Berk Güýç we Türkiýe

Hepdäniň Syny

1506941
Berk Güýç we Türkiýe

 

 

Soňky döwürde ýygy-ýygydan gaýtalanmaga başlanan Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşyklary bu gezek gerimini giňeldip, hamala diýersiňiz iki ýurduň arasynda söweşe öwrülen bolsa, Türkiýäniň Azerbaýjany goldamagy we üpjün edýän harby enjamlary bilen söweşiň netijesiniň Azerbaýjanyň goşunlarynyň bähbidine özgertmegi Türkiýäniň berk güýç faktorlary bilen beýgelýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe soňky 10 ýylyň dowamynda goranyş senagatynda uly ösüşler edip, esasanda 2016-njy ýyldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň howpsyzlyk býurokratiýasy we türk goşuny gaýtadan dizaýn edildi. Ankara indi hiç kim tarapyndan äsgermezçilik edilip bilinmejek harby güýç.

Türkiýe öz sebitinde günbatar tarapynda ýönekeý güýç hökmünde analiz edilen bolsa, Adalat we ösüş partiýasynyň 2000-nji ýyllaryn başynda hâkimiýet başyna gelmegi bilen düýpli özgerlişikleri başdan geçirdi. Ilki bilen günbatar dünýäsinde syýasy, ykdysady we medeni taýdan ýumşak güýç faktorlary bilen ynamly güýje öwrülme tagallalary ünsleri çeken bolsa, “Arap baharynyň” emele getiren täze konýenkturasy Türkiýäniň hem hereket usulyny doly özgertdi.

Günbataryň täze Türkiýäni kabul etmekde kynçylyk çekmegi hökümetiň nyşana öwrülmegine sebäp boldy. Netijede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda agdarlyşyk synanşygy guraldy. Şol pursatdan soň Türkiýe global syýasy pozisiýalarynda günbataryň täsirinden doly çykyp, özüni ileri tutup, Russiýa we Hytaý ýaly ýurtlar bilen günbatar ýurtlaryny deňagramlaşdyrýan syýasat alyp barmaga synanşdy. Makro çäkde şol başlangyçlar edilýärkä hem ýumşak güýje däl, eýsem berk güýç faktorlaryna düýpli maýa goýup, möhüm harby güýje öwrüldi.

Goranyş senagatyna goýulan maýa goýumlary, netijeli barlag we kämilleşdiriş işleri bilen harby taýdan dünýäde ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Esasanda ýaragly we ýaragsyz howa ulaglary taýdan ABŞ-dan soň iň güýçli ýurt boldy. Türkiýe 2000-nji ýyllaryn başynda harby üpjünçiligiň 80 göterimini daşarda alýan bolsa, şol mukdar häzirki wagtda 20 göterime çenli aşaklady. Türkiýe aýratynam goranyş senagatynda esasy eksportçy ýurtlaryň ligasyna göterildi.

Türkiýe diňe bir goranyş senahatyna maýa goýmak bilen hem çäklenmedi, syýasy ygtyýar bilen esasanda agdarlyşyk synanşygyndan soň howpsyzlyk býurokratiýasyny dolulygyna gaýtadan dizaýn etdi. Güýçli we hünärmen goşun dördilip, Milli howpsyzlyk guramasy hem sebitiň iň bir başarjaň howpsyzlyk guramasyna öwrüldi. Türkiýe birnäçe ýyldan bäri täze howpsyzlyk doktrinasyny kabul edip, netijeli harby güýjüni sebitindäki gyzgyn çaknyşyk meýdanlarynda peýdalanmakdan çekinmedi. Siriýada we Yrakda terror guramalary PKK hem-de DAIŞ-e garşy giň gerimli serhetaşa harby operasiýalar we razwedka operasiýalaryny geçirip, şol bir wagtda-da Liwiýada kanuny Milli ylalaşyk hökümetine degişli güýçleri goldap, söweşiň netijesini özgertmegiň hötdesinden geldi. Somalide döwleti gaýtadan dikeltmäge girişen bolsa, Katara garşy basyp alyjy synanşyklary puja çykardy. Soňky döwürde Gündogar Ortaýer deňizinde energetika geosyýasatynda deňiz flotundan netijeli peýdalanyp, esasy güýçlerden biri hökmünde özüni görkezdi. Netijede Azerbaýjan-Ermenistan söweşinde Türkiýe ozal Azerbaýjanyň goşunlaryna tälim berip, eden kömegini hasam güýçlendirip, beren ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen söweşi Azerbaýjanyň bähbidine gönükdürmegiň hötdesinden geldi.

Şu harby göçümler we tehnologik taýdan Türkiýe ýeten sepgidi beýleki döwletleriň ünsüni özüne çekýärkä Prezident R.T.Erdoganyň liderliğinde türk syýasy ygtyýarynyň batyrgaý we ikirjiňsiz göçümleri bilen Türkiýe indi özüne ynamy ýokary güýç hökmünde beýgelýär.



Degişli Habarlar