PKK-nyň Siriýadaky Howpy Dowam Edýär

Hepdäniň Syny 28.08.2020

1532215
PKK-nyň Siriýadaky Howpy Dowam Edýär

PKK-nyň Siriýadaky Howpy Dowam Edýär

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky pozisiýasy hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýadaky haosdan peýdalanyp pozisiýasyny güýçlendiren terror guramasy PKK, Siriýanyň hökümeti bilen ylalaşyp, Afrin, Kobani we Jazira kantonlaryny yglan edipdi, soň DAİŞ bilen göreşmek bahanasy bilen ABŞ bilen harby hyzmatdaşlyk etdi we kantonlary birleşdirip, Türkiýäniň günorta serhetlerini başdan aýaga kesip geçýän terror döwletjigini gurmagyň kül-külüne düşüpdi. Türkiýe bolsa howpa göz ýetirip, öňüni alyjy çäreler gördi, ilki “Ýefrat Galkany” soň “Zeýtun Şahajygy” we soňunda-da “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýalary bilen howpy azaltmagyň hötdesinden gelipdi. Emma PKK sebitde galmaga dowam edýär.

Terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD we ÝPG araplaryň hem degişli bolan ýokary gurama hökmünde Siriýanyň Demokratik Güýçleriniň çäginde Ýefrat derýasynyň gündogarynda Aýnal Arapdan Hasaka, günortdada Rakkada we Deýrez Zorda, günbatarda bolsa Manbijdäki we Tel Rifatdaky pozisiýasyny gorap saklaýar. Şol sebitlerde edara dolanşygyny döredip, ABŞ-nyň hemaýatyndaky Siriýanyň nebit we tebigy gaz känleriniň esasy bölegine gözegçilik edýäer. Gurama şol bir wagtda sebitde giň ekerançylyk meýdanlaryna we ýurduň onsuz hem az bolan suw çeşmelerine gözegçilik edýär. Türkiýe soňky “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Tel Abýad we Rasul Aýn ýaly sebitleri halas etmegiň hötdesinden gelen hem bolsa, terror guramasy henizem 40 müň inedördül metrlik meýdana gözegçilik edýär.

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyndan soň Türkiýe ilki ABŞ, soň bolsa Russiýa bilen sebit boýunça şertnamalar baglaşdy, esasanda Soçide Russiýa bilen Ýefrat derýasynyň gündogary boýunça kepillendirmeleri özünde jemleýän ylalaşyk gazanypdy. Şuňa laýyklykda terror guramasy Aýnal Arapda Malikiýe-Fişhabur liniýasyna çenli bola zolakdan günorta tarapa 32 kilometr çekilmegi kabul edipdi. Emma iş ýüzünde onuň amala aşmandygy görülýär. Aýratynam terror guramasy Tel Rifat, Aýn İssa we Tel Tamir ýaly sebitlerden peýdalanyp, Türkiýäniň gözegçiligindäki ýerlere yzgiderli häsýetde terror hüjümlerini guraýar. Esasan bombaly ulag bilen guralan şol hüjümlerde asuda ilatdan ýüzlerçe adam ýogaldy. gurama ol ýerde “Halas edilen zolaklaryň” durnuklylygyny bozmagy maksat edinýär.

Şeýlelikde Türkiýe taýdan terror guramasynyň Siriýadaky pozisiýasy howply bolmagynda galýar. Gurama serhet zolagyndan 32 kilometr günorta çekilmän halatynda täze bir operasiýasynyň guralma ähtimallygy bar. Bar bolan şertlerde PKK-nyň Siriýadaky pozisiýasy Ýefradyň hem gün dogary hem-de gün batary üçin ähli şertde howp emele getirmäge dowam edýär.



Degişli Habarlar