Irini Masgaraçylygy

Hepdäniň syny

1536386
Irini Masgaraçylygy

 

Geçen hepde Türkiýäniň ÝB, esasanda Germaniýa bilen gatnaşyklaryna düýpli ýaramaz täsir ýetiren masgaraçylyk başdan geçirildi. Liwiýa boýag we ynsanperwer kömegini alyp barýan “Roselin-A” atly türk baýdakly söwda gämisi Irini operasiýasynyň çäginde iş alyp barýan “Gamburg” atly nemes fyrkaty tarapyndan saklandy we Türkiýeden rugsat alynman fyrkatdaky esgerler gämä dik uçar bilen baryp, barlag geçirdiler.

SETA-nyň Howpsyzlyk bölüminiň Direktory Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ÝB-niň ýylyň başynda Liwiýa goýulan ýarag embargosyna gözegçilik etmegiň çäginde döredilen “Irini Operasion” merkezinden berilen beýannamada BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda türk baýdakly “Roselin-A” atly söwda gämisinde barlag geçirilendigi, baýdaga eýe bolan döwletden rugsat boýunça jogap berilmändigine garamazdan Bengazi portundan 160 mil demirgazykda halkara suw giňişliginde barýan gämä çykylandygy, gäminiň kapitanynyň we ekipažynyň kooperatiw çemeleşendigi we baýdaga eýe döwletiň gäminiň barlanmagyna garşy durýandygyna göz ýetirilmeginden soň operasiýany bes edip, gämiden aýrylyp, ýoluna gitmegine rugsat berilendigi habar berildi. Aýratynam barlagyň dowamynda gäminiň haýsydyr bir bikanun ýük gatnatmaýandygynyň anyklanandygy beýannamada nygtaldy.

Hyzmatdaşlyk eden gäminiň kapitanyna we ekipažyna günäkär ýaly çemeleşilendigi mediada orun berilen wideo ýazgylarda aç-açan görülýär. Iň esasysy bolsa baýdaga eýe bolan Türkiýäniň rugsadynyň ýokdugyna göz ýetirilenden soň barlagyň bes edilip, gäminiň erkin goýberilendigi beýan edildi. Şol beýannama onsuz hem baýdaga eýe döwletiň rugsady bolmasa gäminiň barlanyp bilinmejekdigini görkezýär. Görnüşine görä nemes harby gämisi “Gamburgyň” ekipažy Germaniýanyň Goranmak ministrliginiň web sahypasynda beýan edilýän düzgünlere äsgermezçilik edip, türk baýdakly “Roselina-A” atly söwda gämisine bikanun çäre gördi. Baýdak eýesi döwletiň rugsady ýok, gäminiň kapitanyndan rugsat alynmadyk, garakçy ýaly gämä çykyp bikanun barlag geçirdiler we soňunda bolsa Türkiýäniň rugsady bolmandygy üçin barlagy bes edip, gämiden düşdik” diýip, düşnüksiz beýannama berdiler.

Şol barlagda nemes gämisiniň öz düzgünlerini hem bozmagyny bir gyra goýanymyzda, Türkiýe “maksady we netijesi jedelli” we “tarapgöý” synanşyk hökmünde häsýetlendiren “Irini” operasiýasynyň çäginde özüne garşy sanksiýa goýulmagyna berk reaksiýa bildirýär. Eýsem şol synanşygyň aňyrsynda durýan döwletleriň başyny çekýän Fransiýanyň Liwiýa goýulan ýarag embargosyny bozan we şol ýurtdaky kanuny hökümeti häkimiýetden çetleşdirmäge synanşan güýçleriň başynda durýandygyny hemmeler bilýär.

BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň Liwiýa garşy ýarag embargosunyň goýulmagy hakyndaky kararlary tutaryk edilip döredilen “Irini” operasion topary Fransiýa ýaly ÝB-ne agza ýrutlaryň öz bähbitlerine laýyklykda ugrukdyrýan Gündogar Ortaýer deňizi syýasatynyň ulagyna öwrülen bolsa, Germaniýanyň oňa goldaw bermegi hem resmi Berlin hem-de Brýussel üçin agyr netijeli wakadyr. 2004-nji ýylyň 1-nji maýynda Kipriň grek bölegini ÝB-ne agzalyga kabul edýärkä Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlygyň tarapyna goşulan ÝB, indi bolsa Liwiýa meselesinde şol ýalňyşlygy dowam etdirmäge meýilli ýaly görünýär.

 


Etiketkalar: #Germaniýa , #operasiýa , #Irini , #ÝB

Degişli Habarlar