Penje Bürgüt Operasiýasy

Hepdäniň syny

1583317
Penje Bürgüt Operasiýasy

 

Türkiýäniň terrorizme garşy göreş hem ýurduň içinde hem-de ýurduň daşynda, goňşy ýurtlarda dowam edýär. Bir tarapdan Türkiýäniň içinde galan PKK terrorçylary nyşana alynýan bolsa, şol bir wagtda-da gurama Yrakda we Siriýada gysyş edilýär. Milli goranmak ministrligi beren soňky beýannamasynda Yragyň demirgazygynda “Penje Bürgüt 2” operasiýasyny başladandygyny habar berdi. Türk harby howa güýçleri sebiti ýokardan nyşana alýan bolsa, dik uçarlar saýlama türk komandolaryny belentliklere eltip, gurama garaşylmadyk duýdansyz zarba urdy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe terror guramasy PKK garşy göreşinde soňky ýyllarda depginini ýokarlandyrdy. Gurama hem ýurduň içinde hem-de ýurduň daşynda geçirilýän operasiýalar bilen ähli taraplaýyn basyş edilip, howpsyz zolaga ornaşmagynyň öňi alynmaga synanşylýar. Şol çäkde esasanda Yrakda “Berkararlyk” operasiýalarynyň dowamy hökmünde başladylan “Penje Bütgüt” operasiýalary bilen terror guramasyna agyr zarba uruldy. Guramanyň hem ýerlerdäki häkimiýeti syndyrylýar, şol bir wagtda-da howpsyz zolaklarda döreden dolandyryş-gözegçilik we tälim merkezleri hem şol çäkde derbi dagyn edilýär. Türk ýaragly güýçleri ozalam gir-çyk strategiýasyndan tapawutlylykda baryp, saplan sebitlerinde ornaşyp, şol ýerlerde gurama garşy pozisiýa eýeleýär. Şeýlelikde guramanyň agzalarynyň şol ýerlere dolanyp barmagynyň öňüni alýar.

Howa şerleriniň kadalaşmaga başlamagy bilen şol operasiýanyň soňky tapgyry hökmünde Milli goranmak ministrliginiň yglan etmegi bilen “Penje Bürgüt 2” operasiýasynyň Gara etrabynda başladylandygy habar berildi. Türk harby howa güýçlerine degişli uçarlar sebiti agyr bombardyman astyna alan bolsa, dik uçarlar hem saýlama komandoslary eltip, guramanyň agzalaryny täsirsiz ýagdaýa getirmäge başlady. Bu operasiýada hem “Atak” hüjüm dik uçarlaryndan we uçarmansyz howa ulaglaryndan işjeň peýdalanylýar. Sebitde ozalam Peşmerge güýçleri belli ýerlere ornaşypdy, Peşmergeler bilen guramanyň arasynda wagtal-wagtal çaknyşyk bolupdy. Indi bolsa gurama üçin strategik ahmiýete eýe bolan Gara etraby saplanýança operasiýanyň dowam etjekdigini aýdyp bileris. Netijede Peşmergäniň ozalky operasiýalaryny göz öňünde tutup, Ankara bilen Erbiliň arasyndaky PKK garşy utgaşyklygyň dowam edýändiginy we onuň Türk ýaragly güýçleriniň degişli operasiýalaryny ýeňilleşdirendigini hem aýdyp bileris. Bir tarapdan Ankara-Erbil-Bagdat arasyndaky ylalaşyga laýyklykda Sinjar boýunça işe girişilýän bolsa, Türk ýaragly güýçleriniň geljekki aýlaryň dowamynda Garanyň daşynda guramanyň gözegçiligindäki beýleki ýerlere hem operasiýalarynyň dowam etjekdigini we netijede Kandile tarap guramanyň doly gysylyp, çäklendirilmeginden soň terror guramasyny derbi dagyn etmek üçin ahyrky operasiýanyň guraljakdygyny aýdyp bileris.



Degişli Habarlar