ýaly ýoksullyga we galplyga çözgüt tapma ähtimallygynyň hem täsiri bolupdy. Ony goldaýanlar Russiýa bilen ýakyn gatnaşyk edýän ulgamyň meselelere çözgüt tapmandygy sebäpli Paşinýany alternatiw kabul edip, goldapdy.

İkinji sebäp, 2-nji Garabag urşunda Azerbaýjanyň ýeňişi we Ermenistanyň ýeňilmegi. Ermenistanyň hökümetleri onlarça ýyl dowam eden diplomatik gepleşiklerde ylalaşyksyz pozisiýa eýeläp, basyp alyjy syýasatyny dowam etdiripdi. Paşinýan bolsa içerdäki çykgynsyzlygy ýeňip geçmek üçin gepleşiklerde “parahatçylyk üçin ýer” bermegiň deregine basyp alyjylygy artdyrmak üçin “täze söweş” modelini iş ýüzüne geçirmäge synanşdy. Şonuň netijesinde başlan 2-nji Garabag urşunda bolsa Ermenistan ýer almak beýlede dursun, basyp alan ýerlerinden çekilmäge mejbur boldy. Ermenistanyň halkyna uruş hakynda dogry maglumat bermedik Paşinýan geçen ýylyň 10-nji noýabrynda Üçtaraplaýyn jarnama gol çekişilýärkä kameralaryň öňüne çykyp bilmändi we ylalaşygyň şertleri Ermenistanyň halkynda agyr täsir galdyrdy. Şeýlelikde 2-nji Garabag söweşiniň netijeleri diňe bir Paşinýan üçin däl, eýsem Ermenistanyň syýasaty, goşuny we halky üçin hem kabul edilmesi iňňän kyn bolan döwri başlatdy.

Üçünji sebäp bolsa Ermenistanda soňy gelmeýän güýç göreşi. Mikro derejede Ermensitanda güýjüni gorap saklamak we giňeltmek isleýän Garabag klanynyň we dürli ýurtlardaky ermeni diasporasynyň emele getirýän toparlar bar. Şol toparyň häkimiýet göreşinde güýç we legallyk gazanmak üçin dürli ýurtlar bilen edýän hyzmatdaşlyklary bolsa makro güýç göreşiniň beýleki tarapyny emele getirýär.

Makro güýç göreşini esasan Russiýa bilen günbataryň arasyndaky göreşe esaslandyrmak mümkin hem bolsa, şol göreş mikro göreş bilen birleşende, öz içinde çykgynsyzlaşýar.

Duýduryş häsýetde jarnama garşy durmagy saýlap alan Paşinýan häzirki wagtda ýene-de birnäçe wagt häkimiýetini gorap saklajaga meňzeýar. Eýsem beýan edilen üç sebäp hem güýjüni dowam etdirýär. Ne Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ne goşunyň ne-de gelejek täze hökümetiň elinde şol sebäpleriň emele getirýän durnuksyzlygyny ortadan aýyrjak çadyly jybyjak ýok.

 



Degişli Habarlar