Garabag Söweşi we Ermenistanyň Harby Jenaýatlary

Hepdäniň Syny

1519754
Garabag Söweşi we Ermenistanyň Harby Jenaýatlary

 

Azerbaýjan 30 ýyldan gowrak wagt bäri basylyp alynan territoriýasyny halas etmek üçin Garabaga harby operasiýasyny dowam etdirýär. Ermenistan bolsa harby taýdan söweş meýdanynda Azerbaýjanyň goşunlaryna garşy göreşip bilmeýändigi üçin Genje ýaly şäherleri nyşana alyp, asuda ilaty gyrýar.

SETA-nyn Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ermenistanyň şol operasiýa usulunyň strategiýa esaslanýandygyny görýäris. Azerbaýjany Garabagyň daşynda-da söweşmäge mejbur edip, Russiýa bilen gol çekişen Kollektiw howpsyzlyk şertnamasyndan peýdalanmak. Ermenistan şol strategiýasy bilen aç-açan harby jenaýat edýär.

Azerbaýjanyň harby goşunlary bir aýdan gowrak wagt bäri Garabagda harby operasiýalaryny dowam etdirýär. Goşun ilki bilen demirgazyk-günorta taraplardan operasiýalaryny dowam etdiren bolsa, soňky günlerde esasan günorta-gübatar tarapda uly öňegidişlik etdi. Fuzuli, Jebrail ýaly esasy welaýatlaryň ýany bilen Zengilan hem alynyp, ermeni güýçleri bilen Eýranyň arasyndaky serhet dolulygyna gözegçilige alyndy. Azerbaýjanyň goşunlary söweş meýdanyndaky şol üstünliklerinden soň günorta liniýadan demirgazyga tarapynda hereket edip, Laçyn koridoryna barmaga synanşýar. Şeýlelikde Ermenistanyň Garabag bilen bolan esasy logistiki gatnawy kesiler.

Ermeni güýçleriniň bolsa front liniýalaryny tapgyrlaýyn häsýetde goramaga synanşýandygyny görýäris. Emma söweşiň tas başyndan bäri Azerbaýjanyň howa gözegçiligini ele almagy Türkiýeden alynan ýaragly uçarmansyz howa ulaglary ýaly ýokary tehniki şertlere eýe bolmagy ermenilere front liniýalarynda artykmaç mümkinçilik bermeýär. Ermeniler agyr ýitgiler çekip, ädim-ädim yza çekilýärler.

Ermenistan söweş meýdanynda ýeňilýändigi göreni üçin  dürli strategiýalar bilen söweşdäki balansy öz bähbidine özgertmegiň gözleginde. Ermenisanyň Premýer-ministri Paşinýan bir tarapdan Putin we Makron ýaly liderler bilen aragatnaşyk saklap, hüjümleriň bes edilmegini gazanmak isleýän bolsa, ermeni goşunlary Azerbaýjanyň söweş liniýasynda ýerleşýän şäherlerini gönüden nyşana alyp, Azerbaýjana söweşi ýaýbaňlandyrmagy üçin meçew bermegiň kül-külünde.

Genje ýaly birnäçe Azerbaýjan şäheri gönüden ballistiki raketalar bilen uruldy, häzirki wagta çenli asuda ilatdan 90-dan gowrak adam öldi. Ermenistan Azerbaýjanyň Garabagdan daşarda özüne hüjüm etmegini gazanyp, Kollektiw howpsyzlyk ylalaşygyna laýyklykda Russiýanyň söweşe goşulmagyny ýola goýmaga synanşýar.

Emma Azerbaýjanyň meçew bermelere garamazdan Garabagda basylyp alynan territoriýalaryny halas etmäge gönügendigi görülýär. Hakykada bap gelýän hem şol. Azerbaýjanyň goşunlary Laçyn-Kelbejer şäherlerinin üstünden geçýän logistiki geçelgeleri alandan soň söweş uzaga çekmese gerek.

 



Degişli Habarlar