Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygy

Hepdäniň Syny

1502283
Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygy

 

Ermenistan, päliýamanlygyny Towuzdab soň Daglyk Garabagda-da görkezdi. Asuda ilata od açylmagy bilen başlan ýekşenbe günki hüjümlere garşy Azerbaýjanyň harby operasiýalary has netijeli boldy. Ermeniler tarapyndan basylyp alynan köp sanly oba resmi Bakuwyň gözegçiligine geçdi. Ýerewanyň kelebiň ujuny ýitirendigi görülýär. Resmi Ankaranyň “bar güýjümiz bilen Azerbaýjanyň arkasynda” ýüzlenmesine ýeterlik üns bermändigi görülýär. Eýsem 12-nji iýulda Daglyk Garabagdan 100 kilometr alysda energiýa liniýalarynyň geçýän ýeri bolan Towuz welaýatyna guralan hüjümden soň resmi Baku düýpli taýarlyk gördi. Bilelikdäki türgenleşikler bilen Türkiýäniň harby tejribesi söweş meýdanyna geldi. Ermenistan-Azerbaýjan çaknyşygynyň uzak möhletli söweşe öwrülmegine ýol beriljekdigini aýtmak kyn. BMG we NATO-nyň ýany bilen ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş ýolbaşçylary çaknyşygyň bes edilmegi üçin çagyryş edildi.

SETA-nyn Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Golaýda Minsk topary gepleşiklere dolanmaklary üçin iki tarapa hem basyşyny artdyrsa gerek. Minsk gepleşiklerini netijesiz goýan we ýaragly çaknyşygy ýeke-täk çözgüt alternatiwine öwüren Ermenistanyň päliýaman pozisiýasydyr. 1991-nji ýylda Azerbaýjanyň territoriýasynyň 20 göterimini basyp alan we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň basylyp alynan etraplardan çekilmegini isleýän 4 kararyny berjaý etmeýän resmi Ýerewandyr. 1994-nji ýylyň maý aýynyň 4-5-i aralygynda Bişkek Protokoly bilen hüjümler bes edilen hem bolsa, Daglyk Garabag we basylyp alynan 7 Azerbaýjan etrabynyň ermenileriň gözegçiliginde bolmagy kabul edilmesizdir. Şeýlelikde Günorta Kawkazdaky bu çaknyşygyň partlamaga taýar bomba meňzeýändigi mälim. Russiýa, Türkiýe we Fransiýa ýaly ýurtlar şol çaknyşyk sebäpli güýç bäsleşiginde boljakdygy hem aç-açan görülýär.

Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlyk gowşap, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda alynky gepleşikleriň başlamagyna garaşylýan bolsa, Daglyk Garabagda çaknyşygyň ýaňadandan başlamagy diýseň üns çekiji. Ilki bilen ýada düşýän Russiýanyň ermeni-azeri çaknyşygyna meçew berip, ABŞ-na ýakyn durmaga synanşýan resmi Ýerewany özüne tabyn etmek işlegi. Ýerewanyň dessine kömek üçin Moskwa gönükmegi ony gazanandygyny görkezýär. Eger şeýle bolsa sorag şu: Kawkazy öz giňişligi hökmünde görmegi elden bermeýän resmi Moskwanyň Ýerewana göwünlik bermeginiň sebäbi nämekä? Siriýa-Idlibden we Liwiýadan son indi Ermenistan-Azerbaýjan çaknyşygynyň möwjemegi bilen Moskwa, resmi Ankara bilen täze bäsdeşlik meýdanyny açýarmyka eýsem? Ankaranyň täze harby giňişliklere goşulyp, aşa ýaýbaňlanmagyny üpjün edýärmikä? Ýogsam Siriýada we Liwiýada täze diskussiýalar üçin pozisiýasyny berkidýärmi? Bu soraglaryň jogaplaryny tapmak üçin heniz wagt bar. Emma saýlaw tapgyryndaky ABŞ-nyň we jebisligini ýitiren ÝB-niň pozisiýasynyň gowşak boljakdygynyň göz öňünde tutulýandygy mälim.

Resmi Moskwa düşnüşmezliklere we çaknyşyklara meçew berip, pozisiýasyny berkitmek isleýändigini ýene-de bir gezek görkezýär. Gruziýada, Ukrainada we Belarusda çetde galan günbatar ýurtlary ýene Russiýanyň güýç boşluklaryny doldurma syýasatyna ýuwdunmak bilen syn edermikäler? Prezident saýlawyny geçirýän ABŞ-da ermeni lobbisiniň täsiriniň nähili boljakdygyny wagt görkezer. Şu mesele äşgär. Liwiýadan Gündogar Ortaýer Deňizine, Siriýadan Kawkaza uzap gidýän geosyýasy boşluk emele geldi. Koronawirusdan son dünýämiz barha 1-nji Jahan urşundan soňky näbellilige we güýç bäsleşigine tarap barýar. ABŞ-nyň bölekleýin çekilmegi we ÝB-niň daşary syýasat kesgitlemekdäki ejizligi Russiýanyň täze güýç boşluklaryny doldurma göçümlerini ýeňilleşdirýär.

Ankaranyň Moskwa bilen ýakynlaşandygyny öňe sürýän günbatar ýurtlary Türkiýäniň Liwiýada, Siriýada we Günorta Kawkazda Russiýany az hem bolsa deňagramlaşdyrandygyny görmeli. Täze dünýäniň geosyýasy hakykatlaryna ideologik taýdan däl, eýsem strategik bähbitleriň rasionallygy bilen garamagyň wagty geldi.



Degişli Habarlar