Sinjar

Hepdäniň syny

1574432
Sinjar

 

Yragyň demirgazygynda Türkiýäniň we Siriýanyň kesişýän nokadynda ýerleşýän Sinjar etrapçasy soňky günlerde ýaňadandan gün tertibinde.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Sinjar etrapçasy DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen terror guramasy PKK tarapyndan ele geçirilipdi we gurama üçin Yrak-Siriýa liniýasynda esasy logistiki merkez hökmünde peýdalanyldy. Guramanyň sebitde ornaşmagy bolsa Türkiýe üçin uly howp hökmünde görülýär. Soňky döwürde guramanyň sebitden çykarylmagy üçin möhüm wakalar başdan geçirilýär.

Yrakda, Türkiýe bilen Siriýanyň kesişýän nokadynda strategik ähmiýete eýe bolan Sinjar etrapçasy uzak ýyllardan bäri Bagdat bilen Erbiliň arasynda bölülişip bilinýän zolak hökmünde bilinýärdi. Sebitde ezidileriň ýaşamagy dünýäniň hem ol ýer bilen gyzyklanmagyna sebäp bolýar. Emma 2014-nji ýylda terror guramasy DAIŞ-iň etrapçadaky ezidileri nyşana alyp, gyrgynçylyk etmegi, soň ýüze çykan haosdan peýdalanyp PKK-nyň etrapça ornaşmagy, Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşi taýdan hem sebitiň ähmiýetini artdyrmaga başlaýar. Terror guramasy PKK hem sebitiň geografik ýerleşişinden peýdalanyp Yrak-Siriýa liniýasynda möhüm logistiki merkeze gözegçilik astyna aldy hem-de sebitde ýaşaýan ezidileri güýç bilen öz düzümine goşup, bähbitleri üçin ulanýan zolagy hökmünde görýärdi.

Sebitde kanton dolanşygyny döretmäge synanşýarka şol bir wagtda-da ezidileriň döreden ýaragly ÝBŞ güýçleri bilen häkimiýeti güýçlendirmäge synanşdy. Emma Yragyň Kürt dolanşygyna tabynlykdaky peşmergeler bilen görgeşmäge mejbur boldular. Soň bolsa Türkýäniň yzly-yzyna guran howa opersaiýalary bilen PKK zarba urulmaga başlandy. Türkiýäniň Milli howpsyzlyk gullugy arkaly sebitdäki terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylary birin-birin ýok edilmäge başlandy.

Bu tapgyrda ezidileriň esasy böleginiň PKK garşy durandygy we PKK-nyň etrapçadan çykarylmagy üçin basyş etmäge başlandygy görüldi. Netijede Türkiýäniň hem talaplary bilen Bagdat bilen Erbiliň arasynda PKK we Haşdi Şaabi ýaly beýleki ýaragly güýçleriň sebitden doly çykarylmagy üçin ylalaşyk gazanyldy. Yragyň merkezi goşunlarynyň etrapça gelmegi bilen PKK tabynlykdaky güýçler käbir ýerlerden çekildiler, emma gurama henizem Sinjaryň çetki obalarynda pozisiýasyny gorap saklaýar. Türkiýe Yragyň goşunlarynyň sebitiň gözegçiligini doly ele almagy üçin egilşiksizdigini, ähli goldawy bermäge taýardygyny nygtaýar. Emma eger gysga möhletde garaşylýan başlangyçlar edilmese, bir taraply operasiýa gurama ähtiamallygy hem gün tertibinde.

Netijede Türkiýe taýdan Sinjaryň terror guramasy PKK-dan saplanmagy diýmek guramanyň Yrak-Siriýa liniýasynyň esasy böleginiň çäklendirilmegini aňladýar. Geçen hepde Türkiýäniň Goranmak ministri Akaryň Bagdada we Erbile guran saparlary hem terrorizme garşy göreş we Sinjar jähtinden seljerilmeli.


Etiketkalar: #Yrak , #terror guramasy , #Sinjar

Degişli Habarlar