Türk-Amerikan Gatnaşyklary

Hepdäniň syny

1552902
Türk-Amerikan Gatnaşyklary

Soňky ýyllarda dartgynlyklary başdan geçiren Türk-Amerikan gatnaşyklarynda nobatdaky dartgynlygyň ady “Kaatsa Sanksiýalary”. Ençeme wagtdan bäri garaşylýan, emma iş ýüne geçirilişi boýunça Amerikan hökümetini hem çykgynsyzlyga sezewar eden sanksiýalar Trampyň iş başyndan gitmegine bir aý galanda güýje girizildi. Käbirlerine görä bu bir duýduryş, käbirleri bolsa sanksiýanyň garaşylýanyndan has ýeňildigini beýan edýär.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Haýsy şertleriň başdan geçirilýändigine göz ýetirmek üçin tekstiň ýazylyş usulyna, tehniki aýratynlygyna we syýasy-geosyýasy taýdan seljermek ýerlikli bolar. Tekstiň ünslülik bilen taýarlanandygy mälim. ABŞ, Türkiýäniň NATO-da eýeleýän pozisiýasyny nygtap, hyzmatdaş frazasyny ileri tutýar. Beýleki tarapdan sanksiýalaryň Türkiýäniň harby mümkinçiligini nyşana alýandygyny beýan edýän çemeleşme hem bar.

Tekstiň birinji manysyndan hem belli bolşy ýaly, sanksiýa diňe bir Goranyş senagaty edarasyna goýuldy. Tehniki taýdan sanksiýanyň Guramanyň degişli bolan taslamalaryna goýulandygy görülýär. Şeýlelikde ne Türkiýe, ne türk ykdysadyýeti ne-de Türk goşuny göz öňünde tutulýar.

Sanksiýa karary iki jähtden seljerilmeli. Birinjisi ABŞ üçin sanksiýanyň Türk-Amerikan gatnaşyklaryna zyýan ýetirip ýetirmejekdigi. Türkiýe bilen Siriýada PKK/ÝPG, FETÖ we beýleki geosyýasy meselelerde tapawutly pozisiýa eýeläp, strategik bölünmä tarap meýil edip, sanksiýa kararynyň bar bolan tapawutlylygy hasam çuňlaşdyrmagy resmi Waşingtony hasam çykgynsyzlaşdyryp biler. Baýdeniň daşary syýasat ugurlarynyň arasyndaky ugurlaryň Türkiýe bilen bolan baglanşygy, sanksiýany dowam etdirmegiň, sanksiýa goýmagyň düşýän gymmatyny agyrlaşdyryp biler. Amerikan dolanşygynyň ýalňyşlyklarynyň öwezini dolmaga synanşjak täze daşary syýasat bilermenleriniň möhüm daşary syýasat ugurlarynda Türkiýe bilen gatnaşyklary gaýtadan seljermeli bolmagy ähtimal.

Esasy husus bolsa sanksiýanyň sebäp boljak türk goranyş strategiýalaryndaky öwrülşik. Türkiýäniň Ýewropa-günbatar goranyş konsepsiýasyndan günsaýyn çetleşdirilmegi Türkiýe üçin başga bir goranyş konsepsiýasyny taýarlama mümkinçiligini döreder. Şeýle bolan halatynda onuň hökmany suratda geosyýasy netijeleri hem bolar. Şol sebäpli Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň sanksiýanyň düşýän gymmaty bilen sanksiýanyň sebäp bolan geosyýasy gymmatynyň arasynda deňagramlyk tapmak islejekdigini aýtsak ýalňyşmarys.

Türkiýe bolsa ABŞ tarapyndan sanksiýa sezewar edilmegi sebäpli goranyş senagatyndaky bar bolan dinamikalara laýyklykda täze maksatnama düzer. Üpjünçilik torunyň täzeden guralmagy şolaryň başda durýar. Alternatiw üpjünçilik toruny döretmek elmydama mümkin, emma wagt gerek bolar. Şol sebäpli sanksiýa kararynyň üpjünçilik toruna nähili täsir ýetirjekdigi kesgitlenmeli. Ikinjisi bolsa möhüm ähmiýetli ulgamlaryň we platformalaryň Türkiýäniň degişli bolan howp yklymyny göz öňünde tutup we bar bolan harby ylalaşyklary ünsden düşürmän guralmagy meselesi. Şonuň üçin harby strategiýa bilen goranyş senagaty strategiýasyny optimum çäkde birleşdirýän düşünje emele getirilmeli. Strategik ähmiýeti ýokary bolan ugurlaryň ýerli şertlerde ýa-da “Günbatardan daşgary goranyş senagaty bilen” alynyp barylmagy Türkiýe üçin häzirlikçe iň howpsyz ýol. Şeýle-de goranyş senagatynyň syýasy-ykdysadyýetine şu günlerde has ünsli çemeleşilmegi möhüm. Goranyş diýilýän faktör aslyna seredilende ilkinji nobatda harby güýji artdyrmak üçin ýaraglanma tapgyry. Ýaraglanmanyň hem diňe “ýaraga eýe bolmakdan” has çuň manysy bar. Ol hem bizi goranyşyň ykdysadyýetine gönükdirýär.

 



Degişli Habarlar