Kovid-19 pandemiýasy

Hepdäniň syny

1556424
Kovid-19 pandemiýasy

 

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenji alymy Jan Ajunyň Kovid-19 pandemiýasy hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2020-nji ýyl global taýdan bütin dünýä üçin agyr ýyl boldy diýsek ýalňyşmarys. Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan Kovid epidemiýasynyň bütin dünýä ýaýramagy sebäpli ykdysady, syýasy we jemyýetçilik taýdan uly kynçylyklar ýüze çykdy. Agyr ýitgiler çekildi. Türkiýe hem bu şertlerden çetde durup bilmedi. Dünýäniň ençeme sebitinde çaknyşyklar dowam edýärkä durnuksyzlyklar, tebigy apatlar hem başdan geçirildi. İndi bolsa koronawirusa garşy oýlanyp tapylan sanjymlar bilen bilelikde 2021-nji  ýyla uly umytlar bilen gadam basylýar, emma gelejek ýene-de näbelli bolmagynda galýar.

2020-nji ýylyň başynda Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan Kovid-19 atlandyrylan wirus bütin dünýä ýaýramaga başlady. Ozalky korona görnüşli wiruslardan tapawutlylykda has çalt ýokaşýan şol wirus, pandemiýa öwrüldi we bütin dünýäni gurşap aldy. Hassalyk ýaýradygy saýyn adamlar ölmäge dowam etdi. Ol hem ýaşaýyş durmuşymyza gönüden täsir ýetirýän çäreleriň görülmegine sebäp boldy. Maska we fiziki aralyk düzgüni berjaý edilen bolsa-da, wagtal-wagtal karantin çäreleri hem görülmeli boldy. Elbetde ýurtlaryň esasanda saglygy goraýyş ulgamlary hem bu döwürde synagdan geçdi. Şol çäkde dünýäde synagdan üstünlikli geçen ýurtlardan biri hem Türkiýe boldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamlaryna goýulan maýa goýumlary we täze gurlan şäher hassahanalary, ýerli şertlerde öndürilen emeli dem alyş enjamlary Türkiýäniň bu tapgyrdan başga ýurtlara görä az ýitgi bilen çykmagyna sebäp boldy. Emma elbetde global pandemiýanyň täsirlerini dünýäniň galan böleginde bolşy ýaly esasan-da ykdysady pudakda Türkiýe hem duýdy.

Pandemiýanyn syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik täsirleriniň agyr bolan ýurtlarynyň başynda bolsa ABŞ-da durýar. Tapgyryň üstünliksiz gönükdirilmegi sebäpli millionlarça adam wirusa ýolugan bolsa, 300 müňden gowrak adam aradan çykdy. Onlarça million adam işsiz galdy we ABŞ-da geçirilen prezident saýlawyna gönüden täsir ýetirip,  Trampyň Baýdenden ýeňilmegine sebäp boldy.

Şeýle-de Italiýa, Ispaniýa, Fransiýa we Britaniýa ýaly günbatar ýurtlary hem pandemiýa tapgyryny üstünlikli gönükdirip bilmedi we şol ýurtlaryň dünýäniň beýleki ýurtlaryndan has agyr ýitgi çekdiler. Esasanda Uzak Aziýa ýurtlarynyň göräýmäge synagdan has gowy netijeler alandygyny aýdyp bileris. Hytaý, wirusyň ata watany bolandygyna garamazdan gysga möhletde berk çäreler gören bolsa, Koreýa we Wiýetnam ýaly ýurtlar hem az ýitgi çeken döwletleriň hatarynda. Birnäçe hünärmen: Günbatar bilen gündogaryň arasyndaky pandemiýa garşy göreşiň tapawudynda esasanda Uzak Aziýanyň günbatar dünýäsine görä özüni ösdürmäge başlamagynyň netijesidigi hakynda analizler berdiler.

Bu analiz dogry bolup biler ýa-da adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň täsiri bolup biler. Emma pandemiýanyň günbatar dünýäsinde sebäp bolan ýitgisiniň gündogaryň günbatara görä has depginli bolan ösüşine goşant goşjakdygy ýatdan çykarylmaly däl.



Degişli Habarlar