Türkiýe-ÝB Gatnaşyklarynyň Geljegi

Hepdäniň syny

1544512
Türkiýe-ÝB Gatnaşyklarynyň Geljegi

 

Türkiýe-ÝB Gatnaşyklarynyň Geljegi

Soňky hepdelerde Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk gatnaşyklaryň geljegine şübheli çemeleşilmegine sebäp bolýar.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň direktory Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Dartgynlyga sebäp bolan birnäçe mesele bar. Şolaryň başynda Türkiýäniň ençeme wagtdan bäri alyp barýan daşary syýasat işjeňligi bar. Liwiýanyň başda durmagynda Gündogar Ortaýer deňizinde we Siriýada Türkiýäniň daşarky syýasy çemeleşmesi Ýewropada birnäçe ýurdy biynjalyk edýär. Esasanda Liwiýa we Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde Ýewropa bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlyk güýçlendi.

Soňky gezek Türkiýäniň baýdagyny göterýän hususy söwda gämisine halkara hukuk kadalaryna bap gelmeýän “İrini” operasiýasynyň çäginde barlag geçirilmegi gatnaşyklarda ýetilen sepgidi aç-açan görkezýär. Geçirilen operasiýanyň ýerliksizligi we hukuksyzlygy bir tarapa, ÝB-niň Türkiýä garşy eýelän pozisiýasy has erbet. ÝB-ne görä Türkiýe sebitde yzgiderli häsýetde düşnüşmezlige sebäp bolýan ýurt. Türkiýäniň özüni Ýewropanyň bir bölegi hökmünde kabul edýändigini beýan eden günlerinde şeýle aksiýanyň geçirilmegi Türkiýe üçin birnäçe soragy ýüze çykardy. İndi ünsler ÝB-niň liderler derejesindäki sammitine gönükdi.

Türkiýä bolan garaýyşda hyzmatdaşlyk düşünjesi bar hem bolsa, ÝB-niň resmi Ankara boýunça nähili syýasat alyp barmalydygy hakynda ylalaşyk ýok. Fransiýa, Gresiýa, Kipriň grek bölegi ýaly ýurtlar Türkiýä garşy toparyň öňdebaryjylarynyň hatarynda. Resmi Afyny Türkiýäniň Ortaýer deňizinde özüne garşy alyp barýan syýasatyny deňagramlaşdyrmak üçin ÝB-ne Türkiýä sankiýa goýmak üçin çagyryş edýär. Fransiýanyň bolsa ÝB-de Türkiýä dostlarça çemeleşmeýändigi mälim. Makron üçin Türkiýe uly mesele hökmünde häsýetlendirilýär.

Liwiýadan Siriýa ähli daşary syýasat meselelerinde Makron Ankarany bäsdeş hökmünde görýär. Türkiýä garşy bloguň ÝB-niň Türkiýä bolan çemeleşmesini dolulygyna kesgitleme mümkinçiligi ýok. Eýsem Germaniýanyň başda durmagynda İspaniýa, Portugaliýa, İtaliýa we Malta ýaly ýurtlar Türkiýäniň dolulygyna çetleşdirilmeginiň tarapynda durmaýar. Türkiýe olar üçin diňe bir ykdysady hyzmatdaş däl, şol bir wagtda Ýewropanyň howpsyzlygy üçin inän möhüm sebitara güýç. Esasanda Germaniýanyň bikanun göç boýunça pozisiýasynda Türkiýe möhüm orun eýeleýär. ÝB-niň beýleki düýpli meseleleriniň arasynda Türkiýä sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etmeginiň getirjek netijeleriniň öwezini dolmak üçin esasan-da Germaniýa höwesek däl. Şol sebäpli Türkiýäni doly çetleşdirmek manysyny aňlatjak sanksiýa kararyny kabul etmek mümkin görünmeýär. Şonuň bilen birlikde sammitde Türkiýä duýduryş häsýetli karar kabul edilmegi ähtimal. Şol duýduryşyň esasan Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde bolmagyna garaşylýar.

Türkiýe bularyň garşysynda ÝB bilen dialoga taýardygyny beýan etdi. Prezident Erdogan meseleleri diplomatiýa we gepleşikler arkaly çözmegiň tarapynda durýandygyny beýan etdi. Erdoganyň meselelere “netijesiz oýun” däl, eýsem “iki taraply bähbit” düşünjesine laýyklykda çemeleşme çagyryşy diplomatiýany ileri tutýan maksatnama hödürleýär. Şonuň üçin hem sebitleýin maslahat geçirmegi teklip edýär. Emma ÝB şol çagyryşa oňyn jogap bermedi.

ÝB-niň öz ykbalyny ara alyp maslahatlaşýan günlerinde Türkiýä nähili çemeleşjekdigi möhüm. Türkiýesiz Ýewropanyň güýçli halkara aktýor bolmagy mümkin däl. Has möhümi Türkiýäniň duşman yglan edilen günlerinde ÝB-niň sebitleýin göwrümli syýasat alyp barmagy mümkin däl. Şol sebäpli ÝB-niň Türkiýä bolan çemeleşmesini ýaňadandan seljermegi hökmany. Gresiýa ýa-da Kipriň grek bölegine boýun egýän ÝB strategiýasynyň Türkiýä düşünmegi mümkin görünmeýär.


Etiketkalar: #syýasat , #lider , #gatnaşyklar , #ÝB

Degişli Habarlar