Trampdan Soňky Döwürde Ýakyn Gündogar

Hepdäniň syny

1528084
Trampdan Soňky Döwürde Ýakyn Gündogar

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2020-njy ýylyň 3-nji noýabrynda ABŞ-da geçirlen prezident saýlawynda Respublikaçy Donald Trampyň kürsüsine Demokrat Jo Baýden oturar. Saýlawyň resmi netijeleri heniz belli bolmasada Baýden ýeňişini yglan etdi, emma Tramp saýlawyň netijelerine garşylyk görkezmäge dowam edýär. Donald Tramp saýlawda galplyk edilendigini öňe sürýär. Respublikaçylar hem bu meselede iki bölege bölündi. Respublikaçylaryň bir bölegi Trampyň ýeňilişini kabul etmegini isleýär, galan bölegi bolsa Trampyň saýlawyň netijelerini kabul etmezligini we göreşini dowam etdirmegini isleýär. Trampyň saýlawyň netijeleri barada kazyýet işini gozgandygyna garamazdan saýlawyň netijesi üýtgemez we Baýden 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň täze prezidenti hökmünde wezipesine başlar. Baýden, soňky asyrda geçirlen saýlawlar bilen deňeşdirilende iň köp ses alan prezident boldy.  Bu netijeler uly ýeňiş manysyny aňladýar, emma Baýdene diýseň kyn etaplar garaşýar.

Şol kyn etaplaryň başynda koronawirus epidemiýasyna garşy göreş gelýär. Baýden saýlaw kompaniýasynda koronawirus epidemiýasyna garşy göreş strategiýasyny beýan edipdi. Emma ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany gün saýyn artýar. Epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany hem günde müň adamdan geçýär. Bu görkezijiler Baýdanyň prezidentliginiň birinji ýylynda koronawirusa garşy göreşmeli boljakdygyny görkezýär. Koronawirus bilen birlikde Baýden ykdysadyýet meselesi bilen hem ýakyndan gyzyklanmaly bolar. Amerikanyň ykdysadyýeti koronawirus epidemiýasy sebäpli uly kynçylygy başdan geçirýär. İşsizleriň sany, döwletiň höweslendiriş bukjalary, global ykdysadyýetdäki durgunlyk ýaly faktorlar, amerikanyň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Baýdeniň prezidentlik wezipesininiň ilkinji ýylynda gyzyklanjak meseleleri diňe bular bilen çäkli däl. Tramp döwründe dartgynlaşan çemgiýetçilik şertleri ýumşatmaly bolar. Floýd wakalary bilen başlan rasist jedelleşikler Baýden üçin esasy meselelerden biri bolup durýar. Baýden saýlaw kompaniýasynda bu mesele bilen gyzyklanjakdygyny we meseläni çözjekdigi barada wada beripdi. Emma meseläniň çözülmegi beýle aňsat bolmaz.

Baýdeniň prezidentligi döwründe alyp barjak daşarky syýasaty meselesi ünsleri özüne çekýär. Jo Baýden öz döwrüni Amerikanyň güýjüniň we liderliginiň restowratiýasy hökmünde häsiýetlendirdi. Başga bir söz bilen aýdylanda Baýden, Tramp döwründe azalan ABŞ-nyň täsiriniň ýaňadandan güýçlenmegi üçin tagalla eder we resmi Waşington halkara syýasatda täsirli bolmaga başlar. Şol çäkde Baýden, Trampyň bes eden Pariž klimat çalşygy şertnamasyna prezidentlik kürsüsine oturan badyna ýaňadandan gol goýjakdygyny mälim etdi. ABŞ-nyň täze Prezidenti Jo Baýden, Donald Tramp döwründe ABŞ-nyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna berýän ýardamlarynyň kesilmegi kararyndan ýüz öwrilmegi üçin hem işe girişer.

ABŞ-nyň täze döwürde Ýakyn Gündogar meselesinde alyp barjak syýasaty hem ünsleri özüne çekýär. Baýdeniň daşarky syýasatda Trampyň alyp baran syýasatyny dowam etdirmejekdigi mese-mälim. Baýden Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygy meselesinde hem beýannamalarynda durup geçipdi we ylalaşyk meselesiniň ýaňadandan gün tertibine getiriljekdigini belläpdi. Jo Baýdeniň Ysraýyl meselesinde bolsa Trampyň alyp baran syýasatlaryndan ýüz öwürip biljekdigi nygtalýar. Žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty sebäpli ABŞ bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklaryň Baýden döwründe ýaňadandan gözden geçirlip bilinjekdigini aýdyp bileris. Birleşen Arap Emirlikleri bilen Müsür ýaly aktýorlar hem öz pozisiýalaryny ýaňadandan gözden geçirmeli bolar. Siriýa meselesinde hem Baýden giň gerimli strategiýa beýan edip biler. Bu meselede Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar ünsleri özüne çekýär. Käbir analitikler Türk-Amerikan gatnaşyklaryndaky krizisiň çuňlaşyp biljekdigini aýdýar. Emma munyň üçin haýsydyr bir garaýyşyň beýan edilmegi üçin heniz ir.

Jo Baýden ABŞ-ny Ýakyn Gündogarda ýaňadandan has täsirli ýagdaýa getirip bilermikä muny elbetde wagt görkezer, emma bu beýle aňsat bolmasa gerek.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň ABŞ-da geçirlen prezident saýlawy hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar