Amerikadaky Saýlawdan Soňky Dünýä Syýasasty

Hepdäniň Syny

1515596
Amerikadaky Saýlawdan Soňky Dünýä Syýasasty

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň direktory Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň ABŞ-daky prezident saýlawy we şondan soňky dünýä syýasaty boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Koronawirus 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda ABŞ-da geçiriljek  prezident saýlawyna sözüň doly manysynda möhrüni basdy. Ilkinji ýyllaryny öz komandasyny döretmek bilen geçiren Tramp, ençeme möhüm wezipä ýa hiç kimi bellemedi ýa-da bellenen adamlar gysga möhletden soň wezipeden çekilmeli boldy. Milli howpsyzlyk meselelerinde üç sany geňeşçi bilen işleşmeli bolan Trampyň daşary işler we goranmak ministrleri meselesinde-de işler isleýşi ýaly bolmady. Ilkinji ýyllaryň barnyksyz netijelerini berk daşary syýasat diskurslary bilen başyndan sowmaga synanşan Tramp, prezidentlik möhletiniň ortasynda wezipeden çetleşdirilmegi bilen bagly derňew işini başdan geçirdi. 2016-njy ýyldaky saýlawda Russiýa bilen bolan gatnaşygy Trampyň we kampaniýany alyp baran toparyň kellesini eslije agyrdypdy. Wezipe möhletiniň soňky ýylynda bolsa korona epidemiýasyna garşy göreşmäge mejbur bolan Tramp, koronawirus sebäpli ýüze çykan agyr meseleleri çözmegiň hötdesinden gelene meňzeýär. Şeýlelikde koronadan ozal ykdysadyýeti kadalaşdyran we ABŞ-ny ýaňadandan güýçlendirmek üçin alyp barýan egilşiksiz söwda syýasatlary Amerikan saýlawçysyndan goldaw tapýan Tramp, koronawirus sebäpli ýaramazlaşan ykdysady şertleriň esasy jogapkäri saýylýar. Şol sebäpli bäsdeşi Baýden saýlawdan ozalky sowalnamalara görä, Trampdan öňde görünýär. Saýlawda kimiň üstün çykjakdygyny aýtmak mümkin däl, emma kim üstün çykanda-da dünýä syýasatyna uly näbellilik garaşýar.

Tramp saýlaw kampaniýasynyň dowamynda ABŞ-ny ýaňadandan güýçlendirmek üçin “Ilki Amerika” şygaryny gaýtalamagy saýlap alan bolsa, dünýä syýasatynda ABŞ-nyň mundan soň nähili pozisiýa eýelejekdigi bilen bagly wadalar berýär. Sözi geçen 4 ýyla ser salynanda global ulgamda işjeň pozisiýa eýelemedik we öz içerki meselelerini çözjek Amerika hakynda. Baýden bolsa ABŞ-nyň global ulgama dolanyp barjakdygyny wada berýän daşary syýasaty saýlap alana meňzeýär. Haýsy dalaşgär üstün çykanda-da üç hususy nygtap geçmek ýerlikli bolar.

  1. ABŞ-nyň dünýä syýasatynda eýelejek pozisiýasy bilen bagly. Tramp saýlanan halatynda ABŞ-nyň korona epidemiýasynyň täsiri bilen dünýä syýasatynda has berk pozisiýa eýelemegi güýçli ähtimallyk ýaly görünýär. Şol berk pozisiýanyň başynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady bäsdeşlik durýar. Trampyň ABŞ-nyň öz işleri bilen gyzyklanyp, esasan Hytaýa gönükjekdigini aýdyp bileris. Şeýle bolan halatynda ABŞ-nyň halkara borçlaryna bolan tabynlygynyň azalmagy diýmegi hem aňladýar. BMG-niň başda durmagynda global dolanşykdaky halkara guramalary bilen ABŞ-nyn arasyndaky gatnaşyk peselip biler.
  2. Baýden saýlanan halatynda ABŞ-nyň halkara syýasatda gaýtadan pozisiýa eýeläp, global liderligi eýelemäge synanşmagy. Geň galdyryjy tarapy, eger şeýle bolan halatynda ABŞ Hytaý bilen berk bäsdeşlige girişmeli bolar. Başga bir söz bilen aýdylanda iki president hem Hytaý meselesini bilen gyzyklanmaly bolarlar. Emma Baýden saýlanan halatynda Amerikan daşary syýasatynyň has işjeň bolmagy ähtimal. Trampdan tapawutlylykda NATO-da, BMG-de we ABŞ-da has işjeň diplomatiýa.
  3. Iki ähtimallykda-da ABŞ-nyň gözleýänini tapyp tapmajakdygy. Trampyň çäklendiriş syýasatyny dowam etdirmek bilen Baýdeniň globalçy syýasatlaryny dowam etdirmek şol bir netijäni ýüze çykarýar. Ne çekilmek ýeňil ne-de halkara ulgama ýaňadandan gözegçilik etmek. Şol sebäpli dünýä syýasaty ABŞ-nyň prezident saýlawyndan soň iňňän işjeň bolar. Bularyň üssesine-de näbelli bolmagynda galýan korona epidemiýasy goşulanda, dünýä syýasatynyň has uly çekeleşikleri başdan geçirjekdigi äşgär.


Degişli Habarlar