Türkiýäniň Russiýa Syýasaty

Hepdäniň Syny

1511343
Türkiýäniň Russiýa Syýasaty

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji hünärmeni Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykatyňyza ýetirýäris.

Russiýa hem geografik ýerleşişi hem-de harby we ykdysady güýji taýdan Türkiýe üçin elmydama esasy hyzmatdaşlardan biri bolmagynda galdy. Ýakyn taryha ser salanymyzda Türkiýäniň günbatar blogunda bolmagy we Russiýanyň sebit boýunça sowuk uruş çägindäki syýasaty taýdan bäsdeşlik we göreş çemeleşmesi bar. Emma esasanda Adalat we ösüş partiýasynyň iş başyna gelmeginden, esasanda 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň degişli syýasatyň özgerendigi görülýär. Türkiýe indi Russiýa bilen bolan gatnaşyklaryny günbatar bloguna we beýgelýän Hytaýa garşy deňagramlyk faktory hökmünde pozisiýa eýeleýär.

15-nji iýulda başdan geçirilen agdarlyşyk synanşygy resmi Ankaranyň daşary syýasatynda düýpli özgerlişik etmegine sebäp boldy. Aslyna seredilende soňky birnäçe ýyla ser salanymyzda Ysraýyla bolan çemeleşmesi, “Gezi parky” wakalary, FETÖ berilen daşarky goldaw we Siriýa syýasaty Türkiýäniň günbatar bilen gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirdi. Bu ýerde ykdysady-syýasy we harby taýdan beýgelýän we has garaşsyz, öz bähbitlerini ileri tutýan ynamly Türkiýäniň günbatar tarapyndan ýekirilýändigi görülýär. Şol çäkde gatnaşyklaryň dartgynlaşmaga başlan döwründe FETÖ-nin agdarlyşyk synanşygyna gönüden ýa-da üsti ýapyk görnüşde berlen goldawlar Türkiýäniň daşary syýasatda deňagramlyk gözlegine çykmagyna sebäp boldy we soň Hytaý bilen bilelikde Russiýanyň hem esasy ýurt hökmünde Türkiýäniň gatnaşyklar torunda güýçli orun eýelemäge başlandygy görüldi. Siriýada Astana tapgyrynyň çäginde dowam eden hyzmatdaşlyk, Liwiýada we beýleki çaknyşyk zolaklarynda dowam etdirilen gepleşikler bir tarapda, goranyş senagatynda we ýadro energiýa pudagynda dowam edýän gatnaşyklar ileri tutulan ugurlar boldy. Iki ýurduň täze açan gatnaşyklary esasan ABŞ-nyň gödek, bir taraply sanksiýa syýasatynyň gurala öwrülmegi bilen emele gelen hereket usulyna garşy bilelikdäki gaýtawul manysyny hem aňaladýar.

Elbetde iki ýurduň arasynda heniz doly soýuzdaşlyk gatnaşygy ýa-da stragegik hyzmatdaşlyk barada aýtmak mümkin däl. Siriýada we Liwiýada çaknyşýan bähbitler hem bar. Russiýanyň “Kürt meselesine” garaýyşy resmi Anakarada uly alada döredýär. Emma bularyň ählisine garamazdan günbatar dünýäsinden abanýan howp iki ýurdy bilelikde hereket etmäge mejbur edýär. Türkiýe taýdan Russiýa we Hytaý bilen döredilen täze gatnaşyk tory günbatara dolulygyna alternatiw ugur özgertmesi hökmünde häsýetlendirmäge degişli däl. Eýsem konýenktura taýdan Türkiýaniň günbatar-gündogar deňagramlylygyny ýola goýup, öz bähbitlerini ileri tutýan täze bir balans gözlegi hökmünde kabul edilmeli.



Degişli Habarlar